Umumy dil bilimi


Iwan Aleksandrowiç Boduen de Kurtene (1845–1929)


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet116/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   112   113   114   115   116   117   118   119   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Iwan Aleksandrowiç Boduen de Kurtene (1845–1929) meşhur 
rus we polýak dilçisidir.Ol dil biliminde uly özgerişlik edýär.Alym köp 
ýyllaryň dowamynda hindi-ýewropa dillerini öwrenýär. Öz işlerini diňe 
bir rus hem polýak dillerinde däl, eýsem nemes, fransuz, italýan we 
beýleki dillerde-de ýazýar. Ol ekspedisiýalara gatnaşyp, slawýan dille-
rini öwrenýär, şonuň bilen birlikde olaryň fonetik aýratynlyklaryny bel-
leýär. Şol döwürde diliň öwrenilişiniň bu üýtgeşik usuly köpleri haýran 
galdyrýar, sebäbi dil bilimi otag, kitap ylmy hasaplanylýardy.
Onuň diliň ses ulgamyna degişli işleriniň arasynda fonema we 
fonetik gezekleşme nazaryýeti kemala gelýär. Bu nazaryýet häzirki 
güne çenli öz ylmy gymmatlygyny saklap gelýär.
Brokgauzyň we Efronyň meşhur ensiklopedik sözlüginiň 
1891-nji ýylda çykan tomunda 46 ýaşly Kurtene – «Häzirki zaman 
dilçileriniň iň meşhurlarynyň biri» diýlip baha berilýär. Boduen 
de Kurtene dil biliminiň meşhur Kazan mekdebini esaslandyran 
alymdyr.


182
Žosef Wandriýes (1875–1960) kelt diliniň hünärmeni bolup, 
klassyky we umumy dil bilimi ugrunda önjeýli zähmet çekipdir. 
Lingwistikanyň fransuz sosial mekdebiniň wekili. Möhüm nazary 
işleriniň biri «Dil» bolup, ilkinji neşiri 1921-nji ýyla degişli. Bu eser 
1937-nji ýylda rus diline terjime edilýär.
Leonard Blumfild (1887–1949) meşhur amerikan dilçisi, ameri-
kan lingwistika mekdebini esaslandyranlaryň biri. German dilleriniň 
morfologik gurluşy bilen meşgullanýar. Amerikan indeýleriniň dille-
ri bilen gyzyklanyp, dil biliminiň nazaryýetini işläp düzýär. Leonard 
Blumfildiň esasy işi «Dil» bolup, bu eser 1968-nji ýylda Moskwada 
rus dilinde neşir edildi.
Lew Wladimirowiç Şerba (1880–1944) meşhur rus dilçisidir.
Onuň mugallymy XIX–XX asyryň ajaýyp filology I. A. Boduen de 
Kurtene bolupdyr. L.W.Şerbanyň ylmy gyzyklanmalary dürli tarap-
laýynlygy bilen tapawutlanýar.
Ol janly gepleşik diline uly üns beripdir, ýagny janly dil 
gepleşik görnüşinde ýaşaýar diýen pikiri öňe sürüpdir. L.W. Şerba 
leksikografiýanyň nazaryýeti we tejribesi üçin köp işler edýär.Alymyň 
«Leksikografiýanyň umumy nazaryýetiniň tejribesi» (Опыт общей 
теории лексикографии) atly makalasy dil biliminde meşhurlyga eýe-
dir. Ol bu makalada sözlükleriň dürli görnüşleri hakynda maglumat 
bermek bilen, ensiklopedik we lingwistik sözlükleri anyk bölümlere 
bölýär. L. W. Şerba M. Z. Matusewiç bilen iki dilli terjime sözlüginiň 
täze görnüşini döretdi, olar 1936-njy ýylda «Rusça – fransuzça söz-
lügi» çap etdirdiler. Alym grammatikanyň we leksikologiýanyň na-
zaryýeti babatda köp işleri amala aşyrdy.
Ol diliň ses ulgamyny öwreniji hökmünde Leningrad fonologik 
mekdebini esaslandyrdy. L.W.Şerbanyň fonetika degişli işleriniň iň 
möhümleri hökmünde 1912-nji ýylda çap edilen «Rus çekimlileri hil 
we mukdar gatnaşyklarynda» «Русские гласные в качественном 
и количественном отношении» we 1937-nji ýylda çapdan çykan 
«Fransuz diliniň fonetikasy» «Фонетика французского языка» 
işlerini görkezmek bolar.


183
L. W. Şerba köp ýyllap Leningrad döwlet uniwersitetinde, ömrüniň 
soňky ýyllarynda bolsa, Moskwa döwlet uniwersitetinde işläpdir.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   112   113   114   115   116   117   118   119   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling