178
Kitap türkiçe-arapça sözlük we grammatika görnüşinde iki
bölüme bölünipdir. Abu Haýýan al-Garnatynyň sözlügi türki dilleriň
aýratynlyklaryny deňeşdirmekde-de uly ähmiýete eýedir. Bu ýygyndy
türki dilleri öwrenmekde okuw kitaby bolup hyzmat edipdir, mundan
başga-da ol özünde türkmen hem-de gypjak dilleriniň deňeşdirme
sözlügini, grammatikasyny jemleýän-de bolsa, käbir ýagdaýlarda aw-
tor tatar, bulgar, uýgur we beýleki türki dillerine-de degip geçýär.
Aleksandr Hristoforowiç Wostokow (1781–1864) görnükli dil-
çi alym.A.H.Wostokowa slawýan diliniň taryhy bilen gyzyklanmak
uly üstünlik getirýär. Ol «Slawýan dili barada pikirlenme» (1820 ý)
atly işinde slawýan dillerini deňeşdirýär hem-de olaryň ses taýyndan
meňzeşligini görkezýär. Wostokowyň bu işi gadymy slawýan diliniň
manysyna düşünmekde uly ähmiýete eýe bolýar. A. H. Wostokow
«Rus grammatikasy» (1831 ý.) atly meşhur kitaby ýazýar. Ol bu ki-
tapda rus diliniň grammatiki häsiýetleri barada belläp geçýär. Bu ki-
tap birnäçe gezek çap edilýär. A. H. Wostokow dialektologiýa bilen
hem meşgullanypdyr. 1858-nji ýylda onuň «Gadymy slawýan söz-
lügi» atly kitaby çapdan çykýar.
Do'stlaringiz bilan baham: