Umumy dil bilimi
Hödürlenilýän edebiýatlar
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Dil uniwersaliýalarynyň öwrenilişi
- A. Arnonyň we K. Lanslonyň
- fonetik, grammatik we seman
Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Кодухов В.И. Методы лингвистического анализа. – Л., 1963. 2. Koдухов В.И. Oбщее языкознание. M., 1974. 3. Общее языкознание. Методы лингвистических исследований. Под ред. Б.А. Серебренникова. – М., 1973. Dil uniwersaliýalarynyň öwrenilişi Dürli dillerde dil alamatlarynyň kesişmegi netijesinde ähli ýa-da aglaba diller üçin häsiýetli bolan käbir umumy kanunalaýyklyklaryň bellenilmegi amala aşyrylýar. Bu kanunalaýyklyklara dil uniwersa- liýalary diýilýär.Dil uniwersaliýalarynyň öwrenilişiniň uly taryhy bar. Her bir dile mahsus bolmaly söz toparlary hakyndaky taglymatyň döremegine getiren işjeň grammatikalar bu ugurdaky derňewleriň başlangyjydyr. «Uniwersal grammatika» adalgasynyň özi XIII asyrdan ulanylyp başlanýar. Uniwersaliýalaryň öwrenilmegi grammatika ulgamynda umumy hadysalary tapmak synanşygy bilen baglydyr. Bu adalga A. Arnonyň we K. Lanslonyň «Por-Roýal grammatikasy» ady bilen belli bolan «Uniwersal we rasional grammatikasy» çap bolup çykan- dan soň giňden ýaýraýar. Ol grammatikanyň öňünde ähli diller üçin umumy bolan ýörelgeleri we olarda duş gelýän tapawutlaryň esasy ýörelgelerini kesgitlemek wezipesini goýýar. Bu grammatikanyň aw- torlary tutuş adamzat üçin umumy bolan logikanyň kanunlaryndan ugur alyp, ähli diller üçin grammatiki gurluşyň käbir umumy ýörelgeleriniň bardygyny tassyklaýarlar. Dil uniwersaliýalaryna bolan gyzyklanmanyň gaýtadan döremegi XX asyryň ortalaryna degişlidir. 1961-nji ýylda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde dil uniwersaliýalary boýunça ýörite maslahat geçirilýär, onda bu ugurdaky derňewleriň netijeleri jemlenýär we dil uniwersa- liýalaryny öwrenmek bilen bagly meseleler kesgitlenýär. Dil uniwer- saliýasy ähli dillere ýa-da tutuşlygyna dile mahsus bolan käbir ala- mat, kanun, aýratynlyk, meýil hökmünde kesgitlenýär. Dilçiler dürli dilleriň ulgamlarynyň beýanlaryny deňeşdirip, uniwersaliýalaryň görnüşlerini olaryň logiki düzümi, mazmuny nukdaýnazaryndan ta- pawutlandyrmagy teklip edýärler. 170 Logiki nukdaýnazardan uniwersaliýalary, umuman, ähli dillere degişli bolan dil hakyndaky islendik aňlatma hökmünde, hususan-da «х hemmeler üçin, bu ýerde х – dildir ...» kesgitlemek bolar. Ähli diller üçin haýsy-da bolsa bir alamatyň barlygyny tassyklaýan şeýle uniwersaliýa absolýut ýa-da doly uniwersaliýa diýlip atlandyrylýar. «Ähli dillerde fonemalar bar» ýa-da «ähli dillerde has atlar bar» diýen ýaly aňlatmalar absolýut uniwersaliýalaryň mysallary bolup durýar. Şeýle aňlatmalar az maglumatlydyr, sebäbi, olar hemmä belli haky- katlary nygtaýarlar. Absolýut uniwersaliýalarda kadadan çykmalar ýokdur. Statistik (doly däl) uniwersaliýalar absolýut uniwersaliýalar- dan tapawutlylykda umumy uniwersal kanunlara garşy gelmeýän we ol ýa-da beýleki hadysanyň ýokary statistik ähtimalygyny bozmaýan kadadan çykmalaryň ýekeleýin ýagdaýlaryna ýol berýärler. Mysal üçin, dürli ulgamlaýyn dilleriň 14-si predloglar bilen derňelende genetiwiň elmydama diýen ýaly, eýerdýän adyň yzyndan gelýändigi ýüze çykarylýar. Ýeke-täk kadadan çykma norweg dilidir, onda gene- tiw prepozisiýada durýar. Şeýlelikde, 14 ýagdaýyň 13-sinde umumy düzgüne tabyn bolunýar, diňe 14/1 kadadan çykmadyr. Sada uniwersaliýalar dilde haýsy hem bolsa bir hadysanyň bardygyny ýa-da ýokdugyny tassyklaýar, çylşyrymly uniwersaliýa- lar dürli dilleriň arasyndaky belli bir garaşlygy tassyklaýar. Eger-de dilde söz üýtgemeleri bar bolsa, onda şol dilde hökmany ýagdaýda söz ýasalşynyň bolmalydygyny tassyklamak sada uniwersaliýadyr we şeýle uniwersaliýalaryň mukdary köpdür. Fonemalaryň az mukdarynyň we olaryň morfemadaky muk- darynyň köplüginiň arasyndaky garşylyklaýyn proporsional garaş- lylyk gatnaşygy çylşyrymly uniwersaliýalaryň beýany bolup biler. Gawaý diliniň fonologik ulgamy 13 fonemadan ybarat bolup durýar, bu dildäki morfemalar adatça iki bogundan (ýagny, dört fonemadan) düzülýär. Emma bu dilde üç we ondan hem köp bogundan (ýagny alty fonemadan) ybarat bolan morfemalaryň köplügi ýüze çykarylýar. Ýokarda görkezilen uniwersaliýalara sinhron nukdaýnazardan seredildi. Emma taryhy ösüşiniň dowamynda diller özgerýär we dil özgerişlikleri ählumumy aýratynlyk bolup durýar. Görkezilişi ýaly, leksika-statistik usul sözlük üçin häsiýetli bolan hemişe özgeriş tizli- gini kesgitleýär. Amerikaly dilçi M. Swodeş eger-de bu tizlik hakyky 171 uniwersaliýa bolmasa, onda azyndan garyndaş dilleriň käbir toparynyň çäklerinde hemişelik bolup durýar diýen pikiri beýan edýär. Şonuň üçin sinhron uniwersaliýalar bilen bir hatarda olaryň he- reket ediş çäkleri nukdaýnazaryndan diahroniki uniwersaliýalar ta- pawutlandyrylýar. Bogun emele getiriji burun fonemalarynyň hemişe çekimliniň ýitip gitmeginiň netijesi bolup durýandygy hakyndaky tas- syklama diahroniki uniwersaliýa mysal bolup biler. Hakyky lingwistik nukdaýnazardan uniwersaliýalar olaryň degişli bolan dil derejesiniň esasynda bölünýär. Şeýle çemeleşmede uniwersaliýalaryň esasy üç görnüşini: fonetik, grammatik we seman- Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling