Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- A.Şleýher, G.Şteýntal
- Meşanikowyň, Milewskiniň, Bazeliň
Parellel derňeme usulyýeti deňeşdirilýän dilleriň faktlarynyň
we hadysalaryň her bir dilde beýan ediş usulynyň tärleriniň hem usulyýetiniň kömegi bilen öwrenilýändiginden, alnan netijeleriň bol- sa degşirilýändiginden ybaratdyr. Dilleriň degşirilip öwrenilmegi dil tipologiýalarynyň we ling- wistik uniwersaliýalaryň meselesi bilen baglydyr. Dil tipologiýasy degşirme usulyýetiniň kömegi bilen öwrenilýär. Onuň özboluşlylygy dil materialyny ählumumy gurşap almakdan we toparlaýyş täriniň giňden ulanylmagyndan ybaratdyr. Dilleriň tipologik toparlara bölünişi toplumlaýyn we çylşy- rymlydyr, olar aýratyn dillerde, dil toparlarynda dürli derejede amal edilýän birnäçe alamatlaryň esasynda düzülýär. Dil biliminde esasy alamat, morfologik we sintaktik alamatlar boýunça toparlara bölmek giňden ýaýrandyr. Morfologik topar sözüň gurluşyny, morfemalaryň häsiýetini we olaryň söz ýasalyşda birleşmek ukybynyň hasaba alynmagyna esas- lanýar. Oňa meşhur dilçiler A.Şleýher, G.Şteýntal, aýratyn-da E.Sepir tarapyndan kämilleşdirilen Şlegeliň-Gumboldtyň bölüşi degişlidir. E. Sepir esasy alamat hökmünde sözlerde morfemalaryň birleşiş usulyny saklap galyp, köküň, affiksleriň birleşiş tehnikasyny we sintetiziniň derejesini (akaletizm, sintetizm, polisintetizm) hasaba alyp olaryň üstüni ýene-de iki sany alamat bilen ýetirýär. Birtopar dilçileriň (Meşanikowyň, Milewskiniň, Bazeliň) sintaktik topara bölüşi pre- dikatiw we atributiw ýaly umumy dil semantik gatnaşyklaryň ýüze çykyşy nukdaýnazaryndan garalýan sözlemiň gurluşyna esaslanýar, bu gatnaşyklaryň ýüze çykarylyş usuly boýunça morfologik görnüşler tapawutlandyrylýar (amorf, sintaksis-morfologik we ş.m.). Tipologik usulyýetiň ulanylmagynyň maksady diliň düzüminiň diňe bir umumy ählumumy taraplaryny ýüze çykarmak bolman, eý- sem, onuň garaşylýan wariantlaşmasyny we aýratyn dilleriň düzüm aýratynlygyny – tipologik häsiýetnamasyny ýüze çykarmak bolup durýar. Tipologik häsiýetnama usuly her bir täze (öwrenilýän) diliň esasy we goşmaça alamatlarynyň ýygyndysy bolan ol ýa-da beýle- ki görnüşine degişlidiginden ybaratdyr. Öwrenilýän diliň tipiki we tipiki däl alamatlaryny, onuň tipologik bölünişindäki orny hem-de özboluşlylygy kesgitlenýär. Tipologik häsiýetler köp derejeli bol- 168 ýar hem-de deduktiw we induktiw usulyýetleriň, şol sanda mukdar usulyýetiniň birleşmegine ýol berýär. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling