Umumy dil bilimi


ki toparlaryň tärinden, lingwistik geografiýa


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet102/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   98   99   100   101   102   103   104   105   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

ki toparlaryň tärinden, lingwistik geografiýa we kadalaýyn-stil 
häsiýetnamalarynyň tärinden ybaratdyr.
«Sözleriň we zatlaryň» täri häzirki zaman diliniň leksikasy 
öwrenilende we beýan edilende, şol sanda etnografik barlaglarda we 
düşündirişli sözlüklerde ulanylýar. Bu tär sözüň manysy, sözüň at-
landyrýan we aňladýan realemasy (zat we düşünje) bilen ysnyşykly 
baglanyşykda öwrenilýändiginden ybaratdyr. Sözüň manysy reale-
malary beýan etmek arkaly açylýar, olaryň aýratynlyklary şol sözüň 
ulanylyşynyň mysallarynda ýüze çykýar we suratlandyrylýar.
W. I. Dal özüniň «Düşündirişli sözlüginde» «изба» sözüniň 
manysyny beýan edýär we «сборная изба», «чёрная изба», «белая 
изба», «красная изба» atlaryny mysal getirip, şeýle düşündirýär: 
«изба» çapylan agaçdan, pürsden gurlan bolýar, ol adatçaю dört di-
warly, eger-de çapylan diwar bilen arasy ýapylan bolsa, onda bäş di-
warly bolýar we ş.m.
Tematiki toparlaryň täri haýsy-da bolsa bir predmet tematiki 
degişliligiň esasynda, ýörite barlaga sezewar edilýän sözleriň toparyny 
saýlap almakdan ybarat bolýar. Tematiki toparlaryň täriniň kömegi bi-
len, ilkinji nobatda, substantiw leksika (ýaşalgalaryň we gurluşlaryň, 
ilatly nokatlaryň we suw desgalarynyň atlary, ol ýa-da beýleki territo-
riýany ýa-da ýurdy häsiýetlendirýän ekzotizmler we ş.m.) öwrenilýär.
Sözlük düzüminiň ulgamynda lingwistik geografiýa täri aýratyn 
sözleriň ýa-da olaryň toparlarynyň territorial ýaýraýşyny öwrenmek-
den, şiwe ýa-da dil zolaklaryny ýüze çykarmakdan ybarat bolup durýar. 
Sözleriň ýaýrawy we olaryň ýaýran areallary leksikografik beýan edişiň 
we sözlük kartalaryny düzmegiň kömegi bilen ýüze çykarylýar.


159
Kadalaýyn-stil häsiýetlendirmäniň täri düşündirişli sözlükler 
düzülende we aýratyn çeper eseriň ýa-da awtoryň sözlügi stil taýdan 
häsiýetlendirilende ulanylýar. Kadalaýyn-stil häsiýetlendirmäniň täri 
stilistik belgileriň ulgamyna esaslanýar, olaryň aýratyn we utgaşykly 
ulanylmagy tutuşlygyna söze hem-de onuň aýry-aýry manylaryna ýe-
terlik derejede takyk stilistik kesgitlemäni bermäge mümkinçilik dö-
redýär.
Tekstde dil birlikleri biri-birine ýakynlykda durýar, aňryçäk
birlikler diliň has çylşyrymly birlikleriniň düzüminde biri-biri bilen 
birleşýär. Dil birlikleriniň sintagmatikasy we duş gelşi sintagmalaryň 
utgaşyklygyny öwrenmegiň dürli tärlerini döredip, ýörite derňewiň 
predmeti bolup biler. Utgaşyklygy öwrenmegiň tärleriniň arasynda 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   98   99   100   101   102   103   104   105   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling