Umumy dil bilimi


Hödürlenilýän edebiýatlar


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet99/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   95   96   97   98   99   100   101   102   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Баранникова Л. И.  Введение в языкознание. Саратов, 1973.
2. Березин Ф. М.  Общее языкознание. М., 1979.
3. Хроленко А.Т., Бондалетов В.Д. Теория языка. М., 2006.
Beýan ediş usuly
Ylmy derňewiň islendik usulyýetinde obýektden onuň ýörite 
barlagyň predmetine öwrülýän taraplaryny, böleklerini we birlikle-
rini tapawutlandyrmak göz öňünde tutulýar, şonuň üsti bilen bolsa, 
öwrenilýän obýektiň dürli aýratynlyklaryna akyl ýetirilýär. Diýmek, 
beýan ediş arkaly öwrenmek usulyýeti, bir tarapdan, dili düzümleýin 
we durmuşy bitewilik hökmünde görkezmelidir, beýleki tarapdan 
bolsa, ýörite barlagyň predmeti bolup durýan hadysalary we birlikle-
ri olary gepleşik dilinden, tekstden bölüp alyp hem-de şeýle etmek 
bilen, beýleki taraplaryndan aýrybaşgalaşdyryp, anyk kesgitleme-
gi ýatdan çykarmaly däldir. Beýan ediş usuly diýlip, diliň ösüşiniň 
şol tapgyrynda diliň hadysalaryny häsiýetlendirmek üçin ulanylýan 
barlag tärleriniň ulgamyny atlandyrýarlar.Beýan ediş usulynyň birin-
ji tapgyrynda tekstden sözler we sözlemler, ýagny diliň nominatiw 
(at beriş) we kommunikatiw (aragatnaşyk) birlikleri bölünip alynýar.
Sözler diýlip, yşgalaňdan yşgalaňa çenli tekstiň bölekleri (segmentle-
ri), sözlemler diýlip – tekstiň nokatdan nokada çenli bölekleri ykrar 
edilýär (başga tapawutlandyryjy dyngy belgiler – sorag we ýüzlenme 
belgisi, köp nokat, gyzyl abzas bolup biler).
Beýan ediş usulynyň ikinji tapgyry tekstden bölünip alnan bir-
likleri böleklere bölmekden, ýagny, düzümleýin birlikleri tapmak-
dan ybaratdyr. Ilkibaşky segmentleşdirişiň birlikleriň iki görnüşini 


156
berýändigi, ikinji (ýa-da düzümleýin) segmentleşdirişe iki ýol bilen 
barylýandygy üçin morfema we söz şekili, söz düzümleri hem sözlem 
agzalary bölünýär.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   95   96   97   98   99   100   101   102   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling