Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet95/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

D.Dringer) bu ýazuwyň bir ýurtda, bir halk tarapyndan döredilen-
digini belleýärler. Munda, esasan, ideografik ýazuwyň müsür ýa-
zuwyndan ýa-da şumer ýazuwyndan dörändigi göz öňünde tu-
tulýar. W.Istrin ideografik ýazuwyň döremeginde müsür, hytaý, 
şumer ýazuwlarynyň her biriniň goşandynyň bardygyny belleýär.
Gadymy döwürlerde ideografik ýazuw ulgamyndan Müsür-
de, Şumerde, Hytaýda, Meksikada we käbir beýleki sebitlerde peý-
dalanypdyrlar. Iň gadymy ideografik ýazuwlaryň biri müsür ýa-
zuwydyr. Bu ýazuw b.e.öň Afrikada ýaşan halklaryň arasynda giňden 
ýaýrapdyr. Müsür ýazuwy piktografiýanyň esasynda döräpdir. Şoňa 
görä-de, ýazuwyň esasy bölegini şekiller-suratlar düzüpdir we bu su-
ratlar zatlaryň, hereketleriň aňladylmagyna hyzmat edipdir.
Öz görnüşi we häsiýeti boýunça hytaý ýazuwy hem ideogra-
fik ýazuwlaryň iň kyn görnüşlerine degişlidir. Hytaý ýazuwyna 
düşünilmeginiň kynlygy onuň iýeroglifleriniň mukdarynyň örän köp-
dügi we olaryň ýazylyşynyň çylşyrymlydygy bilen düşündirilýär. Hy-
taý ýazuwy b.e.öň ýüze çykypdyr. Ol ýazuwyň dörän anyk taryhy en-
tek ylym tarapyndan doly kesgitlenilenok. Arheologlaryň tapan ýüzi 
hatly süňkleri, pyşbaga çanaklary bu hatyň biziň eýýamymyzdan XV 
asyr öň hem ulanylandygyna şaýatlyk edýär.
Hytaý ýazuwynda ýüzlerçe iýeroglifiň ulanylmagy onuň ýa-
zuwyny kynlaşdyrýar. Mundan başga-da, iýeroglifleriň ýazuw düzgü-
ni hem çylşyrymlydyr. Meselem, «adam» sözüni aňladýan iýeroglifiň 
ýeke özi ýazylanda – «adam» diýen manyny, iki gezek ýazylanda 
«ýola salmak», «yzyna düşmek» manylaryny berýär. Häzir dünýä 
halklarynyň birnäçesi ideografik ýazuwdan peýdalanýar.
Sillabografik ýazuw. Bogunlaryň şertli belgiler arkaly görkezil-
ýän ýazuwyna sillabografik (grekçe sullabe – bogun, basym, grap-
ho – çekmek, ýazmak) ýa-da bogun ýazuwy diýilýär. Bu ýaz uw 
ulgamynyň talabyna laýyklykda dilde näçe bogun bolsa, şonça-da 
sillabogramma bolýar.


151
Sillabografik ýazuw ondan öňki ýazuwlarda hem ulanylypdyr. 
Ol ýazuwlarda ideogrammalar bilen bilelikde sillabogrammalar hem 
duş gelýär.
Gadymy bogun belgileri şumer ýazuwynda emele gelipdir. Be-
rilýän maglumatlara görä, şumerleriň ilki ýazuwy piktografik ýa-
zuw bolsa-da, onuň belgileriniň arasynda bogun bellikleri-de duşýar. 
Şumer ýazuwy özüniň belgileri boýunça beýleki ýazuwlardan ta-
pawutlanýar. Onuň belgileri myha meňzeşdir. Şonuň üçin-de, ol ýa-
zuw belgileriniň görnüşine laýyklykda arapça – «mismary», parsça 
«myhy», türkmençe – «myh ýazuwy» atlandyrylýar.
Taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, soňlugy bilen minoý, hindi 
we beýleki dilleriň bogun ýazuwyndaky hatlary emele gelipdir. Bo-
gun ýazuwyny ulanýan dilleriň biri-de ýapon dilidir. Ýöne, ýapon ýa-
zuwynda diňe bogun ýazuwy däl, eýsem, iýeroglifler-de ulanylýar, 
diýmek, ol garyşyk hatdyr. Häzirki zaman ýapon ýazuwynyň kata-

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling