Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet92/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   88   89   90   91   92   93   94   95   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

ji duýduryş ulgamy akyl ýetirişe diňe yşarat edýär, haçan-da daşky 
dünýäniň predmetleri, hadysalary duýgy agzalarymyza galtaşanda, 
bizde belli bir derejede duýgy (görüş, eşidiş, tagam we ş.m) döredýär, 
bu duýduryş ulgamy haýwanlara hem mahsusdyr. Ikinji duýduryş 
ulgamy akyl ýetirişiň ikinji basgançagyna degişlidir, ol düşünjeleriň, 
pikirlenmäniň, netije çykarmanyň emele gelmeginde uly ahmiýe-
te eýedir. Şeýlelikde, ikinji duýduryş ulgamy dil aragatnaşygynyň 
esasynda ýatýar. Ikinji duýduryş ulgamy diňe adama mahsusdyr. Ol 
janly synlaýyşdan hyýaly pikirlenmä geçmegi, öz beýan etmelerini 
söz arkaly aňladýan düşünjeleriň, pikirleriň, netijeleriň emele gelme-
gini üpjün edýär. Söz diňe bir takyk predmetiň däl, eýsem, birmeňzeş 
predmetleriň tutuş toplumynyň bellenilmegine mümkinçilik bermek bi-
len çäklenmän, ol predmetleri toparlary, hyzmatlary ýa-da umumy ala-
matlary babatdan birleşdirýär. Bu bolsa,adamda daşky dünýäniň zatlary 
we hadysalary hakynda düşünjäniň kemala gelmegine ýardam edýär.
Sorag we ýumuşlar:
1. Diliň we pikirlenmäniň özboluşly gatnaşygyny düşündiriň.
2. Pikirlenmäniň we akyl ýetirişiň baglanyşygy nämeden ybarat?
3. Iki duýduryş ulgamynyň diliň we pikirlenmäniň gatnaşygyny üpjün 
etmekdäki ähmiýetini düşündiriň.
Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Annanurow A. Dil biliminiň esaslary. I bölek. Aşgabat, 1971.
2. Bagyýew H. Dil bilimine giriş. Aşgabat, 1992.
3. Koдухов В.И. Oбщее языкознание. M., 1974.
Dil we ýazuw
Umumy dil bilimi ýazuwyň emele gelmegi we ösmegi bilen hem 
meşgul bolýar. Ýazuw, onuň dile bolan gatnaşygy, olaryň arasyndaky 
baglanyşyk dil biliminiň esasy meseleleriniň biridir. Gadymy ata-
-babalarymyzyň bize goýup giden iň gymmatly mirasy bolan ýazuw 
häzirki günlerimize gelip ýetýänçä köpsanly kynçylyklary başdan ge-
çirip kämilleşipdir.
10. Sargyt № 89


146
Ýazuwyň ýüze çykyşy we ýaýraýşy baradaky mesele ilki bilen 
dünýä medeniýetiniň taryhy üçin örän peýdalydyr. Şoňa görä-de, 
ýazuwyň taryhyny öwrenmek köp ýýllardan bäri alymlaryň üns mer-
kezinde durýar. Bu mesele bilen diňe bir dilçiler däl, eýsem, arheolog-
lar, taryhçylar hem gyzyklanýarlar.
Amala aşyrylan ylmy barlaglaryň netijesinde ýazuwyň taryhyna 
– paleografiýa (grek dilindäki palaios – gadymy, grapho – ýazýaryn 
sözlerinden emele gelen) bagyşlanylan köp sanly ylmy işler ýazyldy. 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   88   89   90   91   92   93   94   95   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling