Umumy dil bilimi


Hödürlenilýän edebiýatlar


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet89/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   85   86   87   88   89   90   91   92   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Ахманова О. С. Словарь лингвистических терминов. М., 1966.
2. Баранникова Л. И. Введение в языкознание. Саратов, 1973.
3. Березин Ф. М. История лингвистических учений. М., 1975.
4. Вендина Т.И. Введение в языкознание. М., 2008.
Dil we medeniýet
«Dil we medeniýet» meselesi köptaraplydyr. Oňa medeniýetiň 
taryhyny öwreniji, dilçi, filosof, psiholog, etnograf we edebiýaty 
öwreniji dürli nukdaýnazardan çemeleşýär. Ýöne medeniýete dil bi-
limi tarapyndan çemeleşiş ikitaraplaýyn bolandygy üçin, dil we me-
deniýet özara baglanyşygy saklaýar. Bir tarapdan medeniýetde bo-
lup geçýän özgerişlikler dile täsir edýär, beýleki tarapdan bolsa dil 
medeniýete täsir edýär. Ýöne, ilkinji nobatda «dil» we «medeniýet» 
düşünjeleriniň gatnaşygy hakyndaky mesele berk kanuny esaslara 
daýanýar.
Latyn dilindäki cultura (colo- gaýtadan işlemek, bejermek, 
ýeri işläp bejermek) ýabany ösümliklerden tapawutlylykda, adamyň 
zähmeti bilen ösdürip ýetişdirmegi aňladýar. Medeniýet adamlaryň 
işjeňliginiň netijesi däl-de, sosial (durmuşy) önümdir. Dil bol-
sa medeniýetiň hem-de tebigatyň önümi hökmünde çykyş edýär. 
Beýleki bir tarapdan dil adamzatyň durmuşy taryhynyň ýeten beýik 
üstünligidir, ol medeniýetiň bir bölegi we onuň guraly bolup çykyş 
edýär. Ýöne, beýleki tarapdan, bar bolan dil gurluşlarynyň häsiýet-
lerinde, diliň materiýasynyň özünde adamyň biologik tebigaty 
şöhlelenýär. Bu ýerde gepleýiş işiniň fiziologik we psihofiziologik 
mümkinçilikleriniň köpüsi kesgitlenilendir. Dünýä dilleriniň ähli-
sinde çekimli we çekimsiz sesleriň bolmagy çekimlileri hem-de çe-
kimsizleri gezekleşdirmek arkaly ses zynjyrynyň emele getirilmegi 
medeniýet arkaly şertlendirilen däldir, ol tebigatyň işidir. Adam diňe 
çekimlilerden ýa-da diňe çekimsizlerden ybarat bolan gepleýşi amala 
aşyrmaga, şeýle-de kabul etmäge ukyply däldir. Adamyň belliklere 
ygtyýar etmek işiniň psihofiziologik mümkinçilikleri diliň derejeleýin 
gurluşynda şertlendirilendir. Häzir diliň käbir derejeleriniň mukdar 


139
çäkleri kesgitlenildi, meselem, fonologik ulgamyň möçberi dürli dil-
lerde 10-dan 100 birlige çenli aralykda üýtgeýär, sözleriň möçberi 
dile laýyklykda 5-10 müňden ýarym milliona çenli aralykdadyr. Tebi-
gat şunuň ýaly görnüşde diliň belli bir çäkleriniň gurluşyny, kanuna-
laýyklyklaryny kesgitleýär.
Medeniýet bellikler ulgamynyň mazmun planyny belleýär. Şuňa 
laýyklykda her bir medeniýetde millilik we halkara täsirler, her bir diliň 
semantikasynda umumadamzat medeniýetiniň umumylyklary, şeýle-
de anyk alnan halkyň özboluşly medeniýetiniň şöhlelenmeleri bolýar. 
Medeniýetiň dile täsiriniň häsiýetleri we görnüşleri özboluşly mede-
niýet bilen şertlendirilen dilleriň başga diller bilen deňeşdirilmesinde 
aýdyň görünýär.
Şeýle görnüşdäki tapawutlar daşky hakykat bilen gönüden-göni 
baglanyşykly nominatiw dil serişdelerinde, frazeologiýada, leksika-
da aýdyň görünýär. Islendik dilde we şiwede bir söz bilen beýleki 
dile terjime edip bolmaýan sözler bardyr. Bular ekwiwalentsiz sözler 
diýlip atlandyrylýar. Ekwiwalentsiz sözler, esasan, ýerli medeniýetiň 
özboluşly hadysalary bellenilende döreýär. Eger ekwiwalentsiz söz-
ler başga bir dile geçen ýagdaýynda, olar ekzotik sözler diýlip at-
landyrylýar (bu hakynda «Dil täsirleri» atly temamyzda durup geçip-
dik). Ekzotizmler we etnografizmler diňe bir ýat, alynma medeniýeti 
düşündirmek, açyp görkezmek bilen çäklenmän, şol medeniýetiň 
simwoly (nyşany) bolýar. Meselem, eskwaýr, spiker, kriket, şilling 
Angliýany, gyşlak, aryk, daýhan, manat Gündogary, Orta Aziýa me-
deniýetini, sakura, ikebana, sake milli ýapon medeniýetini, baz, ku-
ren, maýdan, priwda don kazaklaryny janlandyrýar.
Medeniýetiň dile täsiri edebi dilleriň tipologik aýratynlyklarynda 
aýdyň ýüze çykýar. Edebi dil bilen edebi dil derejesine ýetmedik diliň 
gatnaşygy, dil serişdeleriniň funksional differensiasiýasy (hyzmatyň 
aýrabaşgalaşmagy) jemgyýetiň medeni taryhynyň barşynda, 
ýazuwyň, edebiýatyň, döwletiň, mekdebiň, dünýägaraýşyň taryhynda 
kesgitlenýär. Halkyň medeniýetiniň onuň edebi diliniň kada-stilistik 
ulgamynyň tipologik aýratynlygyna täsir etmegi medeniýetiň sözlüge 
täsirine garanyňda has çuň häsiýte eýedir. Eger sözlük medeniýetiň 
aýnasy bolsa, kada-stilistik ulgam onuň rentgen arkaly düşürilen su-
ratydyr. Leksikanyň arkasynda zatlaryň we hadysalaryň dünýäsi dur, 


140
sözler zatlar hem-de hadysalar bilen bagly, olar jemgyýetiň medeni 
şekiliniň ýüzleý söhlelendirilmesidir. Stilistika medeniýetiň gurluş 
aýratynlyklarynyň dil arkaly suratlandyrylmagydyr.
Medeniýetiň dile täsir etmegi dürli medeniýetlerde gepleýşiň 
dowamyndaky özboluşlylygy ýüze çykarýar. Bu leksikanyň we 
grammatikanyň käbir aýratynlyklarynda, şeýle-de diliň kada-stilistik 
düzgünlerinde göze ilýär. Her bir medeniýetde adamyň özüni alyp 
barşy ýüze çykýan ýagdaýa baglylykda sazlaşdyrylýar. Durmuşyň 
dürli ýagdaýlaryna laýyk gelýän gepleýiş, dil serişdeleriniň toplumy 
döredilýär. Gepleýşiň tutuş mazmuny, gepleýiş tertibi jemgyýetiň 
medeni däplerine görä kesgitlenýär. Dürli halklarda, şol bir ýag-
daýlarda (meselem, är-aýalyň, ogul bilen kakanyň, mugallym bilen 
okuwçynyň, myhman bilen öý eýesiniň, başlyk bilen işgäriniň we 
ş.m) gepleýşiň stilistik aýratynlygy ýüze çykýar. Bir medeniýetde 
çagalary bilen ene-atasynyň gepleşigi düýpli stilistik tapawuda eýe-
dir (hormat goýmagyň ýörite görnüşleri, tabynlygyň, sadyklygyň 
bildirilmegi, ene-ata «siz» diýlip ýüzlenilmegi we ş.m.), beýleki bir 
halkda bolsa bu gepleşik doly derejede «deňhukuklyk» ýörelgelerine 
esaslanýar. Gündogar halklarynyň milli medenýetlerinde aýalynyň 
adamysyna ýüzlenilmegi kiçiniň ula ýüzlenmegi ýaly hormata eýe-
dir. Seýlelikde, medeniýetiň dile täsiri, birinjiden, diliň sözleriniň 
milli-medeni özboluşlylygynda, ikinjiden, diliň kada-stilistik 
aýratynlygynda, üçünjiden gepleýşiň özboluşlylygynda hem-de onuň 
bilen baglanyşykly leksik, grammatik hadysalarda ýüze çykýar.
Diliň we medeniýetiň baglanyşygy has giň hem-de dürli ýag-
daýlary öz içine alýar. Halkyň medeniýetiniň dil kadalarynyň ösüşine 
täsir edýän möhüm pursatlary jemgyýetçilik işgärleriniň, alymlaryň, 
ýazyjylaryň işlerinde şöhlelenýär. Täze edebi dilleriň ösüşi häzire 
çenli kada grammatikalarynyň, sözlükleriň, dürs ýazuw düzgünleriniň 
düzülmegini talap edýär, medeni aň-bilim işleri sözleýiş medeniýe-
tini, edebi kadalaryň ýaýramagyny, tassyklanmagyny zerur düzüm 
hökmünde özüne birikdirýär. Edebi kadalaryň döremeginde hem-de 
ösmeginde sungat işgärlerine we ýazyjylara ägirt uly rol degişlidir. 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   85   86   87   88   89   90   91   92   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling