Dante, Petrarka, Bokkaço italýança ýazmagyň mümkindigini subut
etdiler, «Ylahy komediýasy» eseriniň ýazary Dante italýan edebi
diliniň düýbüni tutujy hasaplanylýar. Nemes edebi diliniň taryhynda
141
Martin Lýuteriň, täze gruzin dilinde Şota Rustaweliniň, tatar di-
linde Abdylla Tokaýyň, rus edebi dilinde A. S. Puşkiniň, türkmen
dilinde Magtymgulynyň beýik hyzmaty bardyr.
Biz edebi diliň taryhynda aýratyn şahsyýetleriň ähmiýetini belle-
mek bilen, şol bir wagtda diliň häzirki zaman kadalarynyň jemgyýetiň
ähli medeni gatlaklarynyň dürli görnüşli işleriniň netijesinde topla-
nandygyny göz öňünde tutmalydyrys.
Diliň esasy birlikleriniň biri bolan söz, köpleriň pikir edişi ýaly,
diňe bir maglumatlary geçirmek üçin döredilen gurluş däldir, ol pikiriň
guraly, medeniýetiň saklaýjysydyr. Medeni pikirleri özünde saklamak
ukyby janly diliň özboluşly aýratynlygydyr. Diliň we medeniýetiň
gatnasygy dil biliminiň täze dörän şahalarynyň biridir. XX asyryň
ahyrynda «Dil we medeniýet» meselesi ylmy barlaglaryň üns merke-
zine öwrüldi hem-de dil hakyndaky ylmyň ösmeginde esasy ugurlaryň
biri hökmünde çykyş edýär. Häzirki zaman dil biliminiň bütewi an-
tropologik ugra eýe bolmagy kognitiw we medeni aýratynlyklary
ýüze çykarýar. Eger öň diliň we medeniýetiň baglanyşygy möhüm,
ýöne ikinji derejeli zat görnüşinde öwrenilýän bolsa, häzir ýörite ugur
hökmünde öwrenilýär. .
Soraglar we ýumuş:
1. Diliň we medeniýetiň özara gatnaşygynyň aýratynlyklary nämeden
ybarat ?
2. Aýratyn alnan halklaryň medeniýetiniň diliň kada-stilistik düzgünlerine
nähili täsiri bar?
3. Edebi kadalaryň döremeginde sungat işgärleriniň we ýazyjylaryň
hyzmatyny düşündiriň.
Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Annanurow A. Dil biliminiň esaslary. I bölek. Aşgabat, 1971.
2. Общее языкознание. Минск, 1983.
3. Koдухов В.И. Oбщее языкознание. M., 1974.
142
Do'stlaringiz bilan baham: |