Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet98/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   94   95   96   97   98   99   100   101   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Sanskrit
 
 
Latyn
Gadymy rus
Bhratar (брат) (dogan)
Frater
брат
Bharami (беру) (alýaryn) 
Fero
беру
Bhara (битва) (söweş)
Ferio
борьба
Bu mysallaryň esasynda şeýle netije çykarmak bolýar, hindi-
-ýewropa dilleriniň ählisi üçin umumy bolan sözleriň derňewinden 
görnüşi ýaly, kök dilde – sanskrit dilinde sözüň başynda gelýän «bh» 
hökmany latyn dilindäki «f» sesine, rus dilindäki «b» sesine gabat 
gelýär.
Şunuň ýaly mysallary türki dilleri babatda hem getirmek müm-
kin:
Türkmençe Azerbaýjança Türkçe Gazakça Özbekçe
garyn 
garyn 
garyn 
karyn 
korin
ganat 
ganad 
kanat 
kanat 
konot 
boýun 
boýun 
boýun 
moýun 
buýin
sekiz 
säkkiz 
sekiz 
segiz 
sakkiz
men 
män 
ben 
men 
men
(Ý.Çöňňäýew, Häzirki zaman türkmen dili (leksika), Aşgabat 
1988, 55 sah.).
Mysal getirilen sözlerde «k», «g», «b», «m» çekimsiz sesleriniň, 
«a», «o» çekimli sesleriniň biri-biriniň ornuna gelmek ýagdaýy türki 
dilleri üçin mahsusdyr.
Deňeşdirilýän dillerdäki ses barabarlyklarynyň yzygiderli ga-
bat gelmegi dilleriň garyndaşlygynyň esasy görkezijisi bolup hyzmat 
edýär, bu ýerde sesleriň tötänleýin gabat gelmegi hasaba alynmaly 
däldir.
Latyn dilindäki «sapo» (sabyn) we mordwa dilindäki «sapon» 
sözlerindäki gabat gelmeler tötänleýin gabat gelmedir, bu ol dilleriň 
garyndaşlygyna şaýatlyk etmeýär. Dilleriň garyndaşlygyny subut 
etmekde deňeşdirme-taryhy usulyny ulanyp ýörmek mydama zerur 
bolmaýar. Dilleriň garyndaşlyk ýagdaýy, köplenç babatda, ýazuw 
ýadygärliklerinde oňat görünýär.


155
Soraglar we ýumuş:
1. Deňeşdirme-taryhy usulynyň ähmiýetini düşündiriň.
2. Dilleriň garyndaşlygy kesgitlenilende deňeşdirmek üçin sözleriň 
haýsy toparlary saýlanylyp alynýar?
3. Deňeşdirme-taryhy usuly peýdalanmazdan dilleriň garyndaşlygyny 
kesgitläp bolarmy?

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   94   95   96   97   98   99   100   101   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling