Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Kategorial seljermede
Ikinji segmentleşdiriş usulyýeti örän dürli we köp babatda
düzümleýin birlige düşüniliş derejesine bagly bolýar. Beýan ediş seljermesiniň üçünji tapgyry bölünip alnan nominatiw-kommunika- tiw we düzümleýin birlikleriň manysyny çykarmak bilen baglydyr. Düzümleýin many çykarmak kategorial we diskret seljermesiniň usulyýetiniň kömegi bilen amala aşyrylýar. Kategorial seljermede bölünen birlikler toparlara bölünýär, bu toparlaryň düzümi derňelýär we her bir birlige ol ýa-da beýle- ki kategoriýanyň bölegi hökmünde garalýar. Kategorial seljerme usulyýetiniň dürli tärleri bar, olaryň içinde has giňden ýaýranlary toparlaýyş, paradigma we transformasiýa tärleridir. Diskret (arasy üzülýän) seljermesiniň usulyýeti arkaly düzümleýin birlikde iň kiçi, mundan beýläk bölünmeýän aňryçäk tassyklamalar (ykrar etmeler) tapawutlandyrylýar, olar öz-özlüginde derňelýär,düzümi, paýlanylyşy we manysy öwrenilýär, şonuň üçin diliň bu birligine alamatlaryň- -şekilleriň kesişmegi hökmünde garalýar. Birlikleriň alamatlary we olaryň kategoriýalary dile mah- sus bolýar hem-de lingwistikada dil hakyndaky ylym hökmünde şöhlelendirilýär. Nominatiw-kommunikatiw we düzümleýin birlikler derňewiň predmeti bolup durýar, olar dil birliklerine akyl ýetirmegiň guraly hökmünde ulanylýar. Dil birlikleriniň we derňewiň özara gatnaşygy iki hili bolýar. Bir tarapdan, derňewiň birlikleri hökmünde diliň hakyky (real) birlikleri (morfema – sözüň derňewiniň birligi, söz şekili – sözlemiň derňewiniň birligi bolup biler we ş.m.) çykyş edip bilýär, beýleki tarapdan, derňewiň birlikleri hökmünde öz-özlüginde diliň birligini, onuň kategoriýalaryny emele getirmeýän elementler, gatnaşyklar çykyş edýär. Haçan-da, derňewiň birlikleri hökmün- de hakyky birlikler çykyş edende, olaryň diliň birliklerine bolan gatnaşygy öz nobatynda iki hili bolýar: a) derňewiň birligi diliň we gepleýşiň birliginden kiçi bolýar; b) derňewiň birligi diliň we gepleýşiň birliginden uly bolýar. Özara gatnaşygyň bu görnüşlerine lingwistik derňewiň we diliň beýan edişiniň iki dürli usulyýeti: komponentleýin we kontekst |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling