Umumy dil bilimi


pozision we distributiw tärleri


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet103/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   99   100   101   102   103   104   105   106   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

pozision we distributiw tärleri tapawutlandyrylýar.
Pozision tärler dil birlikleriniň pozision düzüminiň ykrar edil-
megine esaslanýar, distributiw tärleriň (we distributiw usulyýetiň) 
kömegi bilen dil birlikleriniň gurşawy, olaryň konteksti öwrenilýär. 
Distributiw usulyýet öz içine: walentlilik, gurşaw we distributiw 
formula ýaly dürli tärleri alýar.
Walentlilik derňew formal we semantik bolup biler, mysal üçin, 
işlik eýermesinde işligiň walentliligi şol bir wagtda formal semantik 
bolup bilýär. Walentlilik agalyk ediji formany häsiýetlendirýär, şol bir 
wagtyň özünde ol garaşly komponentiň şekiline we semantikasyna 
bagly bolýar.
Gurşaw täri birligiň gurşawynyň (kontekstleriniň) görnüşlerine 
distribusiýanyň üsti bilen derňelýän birligiň häsiýetnamalary hökmün-
de garalmagyndan ybaratdyr, şu ýagdaýda distribusiýa şol birligiň 
gurşawlarynyň jemi hökmünde düşünilýär. Munda erkin, goşmaça 
we hemişelik distribusiýa tapawutlandyrylýar. Goşmaça distribusiýa 
differensirleýji bolýar. Mysal üçin, [ы] we [и], [к] we [к’] rus fonema-
lary goşmaça distribusiýa gatnaşyklarynda, oppozisiýada durýarlar, 
bu oppozision usulyýetiň ikinji düzgünidir. Oppozisiýanyň bir agzasy 
güýçli (alamatly), beýlekisi gowşak (alamatsyz) diýlip kesgitlenilýär.
Oppozisiýa deňdeş däl garşylaşdyrma hökmünde düşünilmegi 
ikinji funksiýalaryň, kontekstleýin derňewiň we neýtrallaşdyrmanyň 
usulyýetiniň döredilmegine getirýär. Munuň bilen oppozision 
usulyýetiň konteksti (üçünji) düzgüne baglydyr. Oppozisiýanyň 


160
agzasynyň mazmun alamatynyň açyk däldigi ony kontekste garaşly 
edýär, onuň bölekleýin manylarynyň we ikinji funksiýalarynyň döre-
megine getirýär. Mysal üçin, häzirki zaman işligiň nämälim görnüşi 
ulanylanda, adatça, işligiň mälim görnüşinde aňladylýan bir gezek-
leýin hereketi görkezip biler: любовался, кидался – входит.
Şeýlelikde, oppozision tär komponentleýin derňew bilen 
başlanýar, kontekstleýin derňew bilen tamamlanýar. Aslynda, oppozi-
sion tär differensial alamatlary saýlap almagyň düzgünleri we olaryň 
birmeňzeş däl düşündirişi bolup durýar.
Pozision tärleriň tapawutlandyryjy aýratynlygy, dil birlikleriniň 
sintagma (heň – many taýyndan bir bolan tutuş sintaktik birlik) düzü-
mini ykrar etmekden ybaratdyr. 
Pozision tärler fonetikada, söz ýasalyş ülňüleri, sözüň morfema 
bölünişi we morfema gurluşy öwrenilende ulanylýar, olar sintaksisde 
hem giňden ýaýrandyr.Pozision derňewiň usulyýeti oňa düşünilişine 
baglylykda özboluşlylyga eýe bolýar.
Dil birlikleri içki gurluşa hem eýedir. Dil birlikleriniň we 
olaryň kategoriýalarynyň gurluşyny öwrenmek hususy ýa-da içki 
düşündirişiniň bolmagyny göz öňünde tutýar. Içki düşündirişiň tärle-
rini üç görnüşe bölmek bolar:
1) toparlamak we ulgamlaşdyrmak tärleri, olar dil birlikleriniň 
dürli toparlaryny, derejelerini, klaslaryny, şeýle hem diliň ol ýa-da 
beýleki birliklerine mahsus bolan kategoriaýalary ýüze çykarmaga 
gönükdirilendir;
2) ýüze çykarylan birlikleriň we olaryň kategoriýalarynyň, 
nusgalarynyň gurluşyny açyp görkezmegiň tärleri, olara aşakdakylar 
degişlidir:
а) paradigmatiki tärler;
b) sintagmatiki we pozision tärler;
3) özgertme tärleri, şol sanda transformasion usulyýet.
Dil biliminde düşünjeleriň möçberini grammatik jyns – görnüş 
we dihotomik bölmegiň esasynda gurlan toparlanyşyklar giňden ula-
nylýar. Dihotomiýa düşünjäniň möçberini bölmegiň logiki amaly 
hökmünde düşünjäni iki sany gapma-garşylykly görnüş düşünjesine 
bölmekden ybarat bolýar, olaryň biri beýlekisiniň alamatlaryny inkär 
edýär (görnüş – mälim+ mälim däl, düşüm+ göni we gytaklaýyn). 


161
Sözleriň söz toparlary, sözlemler, fonemalar we morfemalar boýun-
ça toparlanyşygy lingwistik toparlanyşygyň mysallary bolup hyzmat 
edýär. Mysal üçin, söz toparlaryna giň we dar manyda düşünilip bil-
ner: olara dar manyda – sözleriň morfologik ýa-da distributiw toparlary 
hökmünde, giň manyda bolsa söz toparlaryna sözleriň leksika-gram-
matik derejeleri hökmünde düşünilýär. Morfologik aýratynlyklaryna 
esaslanylanda, çalyşma söz topary hökmünde ýitýär, leksika-sintaktik 
aýratynlyklaryna esaslanylanda, saklanyp galýar.
Logiki nukdaýnazardan toparlanyşyk düşünjedäki bölünişiň 
düzgünlerine tabyn bolmaly, lingwistik toparlanyşyklarda bu düzgün-
ler köp halatda berjaý edilmeýär, şonuň üçin hem toparlanyşyk täri, 
adatça, ýeterlik logiki esaslandyrma bolmazdan ulgamlaşdyrmanyň 
täri hökmünde çykyş edýär. 
Dil kategoriýalary öwrenilende, paradigmatiki usulyýet we 
paradigmalaryň tärleri giňden ulanylýar. Olaryň düýp mazmuny dil 
birliklerine dil birlikleriniň ýygyndysy bolup durýan kategoriýalar-
daky komponentler hökmünde garalýandygyndan ybaratdyr. Paradig-
ma gepleşik materialyndan alynýan, ýöne birbada dolulygyna amala 
aşmaýan we ulanylmaýan nusga hökmünde düşünilýär. Şonuň üçin 
paradigmatik usulyýet dili modelirlemegiň usullarynyň biridir.
Oppozisiýa täri diliň (paradigmany) we gepleýşiň (konteks-
ti) gapma-garşy goýulmagyna we oppozisiýanyň agzalarynyň deň 
derejesizliginiň ykrar edilmegine esaslanýar. Bu iki ýörelge oppozi-
sion täriň usulyýetini kesgitleýär. Oppozision derňewiň usulyýetiniň 
birinji düzgüni differensial alamatlaryň ýygyndysyny bellemekden 
ybaratdyr. Mysal üçin, rus we beýleki slawýan dillerindäki işlik 
şekilleriniň hereketiniň bitewüligi, onuň dowamlylygy, bir wagt-
dalygy, öňden we yzyndan gelme, şeýle hereketiň başlanmagy 
(заговорил) we tamamlanmagy (договорил), onuň köp gezekligi 
hem bir gezekligi (крикнул) ýaly semantik alamatlary bolup biler. 
Indiki tapgyr – oppozision modeliň agzalarynyň hemişelik we 
üýtgeýän komponentleriniň deňsizligini, üýtgemesiniň ýol bererlikli 
çäklerini we modeliň anyk düzüminden tapawutlanyş derejesini kes-
gitlemek bolup durýar. 
Özgertme täri dile proses, ýagny aýry-aýry birlikleri biri-biri bi-
len baglanyşykly bolan dinamiki düzüm hökmünde düşünilmegine 
11. Sargyt № 89


162
esaslanýar. Özgertme tärleri, bir tarapdan, deňeşdirme-taryhy dil bili-
minde, beýleki tarapdan- logiki lingwistikada we çeper tekstiň stilis-
tik derňewinde ýüze çykýar. 
Özgertme täri Z. Harrisiň we N. Homskiniň işleri bilen 
uly meşhurlyga eýe boldy, şunda N.Homskiý transformasion 
grammatikanyň guruş grammatika garanyňda adaty grammatika has 
ýakyn durýandygyny birnäçe gezek belleýär.
Adaty transformasion tär (özgertmeler täri) özgertmeleriň düz-
günlerini, transformasion dowamlylygyň ugurlaryny kesgitlemekden 
we alnan transformalary ýa-da özara transformirlenýän birlikleri (si-
nonomik ýa-da ýasama) deňeşdirmekden ybaratdy. Transformasion tär 
dil birlikleriniň özara baglanyşygyny, garyndaşlygyny ykrar etmek-
den ugur alýar. Ol sintaktik we söz ýasalyş modellerini öwrenmek-
de, diliň beýleki derejeleriniň (ýaruslarynyň) birliklerini derňemekde 
ulanylýar.Adaty transformasion täriň tapawutlandyryjy alamaty onuň 
düzgünleriň berk ulgamyna baglanylmandygy we diliň nazaryýeti 
hökmünde ulanylmanlygydyr. Bu tär anyk diliň hakykylygynyň ykrar 
edilmegine esaslanýar we onuň çylşyrymly kategoriýalaryny, köp 
manyly ýa-da ýeterlik derejede açylmadyk hadysalaryny öwrenmek 
üçin ulanylýar.
Adaty transformasion tär ulanylanda, beýleki tärlerde bolşy ýaly, 
islendik baglanyşyklary bellemäge ýol berilýär, olar real dil, onuň 
taryhy hakynda maglumat berýär.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   99   100   101   102   103   104   105   106   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling