Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
esasyny bellemek, düýp mazmuny boýunça degşirmäniň pred-
metini, onuň häsiýetini, degşirme meňzeşliginiň we tapawudynyň görnüşlerini kesgitlemekdir. Meňzeş hadysalar, umumy alamatlar köp boldugyça, şonça-da tapawutlar köpdür. Iki ýa-da ondan hem köp dilde meňzeş hadysalar bolmadyk ýagdaýynda degşirme derňewi bu tapawudy düşündirmek bilen çäklenýär. Gottentot dilinde yşgalaňly çekimsiz fonemalaryň ýüze çykarylmagy diňe olaryň rus dilinde ýokdugyny belleýär, rus dilinde bu sesler diňe çagyryş «sözlerinde» duş gelýär (mysal üçin, цг’ - цг ‘). Tersine, gottentot we bummen dillerinde yşgalaňly fonemalaryň bolmagy diňe bu fakty belläp geç- mäge däl, eýsem, yşgalaňly çekimsiz fonemalary degşirme usuly ar- kaly öwrenmäge mümkinçilik berýär. Degşirmäniň esaslanmasy dil we alamat degşirmesiniň kömegi bilen bellenilýär. Dil degşirmesi degşirmäniň esasy bolup, haýsy-da bolsa bir diliň çykyş edýändiginden ybaratdyr. Diliň degşirme barlagynyň esasynyň saýlanyp alynmagy, barlagyň wezipeleri ýa-da degşirilýän dilleriň öwreniliş derejesi bilen şertlendirilýär. Geçmişde köpsanly ýewropa dilleriniň grammatikalary döredilende, degşirmäniň nusgalygy we esaslanmasy hökmünde latyn grammatikasy alnypdyr, fransuz diliniň degşirilip öwrenilişi hem dil uniwersaliýalarynyň jähtinde alnyp bar- lypdyr. Biraz soňra degşirmäniň esaslanmasy we obýekti hökmünde fransuz we nemes dilleri, soňra bolsa iňlis we rus dilleri çykyş edýär. Dile – degşirmäniň esaslanmasyna, öz-özlügine seredilip bilner ýa-da haýsy-da bolsa bir dil toparynyň wekili hökmünde hem seredilip bil- ner. Mysal üçin, morfologik toparlara bölüniş döredilende nemes di- line flektiw dil hökmünde garalypdyr we onuň flektiw däl diller bilen deňeşdirilmegi aglýutinatiw, kök we polisintetik dilleriň açylmagyna 165 getirýär. Amerikan dil biliminde indeý dilleri öwrenilende, iňlis dili «ýewropa standarty» hasaplanylypdyr. Degşirmäniň alamatlary degişmäniň esaslanmasy hökmünde ol ýa-da beýleki diliň haýsy-da bolsa bir hadysasyny, bu hadysanyň alamatlaryny saýlap almakdan ybaratdyr.Diliň dürli düzüm element- lerinde alamatlaryň mukdary we hili birmeňzeş däldir. Şonuň üçin öz tebigaty boýunça degşirmäniň esasy bolup hyzmat edýän umumy alamatlar hem tapawutlandyrylýar. Gepleýiş sesleriniň umumy arti- kulýasion we akustik alamatlary bar. Emma olaryň mukdary çäklidir, şonuň üçin sesleriň degşirme we tipologik derňewi has sada we berk binýada esaslanýar. Material we ideal (semantik) alamatlary bolan bir- likler derňelende, degşirmäniň esaslanmasyny saýlap almakda kynçy- lyklar döreýär. Ikitaraplaýyn birlikler derňelende, iki çemeleşme, ýagny, formal-semantik we funksional-semantik çemeleşmeler müm- kindir. Formal-semantik degşirmede degşirmäniň esasy bolup, dil birlikleriniň material tarapynyň faktlary we hadysalary, morfemalar, olaryň kategoriýalary hyzmat edýär. Deňeşdirme bir derejäniň için- de (mysal üçin, şekil ýasalyş) alnyp barlyp bilner ýa-da derejeara baglanyşyklary öz içine alyp biler, olar eýýäm funksional-semantik binýatda morfologik (ýa-da leksiki) taýdan aňladylan özene çekilýär. Funksional-semantik degşirme derňewinde degşirmäniň esasy bolup dil birlikleriniň ideal tarapynyň faktlary we hadysalary hyz- mat edýär, derňew manydan onuň aňladyş serişdelerine, bir diliň şekillerinden başga diliň şekillerine tarap gidýär. Şekilleriň we manylaryň ulgamlary diňe derňewiň başynda biri-birine gapma- -garşylykly goýulýar, ahyrky netije diliň ikitaraplaýyn birlikleriniň ikitaraplaýyn häsiýetnamasyny göz öňünde tutýar. Çemeleşmeleriň her biriniň öz gowşak we güýçli taraplary bar, şonuň üçin olaryň saýlanyp alynmagy derňewiň maksatlaryna we derňelýän birlikleriň aýratynlyklaryna baglydyr. Formal-tipologik derňewde biz umumy formal aýratynlyklary (flektiwlik, agglýutina- tiwlik, analitizm we ş.m.) ýüze çykarmak wezipesinden ugur alýarys, ýagny şeýle derňew formal esasda alnyp barylýar hem-de dil düzüminiň formal tarapynyň tipikligini, özboluşlylygyny ýüze çykarmak mak- sadyny öňünde goýýar. Dil faktlary formal-deňeşdirme arkaly öwre- nilende (mysal üçin, rus ýa-da türkmen dillerindäki işlikleriň görnüşi, 166 rus, türkmen dillerindäki çylşyrymly sözler derňelende), biz öwrenil- ýän dilleriň şekillerinden ünsümizi sowýarys, onuň özboluşlylygyny beýleki diliň şekilleri bilen degşirmek arkaly ýüze çykarýarys. Eger- de tutuş derňewiň maksady dil semantikasy, ol ýa-da beýleki pikiriň aňladyş serişdeleri bolsa, onda derňewçi funksional-semantik ýol bilen gitmegi gowy görýär, semantik uniwersaliýalary, olaryň aýratyn diller- däki özboluşlylygyny, dürli dillerdäki umumylygyny, aýratynlygyny aňlatmagyň serişdeleriniň özboluşlylygyny ýüze çykarýar. Sözler barlyklaryň özleri ýaly obýektiw bar bolan, pikirleniş bilen şöhlelendirilýän düşünjeleri aňladýar. Bu mazmunyň umumy- lygy düşünjäniň umumy logiki düzümi hökmünde sözleriň we olaryň manylarynyň degşirmesi alnyp barlanda esaslanylýan alamatlary ýüze çykarmakda daýanç bolýar. Diliň grammatik gurluşynyň hadysalary degşirilende deňeşdirmäniň esasy hökmünde umumy grammatiki manylar (predmetlik, wagt we ş.m.), sintaktik funksiýa (semantiki atributiwlik, subýektiwlik hökmünde düşünilýän we ş.m.) we diliň belli şekiliniň (predlogyň ýa-da suffiksiň) manysy çykyş edip bilýär. Mysal üçin, dilleriň grammatik gurluşynda predmetlik many bar, ol atlaryň esasynda durýar hem-de şonuň üçin dürli dilleriň atlaryny deňeşdirmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Hytaý di- linde rus dilinde bolşy ýaly, atlar predmeti aňladýar (gou – it, fen – ýel), predmete ugrukmasy sebäpli has «grammatik» bolan sanlardan we sy- patlardan, şeýle hem işliklerden tapawutlylykda atlar has konkret, nomi- natiw bolýar. Şunda umumy grammatiki many esasynda birleşdirilýän sözleriň söz ýasalyş, söz üýtgediş we sintaktiki aýratynlyklary örän dür- lüdir. Hytaý dilindäki atlar sintaktik taýdan subýektliligi we atributiwligi aňladýandygy, posleloglar bilen utgaşýandygy, işliksiz predikaty (ha- bary) aňladyp bilmeýändigi bilen häsiýetlendirilýär. Rus dilindäki atlar ýeňillik bilen subýektligi aňladýar, predloglar bilen utgaşýar, mundan başga-da olaryň sypatyň we işligiň degişli derejelerinden tapawutlanýan jyns, düşüm we san derejeleri bardyr. Dilleri degşirme usuly arkaly öwrenmegiň möhüm tapgyry iki ýa-da birnäçe diliň deňeşdirme materiallaryny düşündirmegiň ýörel- gelerini we usulyýetlerini kesgitlemekden ybaratdyr. Degşirme paral- lel derňeme, tipologik häsiýetlendirme usulyýetleriniň kömegi bilen amala aşyrylýar. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling