Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet104/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   100   101   102   103   104   105   106   107   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Soraglar we ýumuş:
1. Dil biliminiň beýan ediş usulynyň beýleki usullardan nähili tapawudy 
bar?
2. Beýan ediş usulynyň nähili tapgyrlary bar?
3. Daşky we içki düşündirme tärleriniň aýratynlyklaryny düşündiriň.
4. Daşky we içki düşündirme tärleriniň nähili bölümleri bar?
Hödürlenilýän edebiýatlar: 
1. Березин Ф. М. Общее языкознание. – М., 1979.
2. Кодухов В.И. Методы лингвистического анализа. – Л., 1963. 
3. Хроленко А.Т., Бондалетов В.Д. Теория языка. – М., 2006.


163
Degşirme usuly
Dilleri deňeşdirme – tipologiki taýdan öwrenmek dürli dilleriň 
düzümleýin aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär, 
onuň esasynda dilleriň morfologik toparlary düzüldi. Degşirme 
usulynyň kömegi bilen bir diliň beýleki dile taryhy, territorial 
aragatnaşyklaryň netijesindäki täsiriniň derejesi we häsiýeti öwrenil-
ýär. Bolgar, täze grek, alban we rumyn dilleriniň grammatik gurluşy 
degşirme usuly arkaly öwrenilende, bu balkan dilleri birleşiginiň bir-
näçe aýratynlyklary: postpozitiw artikl, ýöneliş we eýelik düşümleriň 
gabat gelmegi, geljek zamanyň «хотеть» kömekçi işliginiň üsti bilen 
emele gelmegi, infinitiwiň sintetik şekiliniň ýitmegi ýüze çykarylýar. 
Aýry-aýry dil hadysalarynyň degşirme usuly bilen öwrenilmegi ähli 
degşirilýän diller we aýratynlykda her bir dil babatda olaryň düýpli 
alamatlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. 
Degşirme grammatikalarynyň ýörelgeleri we usulyýetle-
ri Ý. D. Poliwanow («Русская грамматика в сопоставлением с 
узбекским языком«) we Ş. Balli («Общая лингвистика и вопросы 
французского языка») tarapyndan düzülýär. Bu işlerde ikidilli 
degşirmäniň (konfrontasiýanyň) meselesine iki hili çemeleşme beýan 
edilýär. Eger-de Ş.Balli öz öňünde fransuz diliniň özboluşlylygyny 
ýüze çykarýan iş täri hökmünde çykyş eden nemes dili bilen 
deňeşdirmek arkaly ýüze çykarmak wezipesini goýan bolsa, onda 
Ý.D.Poliwanow rus dilini beýan edýär we özbek dilinden parallelleri 
(ekwiwalentleri) getirýär.
Ikidillilik we dil gatnaşyklary derňelende, daşary ýurt dili öwre-
nilende ýa-da ondan terjime edilende, iki dil degşirme usuly arkaly 
öwrenilende dilleriň garaşlylyk tipologiýasynyň dürli meseleleri ýüze 
çykýar. Bir dil üns merkezinde bolýar, beýleki dil bolsa öwrenmäniň 
serişdesi hökmünde çykyş edýär. Degşirme diňe her bir dilde öwrenil-
ýän hadysalaryň aýratynlyklaryny anyk ýüze çykarmaga mümkinçilik 
bermän, eýsem, olaryň umumy ýa-da indiwidual dil aýratynlyklaryny 
öwrenmäge mümkinçilik berýär. Emma netijeler we gözegçilikler 
degşirilýän dilleriň faktlary bilen çäklendirilendir, ýagny, olar induktiw 
häsiýetde we hödürlenilýän materiala bagly bolýar.
Degşirme usuly munuň özi degşirilýän dilleriň umumylyklaryny 


164
(ählumumylyklaryny) we aýratynlyklaryny ýüze çykarmak üçin ula-
nylýan derňewiň tärleriniň we usulyýetleriniň ulgamydyr. Degşirme 
derňewi barlagçynyň öz öňünde nähili maksatlary goýýandygyna, 
degşirmek üçin näçe dili derňewe çekýändigine we beýan edişiň 
nähili usulyny saýlap alýandygyna bagly bolýar. Muňa garamazdan, 
degşirme usulynda dilleri deňeşdirmek, derňewiň esasynda durýar 
hem-de bu ähli tärleri bir usula – jähte birikdirýär.
Dilleri degşirme usuly arkaly öwrenmegiň esasy tärleri degşir-
mäniň esasyny bellemek we tipologik häsiýetnamadyrDegşirmäniň 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   100   101   102   103   104   105   106   107   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling