Umumy dil bilimi
derňew esaslanýar. Komponentleýin
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Kontekstleýin
- Daşky we içki düşündirme tärleri
- «sözleriň we zatlaryň» tärinden, temati
derňew esaslanýar. Komponentleýin (bir zadyň bölegini emele ge-
tirýän) derňewiň birlikleri nominatiw-kommunikatiw we düzümleýin dil birlikleriniň bölekleri (elementler) bolup durýandygyndan ugur alýar. Şeýle derňewiň usulyýeti Kazan we Moskwa dilçilik mekdep- leri tarapyndan işlenip düzüldi. Sözi morfema we morfologik düzü- mi boýunça, sözlemi düzümi boýunça derňemek komponentleýin derňewiň mysallarydyr. Kontekstleýin seljerme derňewiň birlikleri hökmünde gep- leýişden, seýrek ýagdaýda, öwrenilýän birlikden has köp dil birlikleriniň çykyş edýändiginden ugur alýar. Dil biliminde gepleýşiň kontekstiň düzüminde derňelýän kontekst derňew usulyýeti ýygy ulanylýar. Şu ýagdaýda kontekst diýlip, tekstden bölünip alnan we dil birligi bilen birleşdirilen, onda öz manysyny amal edýän we işjeňleşdirilýän tekstiň bölegi göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin kon- tekst derňewi sözleriň (leksemalaryň we söz şekilleriniň) semantik derňewinde has giňden peýdalanylýar. Beýan ediş usulyň usulyýeti we tärleri örän dürli-dürli gapma- -garşylyklydyr. Şonuň üçin beýan ediş usulynyň diňe bir dürli tär- lerini beýan etmek ýeterlik däl-de, eýsem olaryň esasy toparlaryny (görnüşlerini) bellemek möhümdir. «Adaty» barlaglar arkaly anykla- mak diliň beýan ediş derňewiniň üçünji tapgyrynyň hökmany bölegi hasap edilýär, sebäbi diliň birliklerini tapawutlandyrmak olaryň kes- gitlenmegini göz öňünde tutýar, bu bolsa, derňewiň ýerine ýetirilişine, onuň birliklerini we usulyýetlerini saýlap almaga täsir edýär. Beýan ediş usulynyň ähli tärlerini we usulyýetlerini iki esasy görnüşe – daşky we içki düşündirme tärlerine bölüp bolar. Daşky we içki düşündirme tärleri Dil fakty dil ulgamynyň aýratynlyklaryny, şeýle hem onuň aňladylmasy bolup çykyş edýän hadysasynyň ýa-da predmetiniň aýratynlyklaryny özünde jemläp bilýär. Dil birlikleriniň niýetlenme- sini öwrenmek olaryň funksional düşündirmesiniň tärleriniň döreme- gine getirýär. Daşky düşündirmäniň aýratynlygy onuň dil birliklerini öwrenýänliginden ybaratdyr. Daşky düşündirmäniň tärleri iki görnüşe bölünýär: 1. Dil birliklerini dilden daşary hadysalar bilen olaryň 158 gatnaşygy tarapyndan düşündirmek. Muňa sosiologik, logika –psiho- logik we artikulýasion-akustik tärler degişlidir. 2. Dil birliklerini diliň beýleki birlikleri bilen olaryň gatnaşygy boýunça düşündirmek. Bu tärler öwrenilýän diliň birlikleri üçin daşky tärler bolup durýar, ýöne olar dil düzüminiň çäklerinden daşary çykmaýar. Muňa derejeara düşündirmäniň tärleri we bellenilýän birligiň daşky gurşawy arkaly distributiw usulyýet degişlidir. Diliň düzümi beýan ediş derňewi bilen öwrenilende hem so- siologik tärler ulanylýar. Leksikany durmuşy taýdan öwrenmegiň has giň ýaýran tärleri: «sözleriň we zatlaryň» tärinden, temati- Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling