Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet94/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   90   91   92   93   94   95   96   97   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

fonografiýa degişlidir. Ýazuwyň bu görnüşleri biri-birinden birnäçe 
alamatlary boýunça tapawutlanýar.
Piktografiýa (latynça pictus – surat, şekil; grekçe grapho – çek-
mek, ýazmak) ol ýa-da beýleki maglumatyň, hadysanyň şekiller arkaly 
beýan edilmegidir. Piktografik ýazuwdaky her bir şekil piktogramma 
atlandyrylýar. Piktografik ýazuwda her bir piktogramma tutuş sözle-
mi ýa-da sözlemleri aňladýar.
Ýazuwyň bu görnüşi gadymy döwürlerde döräp, adamzat 
ýaşaýşynyň irki zamanasyna degişlidir. Piktografik ýazuwlarda beýan 
edilen pikirleriň çägi giň bolmandyr. Esasan, aw pursatlary, uruş 
hadysalary görkezilipdir. Bu ýazuw arkaly käbir göçme manylar hem 
aňladylypdyr. Meselem, «ölüm» düşünjesini aňlatmak üçin adamyň 
ýa-da haýwanyň kellesi aşak şekili çekilipdir, «çaltlygy» bildirmek 
üçin adamyň golunyň ýerine ganat, «söýgi» düşünjesi üçin iki sany 
birleşdirilen ýürek çekilipdir.
Piktografik ýazuw ýazuwyň indiki tapgyrlarynyň döremeginde 
möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Adamlar öz pikirlerini has takyk we 
giňişleýin beýan etmek üçin täze görnüşi – ideografik ýazuwy oýlap 
tapypdyrlar.
Ideografiýa. Gepleýişdäki sözleriň şekiller, surat görnüşinde 
däl-de, ideogrammalar arkaly beýan edilmegine ideografik ýa-da pi-
kir ýazuwy diýilýär. Ideografik (grekçe idea-pikir, grapho – çekmek, 
ýazmak) ýazuwdaky her bir belgi ediogramma diýlip atlandyrylýar. 
Ieroglifler we beýleki şekiller hem ideogrammalara degişlidir.
Ideografik ýazuwda her bir şekil bitewi bir sözi ýa-da sözüň 
manyly bölegini aňladýar. Şoňa görä-de bu ýazuw ulgamy käbir ýer-
lerde söz ýazuwy görnüşinde hem atlandyrylýar. Ideografiýa bilen 
piktografiýanyň arasynda berk baglanyşyk bardyr. Sebäbi, piktogra-
fik ýazuwyň esasynda ideografik ýazuw döreýär. Şoňa görä-de ilkinji 
ideogrammalar piktogrammalara meňzeş bolupdyr. Ýazuwyň taryhy 
bilen meşgullanýan alymlar ideogrammany piktogrammadan ta-
pawutlandyrmak üçin olaryň görnüşine däl-de, mazmunyna üns ber-
melidigini belleýärler. Piktogramma – bitewi hadysany, ideogramma 
– aýratyn sözleri aňladýar.


150
Ideografik ýazuw jemgyýetiň müňlerçe ýyllyk ösüşiniň netije-
sinde emele gelipdir. Bu ýazuwyň döremegi medeniýetiň, şeýle-de, 
ýazuwyň öz taryhynda beýik açyşlaryň biri bolupdy. Çünki, gepleýşiň 
sözlere bölünmegi we olaryň her biriniň şertli belgiler arkaly ýazyl-
magy ses ýazuwy üçin giň ýol açdy. Ideografik ýazuwyň emele gelme-
gi hakynda dürli pikirler bar. Alymlaryň birtopary (I.GlebR.Wulli, 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   90   91   92   93   94   95   96   97   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling