Umumy dil bilimi


Ý. B. Şnister, N. A. Pawlenko, W. A. Istrin, D. Dringer


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet93/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   89   90   91   92   93   94   95   96   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Ý. B. Şnister, N. A. Pawlenko, W. A. Istrin, D. Dringer ýaly alymlar 
ýazuwyň taryhyna uly goşantlary goşdular.
Häzirki döwürde hem ýazuwyň meseleleri barada düýpli ylmy 
işler alnyp barylýar. Indi alymlary ýazuwyň umumy meseleleriniň 
beýan edilişi bilen bilelikde aýry-aýry halklaryň ýazuwynyň eme-
le gelşi baradaky meseleler-de gyzyklandyrýar. Ýazuwyň taryhy 
dünýä dil biliminiň, şol sanda türkmen dil biliminiň hem möhüm 
meseleleriniň biridir.
Adamzat özüniň ösüş taryhynda ýüzlerçe şekilleri döredipdir, 
her bir şekil maksadyna hem-de wezipesine laýyklykda jemgyýetiň 
ösüşinde belli bir ähmiýete eýe bolupdyr. Ynsanyň döreden şekilleriniň 
içiinde iň gymmatlysy ýazuwdyr.
Ýazuw görüş agzasy bilen kabul edilýän pikiriň beýan edilme-
ginde esasy orunda durýan gepleýşe kömekçi bolan şekiller (çyzyklar, 
grafemalar) ulgamydyr. Ýazuwyň özüne mahsus aýratynlyklary bolýar.
Gepleýiş diline kömekçi hökmünde emele gelendigi sebäpli, 
ýazuwy hiç wagt dilden aýry beýan etmek mümkin däldir. Mundan 
başga-da ol ýa-da beýleki pikiri gepleýiş dili arkaly başga birine ýe-
tirmek mümkin bolmadyk ýagdaýda ýazuwyň kömegine bil baglamaly 
bolýar. Ýazuw uzak aralykdaky adamlaryň pikirlerini biri-birine ýe-
tirýär, olaryň sözlerini, pikirlerini, düşünjelerini taryhyň dowamynda 
saklap, geljekki nesillere ýetirýär. Seýle-de ýazuw şekilleriň ul-
gamyndan ybarat bolup, şertli şekiller arkaly ýazylyp, görüş agzamyz 
arkaly okalýar.
Ýazuw adamlaryň medeni durmuşynda gazanan üstünliklerini 
olaryň indiki nesillerine ýetirmekde hiç zat bilen çalşylyp bolmajak 
ähmiýete eýedir. Adamzat jemgyýetiniň ösüş taryhynda bolup geçen 
wakalary iň dogry, anyk habar berýän zat ata-babalarymyzyň goýup 


147
giden ýazuw ýadygärlikleridir. Biz ýazuwyň kömegi bilen dünýä 
halklarynyň we öz halkymyzyň iň gadymy taryhyny öwrenýäris, 
olaryň edim-gylymlary, däp-dessurlary, ýaşaýyş-durmuş aýratynlyk-
lary, edebiýaty we ş.m bilen tanyş bolýarys.
Mälim bolşy ýaly, ylym, sungat, tehnika we beýleki ugurlar 
asyrlaryň dowamynda ösüp, kämilleşip gelýärler. Olaryň gazanan 
tejribeleriniň öwrenilip, nesilden-nesle geçirilmeginde-de ýazuw 
hemişe uly ähmiýete eýe bolupdyr. Häzirki zaman dünýäsiniň gym-
matly pikirlerini, gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini toplap sak-
lamakda hem ýazuw öz gymmatyny ýitirmeýär.
Ýazuw häzirki zaman ynsanlarynyň dünýägaraýşynyň kämil-
leşmeginde, olaryň ählitaraplaýyn ösmeginde-de uly ähmiýete eýedir. 
Ýer ýüzündäki millionlarça adamlar ýazuw arkaly bilim alyp, dürli 
ylymlaryň syrlaryny öwrenýärler. Adamzat häzirki döwrüň ylmynyň, 
tehnikasynyň, sungatynyň ähli gazananlaryny aňynda saklap bilmeýär. 
Ýazuw bu meseläniň çözgüdini öz üstüne alyp, ony islendik wagt gaý-
tadan janlandyrmaga, täzeden dikeltmäge hyzmat edýär.
Medeniýetiň esasy alamatlarynyň biri bolan ýazuw dünýä 
halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösmegine düýpli täsir 
edýär. Ol ýa-da beýleki ýurtda ýüze çykýan esasy syýasy, ylmy, edebi 
we şuňa meňzeş hadysalar ýazuw arkaly bütin Ýer ýüzüne ýaýraýar.
Ynsanlaryň estetik duýgularynyň ösmeginde-de ýazuwyň uly 
ähmiýeti bar. Meşhur söz ussatlarynyň çeper döredijiligi hem ýazuw 
arkaly adamlaryň kalbyna aralaşýar. Ýazuw şahsyýete öz pikirlerini 
tertibe salmaga, umumylaşdyrmaga-da kömek edýär. Ol takyk ylmy 
şekilleriň, esasan-da, grammatiki, fiziki, himiki, astronomiki, mate-
matiki şekilleriň kömegi bilen aňladylýan düşünjeleriň düşnükli bol-
magyna ýardam edýär. Edebi dilleriň döremeginde, kämilleşmeginde, 
täsiriniň artmagynda hem ýazuwyň ähmiýeti uludyr.
Ýazuwyň emele gelmegi örän gadymy döwürlere degişlidir. 
Adamlaryň arasyndaky gatnaşygy amala aşyrmakdaky zerurlygyň 
netijesinde dörän ýazuw ilkibaşda çyzgy şekilleri görnüşinde bol-
mandyr. Ilkibaşda pikiri beýan etmek, öz pikiriňi uzak ýerlere ýetir-
mek üçin belli bir zatlardan peýdalanypdyrlar. Şol zatlaryň üsti bi-
len aýdyljak bolunýan pikire düşünilipdir. Meselem: okuň iberilmegi 
urşuň başlanýandygyny, duzuň, çöregiň iberilmegi parahatçylygyň, 


148
dostlugyň alamatyny aňladypdyr. Gülleriň reňkleri arkaly adamlar 
biri-birlerine söýgi, isleg, aýralyk ýaly duýgularyny ýetiripdirler. 
Gadymy döwürlerde jansyz zatlar bilen bilelikde janly zatlar ar-
kaly hem pikir bildirilipdir. B.e.öň 513-nji ýylda Dariý atly şa özüni 
skiflerden has güýçli hasap edip, olary özüne tabyn etmek isläpdir. 
Şonuň üçin-de skifleriň hiç hili garşylyk görkezmezden boýun egme-
gini talap edip, suw we toprak iberipdir. Skifler bolsa oňa diri gurba-
ga, syçan, guş we bäş sany ok bilen jogap gaýtarypdyrlar. Gadymy 
gerek taryhçysy Gerodot ol zatlaryň manysyny şeýle düşündirýär: 
«Siz parslar gurbaga ýaly batgalykda gizlenmeseňiz, syçan ýaly ýeriň 
aşagyna girmeseňiz, guş ýaly uçmasaňyz, biziň topragymyza aýak 
basan badyňyza oklarymyzdan heläk bolarsyňyz».
Gadymy adamlar haýsydyr bir maglumaty uzaklara ýetirmekde 
ýüpe düwün düwmek usulyndan-da peýdalanypdyrlar. Pikiri düwünler 
arkaly beýan etmek hytaýlylaryň, parslaryň, meksikalylaryň we başga-da 
birentek halklaryň arasynda giňden ýaýrapdyr. Pikiri balykgulaklar ar-
kaly başga birine ýetirmek hem käbir halklaryň giňden ulanylan usulydyr. 
Demirgazyk Amerikanyň indeý taýpalarynyň birentegi bu serişdeden 
yzygiderli peýdalanypdyr. Balykgulagyň ölçegi, reňki berilýän habaryň 
mazmunynyň beýan edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Pikiriň zatlar arkaly aňladylmagynyň özboluşly artykmaçlygy 
bar. Munuň üçin adamyň haýsy dilde gepleýändiginiň ähmiýeti bol-
maýar. Islendik dilde gepleýän adam zatlar arkaly berilýän pikire öz 
dilinde düşünip bilýär. Mundan başga-da, pikir beýleki adama ýa-da 
adamlara düşnükli hem-de tiz ýetýär. Meselem, dükanyň tekjesinde 
köwşüň durandygyny gören her bir adam şol ýerde aýakgap satyl-
ýandygyny biler. Eger adam bu habary ýazuw arkaly bilmeli bolsa, 
onda ol köwüş satylýan ýere ýakyn baryp, ýazylan ýazgyny okamaly 
bolardy. Zat arkaly pikir aňlatmanyň kemçilikli tarapy onda diňe sada 
zatlar hakyndaky pikiri beýan etmek mümkindir, pikir çylşyrymlaşan 
ýagdaýynda bu usuly peýdalanyp bolmaýar.
Sada pikirleri aňlatmak maksady bilen zatlaryň üsti bilen pikir 
aňlatmak häzirki döwürde hem ulanylýar. Meselem, ýollarda gyzyl, 
sary, ýaşyl reňkli ýol yşyklarynyň goýulmagy we ş.m.
Wagtyň geçmegi bilen pikiriň çyzyklar arkaly beýan edilmegi 
ýüze çykýar. Şunuň netijesinde-de häzirki ýazuwlaryň ýüze çykmagy 
başlanýar.


149
Häzirki zaman dil bilimi ýazuwyň dört görnüşiniň bardygyny 
belläp geçýär. Olara piktografiýa, ideografiýa, sillabografik ýazuw, 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   89   90   91   92   93   94   95   96   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling