Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
lapýukdyr. Grammatikasynyň çendenaşa kyndygy, çylşyrymlydygy
bilen baglylykda wolapýuk dünýäde giň gerime eýe bolup bilmedi hem-de XX asyryň ortalarynda ulanylyşdan galdy. Emeli dilleriň arasynda polýak lukmany L. M. Zamengof tara- pyndan oýlanylyp tapylan esperantonyň ykbaly has oňat boldy. L.M. Zamengof öz döreden diliniň öwrenmek üçin mümkin boldugyça has ýönekeý hem-de ýeňil bolmagy babatda uly alada edipdir. Bu oňa aňryýany bilen başardypdyr. Esperantonyň dürs ýazuwy «bir ses-bir harp» ýörelgesine esaslanýar. Sözler ýazylyşy ýaly okalýar, her bir fonema latyn elipbiýiniň: a, b, c, ĉ (ç), d, e, f, g, ĝ (j), h (x), ĥ, i, j, ĵ (ž), k, l, m, n, o, p, r, s, š (ş), u, ŭ, v, z harplarynyň birine gabat gelýär. Basym sözüň iň soňky bognunyň öňündäki bogna düşýär. Söz üýtgeýişde, forma we söz ýasalyşda ýönekeý birleşme ýörel- gesinden ugur alynýar, esperanto köklerden hem-de goşulmalardan ybaratdyr. Bu dilde atlarda söz üýtgeýiş dört ýol bilen amala aşyrylýar, işlikleriň ýedi şekili bar. Söz toparlary hem-de şekiller forma ýasaýjy goşulmalar arkaly ýüze çykarylýar: eger söz o bilen gutarsa, ol atlara (feliĉo-bagt), a bilen gutarsa, sypatlara (feliĉa-bagtly), e bilen tamam- lansa, hallara (mie-meniňçe) degişlidir. Dilde bary-ýogy 16 sany grammatiki kada we 40 töweregi suffiks hem-de predlog bardyr. Tebigy milli dillerden tapawutlylykda atlaryň hem-de işlikleriň ýöňkemede üýtgeýişleriniň birnäçe görnüşlerine duş gelýäris. Esperanto dilini öwrenmek üçin, adatça, birnäçe aý ge- rek bolýar. 1887-nji ýylda bu dili dörediji tarapyndan esperanto dilin- de ilkinji kitap «Lingvo internacia» («Halkara dil») çap edilýär. Häzirki wagtda esperanto dilinde döredilen, terjime edilen çe- per eserleriň ýeterlik mukdary bar, köpsanly gazetler we žurnallar (40 töweregi döwürleýin neşir) çap edilýär, käbir ýurtlarda radiogepleşikler alnyp barylýar. Esperanto dili fransuz dili bilen bilelikde Halkara poç- ta birleşmesiniň resmi dili hasaplanylýar. 137 Belli bir derejede ulanylyşa giren emeli dilleriň hataryna inter- Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling