181
German Şteýntal (1823–1899) meşhur nemes dilçisi. Ol dil bili-
minde psihologik ugruň tarapdary. G.Şteýntal özüniň 1855-nji ýylda çap
edilen «Grammatika, logika we psihologiýa, olaryň ýörelgeleri hem-de
özara baglanyşyklary» işinde dil bilimi bilen logikanyň çäklerini örän
takyk belledi. Şol bir wagtda hem dil biliminiň we psihologiýanyň
arasyndaky ýakyn aragatnaşygy esaslandyrdy. G.Şteýntalyň 1881-nji
ýylda neşir edilen «Psihologiýa we dil bilimine giriş» atly kitabynda
bolsa, diliň psihologiýa gatnaşygyna uly üns beripdir.
Gugo Şuhardt (1842–1927) giň
ylmy gyzyklanmalary bolan
lingwistdir. Ol dilleriň garyşmagynyň meselesi bilen gyzyklanypdyr,
ýöne dil biliminiň taryhyna «Sözler we zatlar» lingwistik mekdebiniň
esaslandyryjysy hökmünde girdi. G.Şuhardt bu mekdebiň esasy mak-
sadyny kesgitläp: «Sözüň taryhyny zadyň taryhy bilen baglanyşykda
öwrenmeli. Zat doly we tutuş barlykdyr, söz diňe zada garaşly bo-
lup ýaşaýar, eger beýle bolmasa söz diňe boş sesdir» diýip belläp-
dir. Ol taryhy leksikologiýanyň meselelerine hem seredip geçipdir. G.
Şuhardty häzirki zaman leksik onomasiologiýanyň esaslandyryjysy
hasaplaýarlar.Onuň döwründe leksik semasiologiýa hem uly ösüşlere
eýe boldy.
Do'stlaringiz bilan baham: