Umumy dil bilimi


Lew Semýonowiç Wygotskiý (1896–1934)


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet117/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   113   114   115   116   117   118   119   120   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Lew Semýonowiç Wygotskiý (1896–1934) görnükli psiholog, psi-
hologiýada medeni-taryhy nazaryýeti dörediji.Sungatyň psihologiýasy 
we ýokary psihiki funksiýalar boýunça birentek barlaglaryň awtory. 
Ol eksperimental psihologiýa, defektologiýa, edebi tankyt bilen hem 
gyzyklanypdyr. Işleriniň arasynda iň möhümleriniň biri 1934-nji ýylda 
çap edilen «Pikirlenme we sözleýiş» atly monografiýadyr, onda häzirki 
zaman psiholingwistikanyň köpsanly düzgünleriniň esasy goýulýar.
Lui Ýelmslew (1899–1965) dil biliminiň glossematika ugrunyň 
görnükli wekili. Onuň ilkinji işi 1928-nji ýylda çap edilen «Ählumu-
my grammatikanyň ýörelgeleri» atly kitabydyr. Onda dili öwrenmegiň 
täze tärine – glossematika (Daniýa struklturalizmine) üns berilýär. 
L.Ýelmslewiň 1937-nji ýylda «Düşüm kategoriýasy», 1963-nji ýylda 
«Dil bilimi» atly kitaplary neşir edilýär.
Mahmyt Kaşgarly (XI asyr) türki dillerini öwreniji meşhur alym. 
Ol «Türki dilleriň diwany» atly meşhur sözlügi düzüjidir. Sözlükde 
türki dilleriniň birnäçesine deglip geçilýär. Ol gyrgyz, gypjak, oguz, 
ýagma, çigil taýpalarynyň dillerini biri-birine has ýakyn hasaplaýar. 
Mahmyt Kaşgarly sözlükde sözleri, sözüň düzümine girýän sesleriň 
sanynyň artyşy boýunça ýerleşdirýär. 
Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügi dünýäniň dürli dillerinde onlarça 
gezek neşir edildi.
Türkmen diliniň we onuň kowumdaş dilleriniň uly dil 
hazynasynyň biri Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» 
sözlüginiň golýazmasy 638 sahypadan ybaratdyr. Mahmyt Kaşgarly 
ony 1071–1074-nji ýyllarda ýazýar. Bu iş, esasan, sözlükden ybarat 
hem bolsa, käbir sözler düşündirilende, grammatiki kadalar, sözleriň 
gelip çykyşyna hem deglip geçilýär. 
«Diwanyň» teksti aýratyn sözler, sözleri düşündirmek üçin ge-
tirilen gysgaça söz birikmelerini öz içine alýar, şeýle-de sözlükde 
käbir grammatiki kadalar barada hem bellenilip geçilýär. Mahmyt 
Kaşgarlynyň ýazmagyna görä, onuň «Türki dilleriniň sintaksisiniň 
göwherleriniň kitaby» diýen işi hem bolupdyr. Ýöne, ol kitap biziň 
günlerimize gelip ýetmändir.


184

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   113   114   115   116   117   118   119   120   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling