Umumy dil bilimi


Žargon – diliň durmuşy görnüşidir. Haýsydyr bir uly ýa-da kiçi  durmuşy bähbitdeş toparyň ulanýan diline žargon


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet80/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   76   77   78   79   80   81   82   83   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Žargon – diliň durmuşy görnüşidir. Haýsydyr bir uly ýa-da kiçi 
durmuşy bähbitdeş toparyň ulanýan diline žargon diýilýär. Ýaşlaryň, 
talyplaryň, deňizçileriň, söwdagärleriň, jenaýatçylaryň we ş.m. 
özbaşdak žargony bolýar. Käbir ýagdaýlarda, meselem, jenaýatçy-
lar dünýäsinde žargon beýleki adamlara düşnüksiz bolan syrly dil 
hökmünde , şeýle-de öz gepleşigini beýlekilerden tapawutly etmekde 
ulanylýar. Žargonlar çeper eserlerde gahrymanlaryň häsiýetlerini açyp 
görkezmekde-de peýdalanylýar. Muňa mysal edip A. Durdyýewiň 
«Bally molla» hekaýasyndaky, H. Derýaýewiň «Ykbal» romanyndaky 
žargonlary görkezmek bolar. Mundan başga-da žargonyň haýsydyr bir 
topara düşnükli bolan şertli dil hökmünde-de ulanylmagy mümkindir. 
Meselem, akmämmet – arak, ak möjek – geroin we ş.m. Žargon edebi 
dilden diňe sözleri arkaly tapawutlanyp biler. Olaryň aýratyn alnan 
fonetikasy ýa-da grammatikasy bolup bilmez.
Gepleşik leksikasy žargonlardan we şiwelerden tapawutlylykda, 
diliň umumymilli görnüşidir. Ol şu babatdan edebi dile ýakyndyr. Ýöne, 
edebi dilden tapawutlylykda, ýönekeý gepleşigiň kadalary ýokdur, 
ulanylyş çägi giň däldir. Ol, esasan, gündelik durmuşy dilde ulanylýar. 
Türkmen diliniň gepleşik leksikasy hakynda Ý.Çöňňäýewiň 
«Häzirki zaman türkmen dili» kitabynda şeýle bellenilýär: «Gepleşik 
leksikasynda her bir wakanyň, hadysanyň, zadyň ady, edebi diliň 
kadasyny bozmazdan, edebi gepleşikdäki adyndan aňladyjylyk 
ukybyny güýçlendirip atlandyrýar. Muňa durmuşy gepleşik leksikasy 
hem diýilýär». Mundan başga-da, ýönekeý gepleşik sözlerine: ketek, 
kempaý, jyrk, hajymelik, jyňkytmak, halpyk, hörek, heýle ýaly 
sözler mysal getirilipdir. (Ý. Çöňňäýew. Häzirki zaman türkmen dili. 
Aşgabat, 1988, 96–97 sah.).
Soraglar we ýumuşlar:
1. Diliň haýsy görnüşleri umumy milli dil bolup bilýär?
2. «Edebi dil» we «edebiýatyň dili» düşünjeleriniň arasynda nähili 
tapawutlar bar?
3. Şiwe bilen žargonyň arasynda nähili tapawutlar we umumylyklar bar? 
4. Özüňize mälim bolan şiwe sözlerini aýdyň. 


123
5. Özüňize mälim bolan žargon sözlerini aýdyň.
6. Içinde žargon sözleri köp ulanylýan edebi eserleri mysal getiriň.
7. Şiwe sözleri köp ulanylýan edebi eserleri mysal getiriň.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   76   77   78   79   80   81   82   83   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling