Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Hödürlenilýän edebiýatlar
- Dilleriň gurluş taýdan (morfologik) toparlara bölünişi
- inkorporirleýji ýa-da polisintetik
Soraglar we ýumuş:
1. Nahili diller garyndaş diller hasaplanylýar? 2. Izolirlenilen diller näme? 3. Garyndaş dilleriň has uly birleşmeleri nähili atlandyrylýar? 4. Türkmenistanda ýaşaýan halklaryň dilleriniň haýsy dil maşgalalaryna girýändigini sanap beriň. Hödürlenilýän edebiýatlar: 1. Annanurow.A. Dil biliminiň esaslary. II kitap. Aşgabat, 1972. 2. Вендина Т.И. Введение в языкознание. М., 2008. 3. Кодухов В.И. Введение в языкознание. М., 1979. 4. Камчатников А.М. Николина Н.А. Введение в языкознание. М., 2009. 5. И.П.Сусов. Введение в теоретическое языкознание. Тверь, 2001. Dilleriň gurluş taýdan (morfologik) toparlara bölünişi Dünýädäki diller diňe bir gelip çykyşy, kök dilden ýaýraýşy taýyndan toparlara bölünmän, özleriniň gurluşy, ýagny morfolo- gik aýratynlyklary tarapyndan hem toparlara bölünýär. Şunuň ýaly bölünişe dilleriň morfologik bölünişi diýilýär. Morfologik bölünişe laýyklykda, dünýädäki diller dört görnüşdäki dillere bölünýärler. Birinji görnüşe amorf dilleri degişlidir. Beýle diller üçin söz üýtgeýşiniň doly ýa-da tas doly derejede bolmazlygy mahsusdyr. Olarda sözleriň tertibiniň grammatik manysy uly ähmiýete eýedir. Sözler asyl söz, kök we goşulmalara bölünmeýärler. Amorf dillerin- de düşüm, san, degişlilik, zaman ýaly grammatik düşünjeler ýörite goşulmalaryň üsti bilen aňladylmaýar. Beýle dillere hytaý, wýet- nam, dungan, myong we ş.m diller degişlidir. Häzirki zaman iňlis dili özüniň ösüş ugry boýunça amorf dillerine ýakynlaşýar. Dilleriň ikinji görnüşine flektiw ýa-da fuzion dilleri girýär. Flek- 119 tiw dillere slawýan, baltiý, italiý dilleri, şeýle-de eýran dilleriniň kä- birleri degişlidir. Bu görnüşdäki diller üçin söz üýtgeýşiniň ösen ul- gamy häsiýetlidir. Şeýle-de bu görnüşdäki dillerde dürli grammatik manyny bermek hem gabat gelýär. Meselem, rus «дома» sözündäki «-a» goşulmasy şol bir wagtda köplük sanyň, baş düşümiň goşulmasy bolup, onuň baş düşümdedigi bilinýär. Dilleriň üçünji görnüşine agglýutinatiw (goşulmalar arkaly söz ýasalyşy amala aşyrýan) diller girýär. Olara türki, tungus-mançžur, ugor-fin we beýleki diller degişlidir. Agglýutinatiwlik emeli dil bolan esperanto diline hem häsiýetlidir. Bu görnüşdäki dillerde flektiw dil- lerdäki ýaly söz üýtgeýşiň ösen ulgamy bolsa-da, flektiw dillerden ta- pawutlylykda, her bir grammatik manynyň öz aýratyn hususy görkezi- jisi bolýar. Meselem, komi-permýak dilindäki «sin» (göz) -«sinnezon» sözi tworitelniý düşümde, köplük sandadyr. Bu ýerde «nez» morfemasy köplük sanyň, «on» morfemasy bolsa, tworitelniý düşümiň görkezijisi bolup hyzmat edýär. Agglýutinatiw dillerde ähli atlar hem-de işlikler üçin ýöňkemede üýtgemegiň meňzeşligi mahsusdyr. Flektiw dillerde atlaryň şahs aňlatmaklarynda, işlikleriň ýöňkemede üýtgemeginde uly tapawuda duş gelýäris. Meselem, rus dilinde üç şahs, iki ýöňkeme, latyn dilinde bäş şahs we dört ýöňkeme bar. Dilleriň dördünji görnüşine inkorporirleýji ýa-da polisintetik diller diýilýär. Beýle dillere çukot-kamçatka dilleri, Demirgazyk Amerikanyň indeýleriniň dilleri degişlidir. Dilleriň bu görnüşinde tutuş sözlemiň bir uly goşma sözde jemlenmek häsiýeti güýçlüdir. Munda grammatik gör- kezijiler aýratyn sözlerde däl-de, tutuşlygyna söz-sözlem görnüşinde görünýär. Inkorporirlenişiň rus dilinde gabat gelşine hem mysal getirmek mümkin: «Я ловлю рыбу» sözlemi bir sözde, «рыболовствую» sözün- de berilýär. Bu, elbetde, tebigy däldir, ol emeli häsiýete eýedir. Polisinte- tiki dillerde islendik sözlem bir çylşyrymly goşma söz arkaly berlip bil- ner. Meselem, çukot dilindäki «Biz täze torlary goraýarys» diýen sözlem «Mytturkupregynrityrkyn» görnüşinde bolýar. Biz dilleriň dört görnüşi hakynda gürrüň edenimizde, tebigat- da hiç hili garyndysy bolmadyk, himiki taýdan arassa maddanyň bolmaýşy ýaly, flektiw, agglýutinatiw, amorf, polisintetiki diliň hem doly we sarp derejede bolup bilmeýändigini ýadymyzdan çykarmaly däldiris. Ine, hytaý we dungan dillerinde amorflyk häsiýeti güýçlüdir, 120 ýöne onda agglýutinatiwlik häsiýeti hem bardyr. Flektiw hasaplanyl- ýan latyn dilinde agglýutinatiwligiň käbir häsiýetleri duşýar, şeýle-de agglýutinatiw eston dilinde flektiwlik häsiýetine gabat gelýäris. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling