Umumy dil bilimi


Hödürlenilýän edebiýatlar


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet81/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   77   78   79   80   81   82   83   84   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Azymow P. Türkmen diliniň meseleleri. Aşgabat, 1969.
2. Amansaryýew J. Türkmen dialektologiýasy. Aşgabat, 1970.
3. Çöňňäýew Ý. Häzirki zaman türkmen dili. Aşgabat, 1988.
4. Nartyýew N. Türkmen dialektologiýasynyň esaslary.Çärjew, 1994. 
5. Вендина Т.И. Введение в языкознание. М., 2008.
Edebi diliň stilleri
Öňde belläp geçişimiz ýaly, diliň iň kämil görnüşi edebi dil-
dir. Ýöne edebi dil hem öz gezeginde adamyň durmuşynda ulanylyş 
aýratynlygy, niýetlenilişi boýunça dürli toparlara bölünýär. Ýazuw 
dili üçin, esasan, dört: ylmy, resmi-iş, gazet-publisistik, çeper ede-
biýat, agzeki gepleşik üçin janly gepleýiş stili öňe sürülýär. Şeýle-de 
aralyk ýagdaýlar hem bolup bilýär. Meselem, ylmy-populýar ede-
biýatlarda ylmy we çeper edebiýat stilleriniň aralyklary ulanylýar. 
Her bir stil sözleri we grammatik aýratynlyklary babatdan tapawut-
lanýar, janly gepleýiş stili mundan başga-da aýdylyş äheňi tarapyndan 
hem birmeňzeş däldir.
Ylmy stil duýgy bildirmeýändigi we takyklygy bilen tapawut-
lanýar. Sözler ylmy stilde diňe göni manyda ulanylýar, mundan 
başga-da onda ýörite adalgalar köp bolýar. Ylmy stiliň sözlemleriniň 
gurluşy çylşyrymly bolup, tekst baplara , paragraflara, abzaslara takyk 
bölünýär.
Bu stiliň häsiýetli aýratynlyklarynyň ýene biri, onda «biziň pikiri-
mizçe», «bize mälim bolşuna görä», «hakykata laýyk gelýär» we ş.m. 
ýaly söz düzümleriniň köp ulanylýandygydyr. Türkmen diliniň ylmy 
stilinde «men» at çalyşmasyny ulanmakdan gaça durulýar. Onuň ýe-
rine, adatça, köplük manysyna garamazdan, «biz» at çalyşmasy ula-
nylýar. Türkmen diliniň ylmy stilinde «meniň pikirimçe» diýen söz 
düzümine seýrek gabat gelinýär, onuň deregine «bize mälim bolşy 
ýaly» we ş.m. söz düzümleri ulanylýar.


124
Resmi-iş stili ylmy stil ýaly, maglumatlary bermekde takyklygy, 
sözleriň göni manyda ulanylýandygy bilen häsiýetlidir. Bu stil edebi 
diliň stilleriniň arasynda has standartlaşdyrylan stil hökmünde bellidir: 
resminamalar hökümet edaralary tarapyndan tassyklanylan görnüşler 
esasynda düzülýär. Resmi-iş stiliniň aýratyn taraplarynyň biri onda 
«siziň dykgatyňyza ýetirýäris», «haýyş edýäris», «laýyklykda», 
«esasynda» ýaly sözleriň hem-de söz düzümleriniň köp ulanylmagydyr.
Resmi-iş stiliniň, şeýle-de ylmy stiliň tas ýeke-täk diýen ýaly hyz-
maty, haýsydyr bir maglumaty takyk habar bermekdir. Bulardan ta-
pawutlylykda, gazet-publisistik we çeper edebiýat stili okyjyda duýgy 
döretmek, duýgusyny oýarmak hyzmatyny hem ýerine ýetirýär. 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   77   78   79   80   81   82   83   84   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling