Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Hödürlenilýän edebiýatlar
- Edebi dil. Şiwe. Žargon. Gepleşik leksikasy
- Wladimir Dal
Ýumuşlar:
1. Dilleriň gurluş taýyndan (morfologik) bölünişine kesgitleme beriň. 2. Morfologik bölünişe laýyklykda dilleriň dört görnüşini häsiýetlendiriň. 3. Dilleriň morfologik bölünişine dünýä dilleri boýunça mysallar getiriň. Hödürlenilýän edebiýatlar: 1. Annanurow A. Dil biliminiň esaslary. II kitap. Aşgbat, 1972. 2. Вендина Т.И. Введение в языкознание. М., 2008. 3. Камчатников А.М., Николина Н.А. Введение в языкознание. М., 2009. Edebi dil. Şiwe. Žargon. Gepleşik leksikasy Biz «türkmen dili», «rus dili», «fransuz dili» ýa-da «hytaý dili» diýenimizde bu dilleriň umumylyklaryny, bir bitewüligini göz öňünde tutýarys. Ýöne islendik dil biri-birinden tapawutlanýan görnüşleriň (wariantlaryň) bitewüleşmeginden hasyl bolýar. Şol görnüşler hökmünde dürli şiweler, biri-birinden tapawutlanýan argolar hem-de žargonlar, ýönekeý gepleşik, edebi dil hyzmat edýär. Diliň esasy görnüşi, onuň dil hökmünde öňe çykmagyny üpjün edýän görnüşi edebi dildir. Biz «türkmen dili», «rus dili», «iňlis dili» diýenimizde olaryň diňe edebi dillerini göz öňünde tutýarys. Edebi dil we edebiýatyň dili biri-birinden tapawutlanýan zat- lardyr, şol bir wagtda-da olar bir zatdyr. Dünýä edebiýatynda edebi dilde däl-de, argoda ýa-da şiwelerde çeper eserleriň döredilen ha- latlary bellidir. Mysal üçin, rus ýazyjysy Wladimir Dal öz hekaýa- laryny Kazak Luganskiý lakamy bilen don şiwesinde ýazypdyr. Belli rus şahyry Nikolaý Klýuýew eserleriniň birentegini demirgazyk rus şiwelerinde ýazypdyr. Edebi diliň esasy alamaty onuň kadalaşdyrylandygydyr. Iňlis dilinde gepleýän halklar «edebi dil» adalgasynyň deregine «standard language», «standart dil» adalgasyny peýdalanýarlar. 121 Edebi diliň başga bir alamaty onuň aňladyş serişdesiniň, ilkinji nobatda, sözlük düzüminiň baýlygydyr. Argo, şiweler, ýönekeý gepleşik edebi dilden tapawutlanýarlar. Diliň bu görnüşlerinde medeni, syýasy, ylmy adalgalar asla ýokdur. Biz edebi dilde islendik zat barada, islendik temada ýazyp hem-de gep- läp bilýäris. Diliň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda, edebi dil diňe bir durmuş hajatlarynda ulanylman, eýsem, akyl-paýhas işiniň ýokary gatlaklarynda-da peýdalanylýar. Başgaça aýdylanda, edebi dil köpugurlydyr. Dil biliminde şiwe diliň çäklerdäki (territorial) görnüşi diýlip at- landyrylýar. Şiwe edebi dilden dil ulgamynyň ähli derejeleri: fonetik, morfologik, leksik we sintaktik ugurlary boýunça tapawutlanyp biler. Mysal üçin, türkmen diliniň käbir şiwelerinde edebi dilde ulanylýan «p» sesiniň deregine «f» sesiniň, dişara «s» sesiniň ýerine dişdüýbi «s» sesiniň ulanylyşyna duş gelmek bolýar. Rus diliniň demirgazyk şiweleriniň käbirinde «ч» sesiniň «ц» sesine çalşyrylyp ulanylyşyna gabat gelinýär («чай» sözüne derek «цай», «черный» sözüne derek «церный»). Türkmen diliniň şiweleriniň arasyndaky tapawut tutuşlygyna alnanda uly däldir. Mysal üçin, türkmen diliniň teke şiwesinde gep- leýän adam hiç bir kynçylyksyz ärsary ýa-da ýomut şiwelerinde gep- leýänler bilen düşünişip bilýär. Bu ýagdaý rus dilinde hem şeýledir. sibirli rýazanla, Stawropolda ýaşaýanlar demirgazykda ýaşaýan rusuň gepleýşine päsgelçiliksiz düşüner. Germaniýa we Hytaý ýaly ýurtlardaky käbir şiweleriň arasyndaky tapawut şeýlebir uly bolup, hatda rus we polýak dillerinde gepleýänler hem öz aralarynda olara garanyňda gowy düşünişýärler. Şoňa görä-de beýle ýurtlarda ýaşap, dürli şiwelerde gepleýän adamlaryň biri-birleri bilen düşünişmegi örän kyn bolup, ol ýerlerde umumy milli edebi diliň ähmiýeti düýp- li artýar. Edebi dil bu ýerlerde ýurduň ilatyny bir halka birleşdiriji bolup hyzmat edýär. Beýleki tarapdan şiwelere bölünmeýän dilleriň hem bardygyny belläp geçmelidiris. Bu görnüşdäki dile afrikans dili- ni mysal getirmek mümkin. Şiweleriň öz edebi kadalaryny emele getirmegi netijesinde aýratyn dile öwrülýän ýagdaýlary hem bar. Meselem, ýigriminji asyr- da günorta nemes şiweleriniň birinde geplän uly bolmadyk döwlet- 122 Lýuksemburg Gersoglygynyň özbaşdak dili – Lýuksemburg dili eme- le gelipdir. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling