A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Türkmen halkynyň önümçilik medeniýeti, medeni mirasy


Download 121.66 Kb.
bet33/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Türkmen halkynyň önümçilik medeniýeti, medeni mirasy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze geosyýasy doktrinasy ýurduň amatly geografiki ýerleşişini göz öňünde tutup, halkyň taryhynyň dowamynda toplan baý medeni mirasyna esaslanýar. Bu doktrina ylmy häsiýete eýe bolýar. Ýurduň galkynýan döwründe öňe sürülýän geosyýasat reallyk syýasaty bolýar. Ol türkmen halkynyň geçmişde dünýäde tutan ornuny, Garaşsyzlyk ýyllarynda dörän täze mümkinçilikleri, häzirki dünýäniň çylşyrymlylyklaryny, gapma-garşylyklaryny, köpölçegliligini bolşy kimin görýär we bar bolan mümkinçiliklerden gözbaş alýar. Ýurt Ýolbaşçysynyň öňe sürýän oýlanşykly syýasaty bar bolan ähli täzelikleri, adaty garaýyşlardan daşary çykýan pikirleri öwrenmäge we kabul etmäge açyk. Ol döwrüň talabyny kanagatlandyrmaýan garaýyşlary üýtgetmeklikden çekinmeýär. Türkmenistanyň Prezidenti 2007-nji ýylyň sentýabr aýynyň 24-ine Nýu – Ýorkda „Ýewraziýa grup“ guramasynda işewürler bilen bolan duşuşykda: „... meniň prezidentlik maksatnamam oňyn goşmaçalar üçin hemişe açykdyr“1 diýip belledi. Türkmen döwleti, bilşimiz ýaly, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ykdysadyýetde Açyk gapylar syýasatyny, daşary syýasatda bolsa, hoşniýetli Bitaraplyk syýasatyny öňe sürdi. Döwletimize 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi berildi. Türkmenistanyň hakykatdan hem dünýäniň ýurtlaryna açyk bolmaklygy üçin ýurduň geosyýasy ýerleşişiniň amatlylyklaryny ulanmak maksady bilen gerek bolan aragatnaşyk kommunikiasiýa ulgamlary döredilip başlandy. 1994-nji ýylda Aşgabatda dünýä standartlaryna gabat gelýän aeroport toplumy işe girizildi. 1996-njy ýylyň maýynda Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoly açyldy. Daşary ýurt inwestisiýalaryny çekmeklik üçin aragatnaşyk serişdeleri ulanylyp, myhmanhanalar gurulyp başlandy. Aşgabaat şäheriniň sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi üçin amatly şertler emele gelýär. 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Demirgazyk-Günorta geçelgesi boljak Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gorgan halkara demir ýolunyň gurluşygyna başlandy. Bu ýol Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň territoriýasyndan geçmek bilen ykdysady taýdan bähbitli, onlarça ýurtlar üçin möhüm tranzit marşruty bolar. Tutuş Ýewropa, Russiýa, Merkezi Aziýa ýurtlary gysgaldylan marşrut arkaly günorta deňizlerine çykmaga mümkinçilik alarlar. Öz gezeginde şeýle mümkinçilik Pars aýlagynyň ýurtlaryna demirgazyk ugur boýunça dörär.



Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling