A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Türkmen jemgyýetiniň syýasy gurluşy. Jemgyýetiň syýasy ulgamynyň döwrebaplaşmagy


Download 121.66 Kb.
bet35/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Türkmen jemgyýetiniň syýasy gurluşy. Jemgyýetiň syýasy ulgamynyň döwrebaplaşmagy. 1991-nji ýylyň dekabrynda SSSR-iň dargamagy, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyny yglan etmegi ilkinji nobatda döwlet-hukuk gurluşynyň modelini saylap almak wezipesini öňe sürdi. 17 Modernizasiýalasdyrmak jemgyýetçilik durmuşynda dartgynlylygyň güýçlenmegi, sosial taýdan gözegçiligiň mehanizminiň gowşamagy we jemgyýetde bolup geçýän prosesleri dolandyrmagyň peselmegi bilen howpludyr. Dünýä tejribesiniň görkezişine görä, ösüşiň fazalarynyň çalyşmagynyň klassyky shemasy bazis strukturalaryndaky üýtgeşmelerden syýasy nadstroýka tarapaşakdan baslanýan hereketi göz öňünde tutýar. Bu modeliň häsiýetli aýratynlygy täze, mysal üçin, kapitalistik ukladyň önümçiligiň jemgyýetçilik görnüşine öz-özünden ösüşiniň geçiş döwründe milli-döwlet integrasiýasynyň berkleşdiriji esasy bolup durýanlygyndadyr. Türkmenistan garaşsyzlygyny üpjün etmegi we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny reformirlemegi öz öňünde maksat edip goýan-da bolsa, göz öňünde tutulan özgerişlikleri durmuşa geçirmäge we geçiş döwründe jemgyýetiň durnuklylygyny saklamaga ukyply syýasy-hukuk instrumentiniň bolmandygy zerarly mesele çylşyrymlaşýardy. Bar bolan döwlet mehanizmi özbaşdak işlemäge uýgunlaşmandy. Soýuzyň döwlet sistemasyna goşulmak bilen, ol iş ýüzünde merkezden gelýän toparlary geçiriji organdy. Emele gelen ýagdaý ösüşiň täze modelini gözlemäge, geçirilýän özgerişliklerde döwletiň tebigaty, orny we roly baradaky garaýyşlaryň, ―özygtyýarlylyk‖, ―demokratiýa‖, ―dünýewi, demokratik, hukuk‖ döwlet ýaly düşünjeleriň mazmunyny we beýlekileri saldarlap görmäge bolan islegi aktuallaşdyrdy. Jemgyýetiň döwlet gurluşynyň modeli işlenip düzülende milli çeşmelere ýüzlenmek milli-döwlet integrasiýasynyň dünýä tejribesiniň analizine we türkmen halkynyň gadymdan miras galan gymmatlyklaryna esaslanýar. 18 Geçmiş taryhymyzda patyşa Russiýasy tarapyndan Orta Aziýa sebitiniň basylyp alynmagy onda ýaşaýan halklaryň jemgyýetçilik ösüşiniň ewolýusiýasyny bozdy. Häli-şindi çylşyrymly problemalaryň döreýän ýagdayyna çakgan seslenmeli bolýan geçiş döwründe, onuň ýagdaýa görä hereketler etmek üçin ýeterlik giňişligi bolmalydyr. Şeýle görnüşde formirlenen ýörelge döwlet gurluşynyň täze modeliniň gurnalmagynyň esasynda tutdy. Bütindünýä demokratik tejribesinden ugur alyp, Prezident respublikasy Türkmenistanda häkimiýetiň aňrybas ýaramly formasy hökmünde ykrar edildi. Prezidentlik instituty özüniň köklerini gadymy taryhdan alyp gaýdyp, XX asyryň II ýarymynda ykdysadyýetini we syýasy institutlaryny rekonstruksiýa edýän ýurtlaryň ählisinde ulanyldy. Prezidentligiň konstitusion institut hökmünde girizilmegi dürli döwletlerde ABŞ-da we Fransiýada, Germaniýada we Italiýada, Hindistanda we Türkiýede, Indoneziýada we Päkistanda, Latyn Amerikasy we Afrika ýurtlarynyň aglaba köplüginde, basga-da birnäçe ýurtlarda amala aşyryldy. Dolandyryşyň şu formasy GDA-nyň ýurtlarynda hem girizildi. Täze Galkynyşlar we beýik Özgertmeler zamanasy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylýan we durmuşa geçirilýän zamanasydyr.



Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling