A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Türkmen taryhynyň gadymylygy. Türkmenistan sebitde iň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň merkezidir. Jeýtun medeniýeti


Download 121.66 Kb.
bet36/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Türkmen taryhynyň gadymylygy. Türkmenistan sebitde iň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň merkezidir. Jeýtun medeniýeti. Türkmenistan öz taryhynyň gadymlygy bilen dünýä taryhynda uly orun tutýar. Dünýä ýollarynyň çatrygynda, örän amatly ýerde ýerleşen Türkmenistan geçmişiň taryhy waklalarynyň jümmüşinde bolupdyr. Bu toprak adamzat medeniýetiniň örän gadymy gülläp ösen ojaklarynyň biridir. Türkmenistanyň gadymy döwür taryhyna degişli maglumatlaryň ençemesi şu toprakda saklanan bolsa, galany goňşy döwletleriň gadymy ýazgylaryndan galypdyr. Arheologiýa tapyndylarynyň netijesinde Türkmenistanda iň gadymy adamlar takmynan 1mln ýyl mundan öň ýaşap geçendigi hakda çaklamalar bar. Adamzadyň hakyky adam bolmak hadysasy soňky 1-1,5 mln ýyllardan başlap, 35-40 müň ýyl mundan ozal kämillige ýetipdir. Biziň er. Öň XII-VII müňýyllyklarda ýaşan adamlaryň gonalgalary Balkan welaýatynda köp duş gelýär. Muňa mysal edip; Krasnowodsk ýarym adasyndaky Jebel gowagy we Kesgirbulak, Garabogaz kölüniň gündogarynda ýerleşýän Hoja suw, Depeçanak, Balkan dagynda ýerleşýän Gaýly hem Damdamçeşme, Garailim, Uzboýyň aşaky akymynyň ugurlarynda ýerleşýän Kelkör, Aktam I, Seňrajy we ş.m. Mezolit döwrüniň adamlary awlan haýwanlarynyň derisini eýlemegiň, agaçdan, süňkden, daşdan dürli görnüşli gurallary ýasamagy başarypdyrlar. Olar süňkden iňňe ýasap geýim – gejim hem dikipdirler. Jeýtunda düzümi 5-6 adamdan ybarat 35-40 maşgala hojalygy bolupdyr. Onuň jemi ilaty 200-240 adam töwerekleri bolupdyr. Her bir maşgalanyň hojalyk gap-gaçlary, bezeg şaýlary maşgala degişli jaýlarda saklanypdyr. Emma iýmit süýşirintgileri, däne, we ş.m. aýry-aýry maşgala hojalygynyň hususy jaýynda dälde, ähli oba üçin umumy bolan jaýda ýerleşdirilipdir. Şeýlelikde, jeýtunlylaryň zähmeti-de, hojalygy-da umumy bolupdyr. Ekerançylyk bilen bir hatarda hojalygyň maldarçylyk pudagy hem öz ornuny tutup başlaýar. Jeýtundan eldeki edilen geçiniň süňki tapyldy. Emma welin et, iýmiti esasan ýabany geçileriň, goýunlaryň keýikleriň we ş.m. hasabyna bolupdyr.

Türkmenisatn Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda (1941-1945ýý) Her ýylyň Magtymguly aýynyň 9-na Beýik Watançylyk urşunyň gutarandygyny uly baýramçylyk edip bellenilýär. Bu uruş adamzat taryhynda iň uzaga çeken gan döküşikli uruşlaryň biri boldy. Bu urşa dünýa ýurtlarynyň 72-si gatnaşyp, dünýäň 5/4 ilatyny öz içine aldy. Bu uruşda .ölen-ýitenleriň sany çenden aşa köp boldy. Dine SSSR döwletinden bu uruşda 26 mln. 465 müň. Adam ölüp, 20,5 mln. Adam dereksiz ýiten hasaplanýar, jemi 47 mln adam uruşdan gaýdyp gelmedi. 35 mln. Adam uruşdan maýyp bolup geldi. Faşistik Germaniýa bu uruşda 13,9 mln adam ýitirdi. Mundan başgada uruşda müňlerçe şäherler, posýoloklar, obalar ýykyldy. 25 mln adam öýsüz-öwzarsyz galdy.... Islendik uruş halk köpçüligi üçin betbagtçylyk, şeýle bolsa urşuň başlanmagyna name sebäp bolupdyr ? I. Urşuň in esasy sebäpleriniň biri iri kapftalistik ýurtlaryň arasyndaky dünýäni özara bölüşmek meýili. Ösen kapitalistik ýurtlaryň (ABŞ, Angliýa, Fransiýa) ykdysady krizisi. Üçler birleşmesiniň Italiýa, Ýaponiýa, Germaniýa we Antantanyň (ABŞ, Angliýa, Fransiýa) arasyndaky gapma-garşylyk. Bu döwletlerde bolşewizme bolan ýigrenç. Faşizimiň döremegi... SSSR döwletiniň içindäki tutha-tutlyk, bolşewizm howpy. Urşuň'esasy sebäpleriniň biri r'aşizm syýasatydyr. 1933-nji ýylda Germaniýada, faşistik partiýa ýeňiş gazandy, onuň ýolbaşçysy Adolf Gitler (Şikel Gruber) häkimýete gelen gününden sagdyn pikirli adamlara garşy aýylganç çäreler ulanyp başlady. Kapitalistik ýurtlar faşizme garşy göreşi Germaniýanyň içerki işlerine gatyşmak hökmünde baha berdiler. Faşizme garşy dine SSSR-iň wekilleri Liga naşiýada (Milletler Ligasynda) çykyş edipdirler. Ýöne SSSR-iň faşizme garşy göreşi bir tarapdan, ýurduň içindäki tutha-tutlyklar SSSR-iň syýasatyna ynamsyzlyk döredipdir. Sebäbi SSSR , döwletinde uruşdan öňki 5 sany marşaldan üçüsi atyp öldürildi. (Tuhaçewskiý, Blýuher, Yegorow). Gyzyl goşunyň 80 % ýokary çinli ofiserleri ýok edildi. Goşunda dine "leýtenantlar" galdy. Belkide Staliniň alyp baran syýasaty Germaniýa üçin SSSR - diýen äpet döwletiň üstüne çozmak üçin iň amatly pursat bolan bolmagy mümkin, olar 1941 ý 22-iýunynda SSSR-iň üstüne çozdular. 1941 ýylyň Ruhnama aýynda faşistik goşunlar Moskwanyň etegine geldiler. Ruhnama aýynyň 30-na olar "Taýfun" plany boýunça hüjüme başladylar. (Guderian). Moskwany goramakda biziň ildeşlerimiz general-mayor Panfilowyň 316-njy atyjylar diwizasiýasy deňsiz-taýsyz gahrymançylyk görkezipdirler. Elbet-de uruş uruşdyr. 01 pidasyz bolmaz. Ýöne türkmen iline şeýle çökder düşen başga uruş bolupmydy diýseň, goja taryh dymsa gerek. Şonuň üçnem, adatça tekrarlanyp gelşi ýaly. Beýik Watançylyk urşy ýyllary halkyň dine gahrymançylygy bilen beslenmän, eýsem onuň bimöçber betbagtçylygynyň, beýniňi sarsdyrýan harasatynyň-da ýyllarydyr. Faşistlere garşy aldym-berdimli söweşlerde türkmen ýigitleriniň görkezen gözsüz batyrlygy şol ýýllaryň taryhyna öçmejek sahypalar bolup ýazyldy.


Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling