A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Türkmen halkynyň XVII XIX asyrlarda goňşy döwletler bilen gatnaşygy
Download 121.66 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124 - копия
Türkmen halkynyň XVII XIX asyrlarda goňşy döwletler bilen gatnaşygy Türkmenistanyň XVI -XVII - asyrlaryň ortalaryna çenli bolan taryha Eýran, Horezm, Buhara hem-de Russiýa ýaly goňşy döwletler bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Sebäbi şol döwürde Türkmenistanyň kä bir kinesis, käte beýleki künjegi goňşy döwletleriň düzümine giripdi. Olara iň bolmanda nominal (kem-käsleýin) raýat bolupdy. Türkmenleriň Ozbaşdaklygyny saklan ýerleride goňşy döwletler tarapyndan yzygiderli talaňçylyklara sezewar edilýärdi. Olar ýerli - ýerden türkmen ülkesine göz gyzdyrýardy. Şeýlelikde 350 ýyl çemesi wagtlap türkmen ýerleri türkmenlere bagly bolmadyk sebäplere görä, jeň meýdanyna öwrülipdi.Her halda keseki ýurtly basybalyjylara türkmen halkyny doly boýun egdirlik başartmandy. Hywa hany, Eýran şasy, Buhara emiri türkmen ýerlerini öz döwletiniň düzüminde hasaplaýardylar. XVI - asyryň ahyrlaryndan başlap Türkmenistanyň Günorta we Günbatar territoriýasy Sefewileriň, soňra awşarlaryň ýeri hasaplanylýardy. Durun, Nusaý, Abywert, Tejen, Mary, Sarahs etraplary geografik taýdan Demirgazyk Horasana saýylyp, ol bolsa Eýrana degişli edilýärdi. XVI asyrda dörän Eýranyň sefewiler döwleti Horezmdäki teýmiriler döwletiniň synmagyndan peýdalanyp türkmen ýerlerini eýelemek üçin planlar düzýärdi. Şol bir wagtyň özünde Şeýbany hanyň ýolbaşçylygynda dörän Buhara hanlygyda türkmen ýerlerine ymtylýardy. Horezm tagty ugrunda 1565-nji ýylda Wezirde oturan Hajymuhammet han göreşipdir. Onuň ýeke-täk uly bäsdeşi, Günorta Türkmenistanda häkimlik eden Nurmuhammet han bolupdyr. Hajymuhammet 1592-nji ýylda Nusaýy, Duruny ozone garaşly edipdir. Ýöne Buhara hany Abdylla II zor salmagy netijesinde bu hanlaryň ikiside Eýrana gaçmaga mejbur bolupdyrlar. Netijede Kaspiý deňziniň kenaryndan başga türkmenleriň ähli territoriýasy diýen ýaly Buhara hanlary tarapyndan basylyp alynýar. Buhara hany Abdylla II ölenden son 1598 - nji ýylda Buharanyň Horezmde agalyk etmegi gowşaýar, Seýlelikde Hajymuhammet Horezme dolanyp gelýär. Onuň ogly Arapmuhammet (1602 - 21) Horezmi dolandyran wagty ýurtda gandöküşikli uruşlar dowam edipdir. XVII - asyryň 20-nji ýyllarynda Horezmde tagt ugrundaky göreş has-da ýitileşýär. 1622-nji ýylda Isfendiýar Balkan daglarynda ýaşan teke, saryk, ýomut taýpalaryndan ybarat goşun bilen Horezme gaýdyp gelýär. Ýöne ol ýeňlişe sezewar bolýar we Maňgyşlaga gaçýar. 01 ýerde 300 adamdan ybarat türkmen nokeri bilen ýaňadan Horezme gelip pitneçi doganlaryny derbi - dagyn edýär, olaryň ikisinide öldürýär. Bu söweşde Maňgyşlakdan gelen Ärsarylar, salyrlar, çowdurlar Isfendiýary goldapdyrlar. Isfendiýar han Horezmi dolandyran döwri (1623-42) onuň iň ýakyn geňeşçisi Taňryberdi diýen türkmen bolupdyr, özi-de ýanynda 100 atly türkmeni janpena saklapdyr. Gürgenjiň özbekleri Isfendiýara garşy göreşde onuň inisi Abulgazyny goldapdyrlar. 1628 -ýylda Isfendiýar bilen Abylgazy Horasana ýöriş edýärler we Eýran goşunyndan ýeňilýärler.
Download 121.66 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling