A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Türkmenistanyň ýurduň sosial pudaklaryny ösdürmek we sosial goraglylygyny ýokarlandyrmak boýunça alayp barýan işleri
Download 120.6 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124
Türkmenistanyň ýurduň sosial pudaklaryny ösdürmek we sosial goraglylygyny ýokarlandyrmak boýunça alayp barýan işleri. Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründehormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ilatyny durmuş taýdan goramak barada uly işler alnyp barylýar.Şonuň bilen birlikde ilaty durmuş taýdan goramak meseleleri kanunçylyga ornaşdyrylýar.Muňa mysal edip “ Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini we Türkmenistanyň pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda kanunyny” görkezmek bolar.Esasy kanunymyzyň 37-nji maddasyndan hem belli bolşy ýaly ” her bir adamyň durmuş üpjünçiligine hukugy bardyr”. Hormatly Prezidentimiziň 10.07.2015-nji ýylda kabul eden karary ýokardaky agzanylanlaryň aýdyň mysalydyr.Bu karar 2016-njy ýyl üçin Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýa haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň,talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndadyr.Şundan görnüşi ýaly,bu karar hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkymyz barada edilýän aladalardyr.
Türkmenler Beýik Parfiýa döwleti 1. Biziň er. öňki III asyryň ortalarynda selewki patyşalarynyň Baktriýadaky dikmesi Diodot hem-de Parfiýadaky satraby Andragor bölünip aýrylyp, özlerini özbaşdak hökümdar diýip yglan edipdirler. Şeýlelikde, Baktriýa topragynda Diodotyň ýölbaşçylygynda başynda sap Grekler duran özboluşly Grek-Baktriýa patyşalygy emele gelipdir. Parfiýa hökümdary Andragor bolsa häkimligi öz elinde uzak saklap bilmändir. Tizara Oh (Tejen ýa-da Etrek) derýasynyň jülgelerinde ýaşan dah taypalarynyň düzümine giren parnlaryň başda durmagynda Andragora garşy halk gozgalañy başlanypdyr. Gozgalañ b.er. öňki 247-nji ýylda parnlaryň serdarlary, doganlar Arşagyň we Tridatyň ýölbaşçylygynda häkimiýetiň ýerli halkyň eline geçmegi bilen tamamlanypdyr. Parfiýa döwleti döräpdir. Arşak patyşa diylip yglan edilipdir, emma ol tiz wagtda söweşde wepat bolupdyr. Ýurduň patyşalygyna Tridat saýlanypdyr. Parfiýa patyşalary eýýäm Arşagyň döwründen başlap öz ýerlerini giňeltmek, täze ýurtlary basyp almak syýasatyny ýöredilipdirler. Olar ilki bilen Girkaniyany basyp alypdyrlar,beyle yagday olary Selewkiler bilen uzak wagtlap urşmaga mejbur edipdir. Mitridat I-iň döwründe (b.er. öňki 178-138 ý.ý.) Parfiýalylar selewkilerden belli-küli üstün çykypdyrlar. Mitridat I Midiýany eýeläpdir, häkimligini Mesopotamiýada ýetiripdit. B.er. öňki 141-nji ýylda ol Wawilonyň-da patyşasy diýlip yglan edilipdir. Şeýlelikde, b.er. öňki II asyryň 50-nji ýyllarynda Parfiýa selewkileriň Tigr derýasyna çenli bolan ýerlerini eýeläpdir. Bu bolsa selewkileriň parfiýalylardan gürrüňsiz ýeňlendigini aňladýar. Parfiýalylaryň günbatar syýasatynda Mitridat II döwründe (b.er. öňki 123-87 ý.ý.) häzirki Eýran we Mesopotamiýanyň ýerlerini özüne birikdiripdirler. Mitridat II-ä “patyşalar patyşasy” ady hem berlipdir. B.er. I-nji asyrynda Baktriýa topragynda Kuşan imperiýasy döräpdir. Ol Parfiýa döwletiniň gündogaryndaky gazaply bäsleşige öwrülipdir. II-nji asyryň birinji ýarymynda dargap barýan Parfiýanyň üstüne Rim goşunlary birnäçe gezek çozuş edýär. 200 ýyl çemesi dowam eden Rim-Parfiýa bäsleşigi iň soňunda Parfiýanyň ýeňlişi bilen tamamlanýär. Netijede, 224-nji ýylda, 470 ýyl ýaşan we dünýäniň iň güýçli imperiýalarynyň biri bolan Parfiýa patyşalygy ýaşamagyny bes edýärDownload 120.6 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling