B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary
Download 1 Mb. Pdf ko'rish
|
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- SOFIZMLER 1.
III BAP
MATEMATIKI SOFIZMLER Göräýmäge dogry, emma aslynda bilgeşleýin tosla nan, logika ters gelýän pikire (netije çykarma) sofizm diýilýär. Adatça, matematiki sofizmlerde gizlin ýag daýda gadagan edilen amallar (meselem, nola bölmek, otrisatel aňlatmadan jübüt derejeli kök almak we ş.m.) ýerine ýetirilýär ýada düzgünleri, formulalary ýa da teoremalary ulanmagyň şertleri göz öňünde tutul maýar. Käbir sofizmlerde bolsa ýalňyş çyzgylary ulan mak arkaly pikir ýöretmeler geçirilýär we manysyz, ýalňyş netijeler alynýar. Matematiki sofizmleri derňemek, pikir ýoretme lerdäki ýol berlen ýalňyşlyklary öwrenmek okuwçy larda dogry pikirlenmek endigini, mysalmeseleleri çözenlerinde we teoremalary subut edenlerinde örän ünsli, ägä bolmalydyklaryny terbiýeleýär. Matematiki so fizmleri derňemek okuwçylaryň logiki pikirlenmek ukyplaryny, dogry pikir ýöretmek başarnyklaryny ös dürýär. Sofizmiň ýalňyşlygyny tapmak, soňra şuňa meň zeş ýalňyşlyklara ýol berilmeginiň öňüni alýar. Matematiki sofizmler käbir matematiki maglu matlara has çuňňur düşünmeklige ýardam edýär. Me selem, 4nji synpyň matematikasynda «Sany nola böl mek bolmaýar» diýen tassyklama öwrenilýär. Emma 76 okuwçylaryň köpüsi wagt geçenden soň bu tassyklamany ýatdan çykarýarlar we nola bölmek bilen baglanyşykly ýalňyşlyklara ýol berýärler. Emma okuwçylara nola bölmek arkaly 5 = 9 deňligi subut edip görkezmek we bu subudyň ýalňyşlygyny olaryň özlerine tapdyrmak, soňra bu ýalňyşlygyň gaýdyp gaýtalanmazlygyna ýar dam edýär. Matematiki sofizmler okuwçylarda uly gyzyklan ma hem döredýär. Diýmek, sofizmler okuwçylara ma tematikany çuňňur öwretmegiň serişdesi bolup hyzmat edýär. SOFIZMLER 1. 2 ⋅ 2 = 5 deňligi subut edýäris. Munuň üçin 4:4=5:5 dogry san deňligini ýaz ýarys. Bu deňligiň iki böleginden hem ýaýyň daşyna umumy köpeldijini çykaryp alarys: 4(1:1)=5(1:1). Ýaýdaky sanlar deňdir, şoňa göräde 4=5 ýada 2⋅2=5. 2. 2=3 deňligi subut edeliň. Munuň üçin 4–10 = 9–15 dogry deňligi ýazyp, onuň üstünde aşakdaky ýaly özgertmeleri geçirýäris: 4–10+ 6 4 1 =9–15+ 6 4 1 ; 2 2 5 3 2 5 2 2 − = − ` ` j j ; 2 2 5 3 2 5 − = − ; Diýmek, 2 = 3. 77 3. 7=1 deňligi subut edýäris. Munuň üçin 7niň we 1iň her birinden 4i aýyrýarys we netijede, 3 we –3 sanlary alarys. Ol sanlary kwadra ta göterip, özara deň 3 2 =(–3) 2 =9 alarys. Diýmek, 7 we 1 sanlar hem özara deň bolmaly. 4. 6=7 deňligi subut edeliň. Aşakdaky deňlemeler ulgamyny ornuna goýmak usuly bilen çözýäris: , ; , ; , ; x y x y x y x y y y x y 3 7 2 3 3 7 2 3 3 2 3 7 2 3 + = = + = = + = = - - - - - ` j * * * 6 – y + y = 7, 6 = 7. 5. Piliň agramy syçanyň agramyna deň. Goý, piliň agramy a(kg), syçanyň agramy bolsa b (kg) bolsun. Olaryň agramlarynyň orta arifmetiki ba hasyny bilen belgiläliň. Onda a+b=2 , a=2 –b, a–2 = –b bolar. Soňky iki deňligi agzamaagza köpeldip alarys: a 2 – 2a = b 2 – 2b . Bu deňligiň her bölegine 2 y goşup alarys: a 2 –2a + 2 =b 2 –2b + 2 ýada (a – ) 2 =(b – ) 2 . Soňky deňlikden (a – )=(b– ) ýada a=b alarys. Diýmek, piliň agramy syçanyň agramyna deň. 6. Otluçöp telegraf sütüninden iki esse uzyndyr. Goý, otluçöpiň uzynlygy a (dm), telegraf sütüniniň uzynlygy bolsa b (dm) bolsun. bniň we anyň tapawu dyny c bilen belgiläp alarys: b –a=c, b=a+c. 78 Bu deňlikleri agzamaagza köpeldip alarys: b 2 –ba=c 2 +ca. Soňky deňligiň iki böleginden hem bc-ni aýryp alarys: b 2 –ba–bc=c 2 +ca–bc ýada b(b –a–c)= –c(b–a–c). Bu ýerden b= –c deňligi alarys. c=b –a bolýanlygyny göz öňünde tutsak, b=a –b ýada a=2b deňligi alarys. Diýmek, otluçöpiň uzynlygy (a), tele graf sütüniniň uzynlygyndan (b) iki esse uly. 7. 2 =–2 deňligiň subudy. 16–16+4=1– 6+9 deňligiň dogrulygy şübhesizdir. 4 2 –2•4•2+2 2 =1 2 –2•1•3+3 2 ; (4–2) 2 =(1–3) 2 ; 4–2=1–3; 2= –2. 8. Otrisatel san položitel sandan uludyr. a>0 we b>0 iki san alyp, aşakdaky iki gatnaşygy deňeşdireliň: b a - we b a - . Bu gatnaşyklar deňdir, çünki olaryň her biri b a - deňdir. Proporsiýa düzýäris: . b a b a − = − Eger proporsiýada birinji gatnaşygyň ilkinji ag zasy özünden soň gelýän agzadan uly bolsa, onda ikinji gatnaşykda hem bu şert ýerine ýetmeli. Biziň mysalymyzda a>–b, diýmek, –a>b şert hem ýerine ýet meli. Onda otrisatel san položitel sandan uly bolar. 9. Noldan tapawutly islendik san özüne garşylykly sana deňdir. 79 Noldan tapawutly erkin a sany alalyň we ony x bi len belgiläliň: x=a. Bu deňligiň iki bölegini hem –4a köpeldeliň: –4ax = –4a 2 ýada 4a 2 – 4ax = 0. Bu deňligiň iki bölegine hem x 2 y goşup alarys: x 2 – 4ax + 4a 2 = x 2 ýada (x – 2a) 2 = x 2 . Diýmek, x–2a=x. x=a deňligi göz öňünde tutup alarys: a–2a=a ýada a= –a. 10. Deň däl iki sanyň elmydama birinjisi ikinjisin den uludyr. Goý, a we b erkin sanlar we a≠b bolsun. Onda (a – b) 2 >0, ýagny a 2 –2ab + b 2 >0, ýagny a 2 + b 2 > 2ab. Bu deňsizligiň iki böleginede –2b 2 y goşup alarys: a 2 – b 2 > 2ab – 2b 2 ýada (a–b)(a+b)>2b(a–b). Deňsizligiň iki bölegini hem a – b bölüp alarys: a + b > 2b. Bu ýerden bolsa a > b gelip çykýar. 11. Islendik san özünden iki esse uly sana deň. Goý, a islendik san bolsun. a 2 – a 2 = a 2 – a 2 toždestwo alalyň. Onuň üstünde aşakdaky ýaly özgertmeleri ge çireliň: a(a – a) = (a – a) (a + a). Bu toždestwony ýönekeýleşdirip a=2a deňligi alarys. 12. 2=3 deňligi subut etmegiň ýene bir täsin «usulyny» getireliň. Islendik b san we a = b + 1 san alalyň. Bu deňligiň iki bölegini hem ab köpeldeliň: a 2 – ab = ab + a – b 2 – b ýada a 2 + b 2 = 2ab + a–b. Bu deňlik islendik b we a = b + 1 deňlik bilen ber len a san üçin dogrudyr. Onda a = 2 we b = 2 bahalary 80 goýup alarys: 4 + 4 = 2 ⋅2⋅2 + 2 – 2, ýagny deňlik dogry. Diýmek, a = b + 1 berlen deňlik hem a=b=2 bolanda dogry. Şeýlelikde, 2=2+1, ýagny 2=3. Download 1 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling