Sapagyň temasy:
|
Sanlary bir hasaplaýyş sistemasyndan
beýlekisine geçirmek.
|
Sapagyň maksatlary:
|
|
1)Bilim berijilik maksady:
|
Sanlary bir hasaplaýyş sistemasyndan
beýlekisine geçirmek barada umumy düşünje bermek.
|
2) Terbiýeçilik maksady:
|
Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine söýgi döretmek.
|
Sapagyň görnüşi:
|
Leksiýa sapagy.
|
Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:
|
Sanly serişdeler, kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar.
|
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Sekizlik we onaltylyk hasaplaýyş sistemalary diýen temany soramak.
Sorag-jogap alyşmak:
1. Sekizlik we onaltylyk hasaplaýyş sistemasynyň elipbiýi näçe simwoldan durýar?
2. Onaltylyk hasaplaýyş sistemasynyň A, B, C, D, E, F simwollary haýsy sanlary aňladýar?
3. Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaryň informatika dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.
Do'stlaringiz bilan baham: |