4. Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1 Sanlary bir hasaplaýyş sistemasyndan beýlekisine geçirmek barada umumy düşünje bermek.
2. Informasiýalary işlemegiň kompýuter tehnologiýalaryna we usullaryna gyzyklanmany kemala getirmek we ösdürmek.
3. Kompýuter-informasion tehnologiýalary.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- Informasion hukuklary we howpsuzlyk düzgünlerini;
-Algoritmler, algoritmi ýerine ýetirijileri;
- Internet torunda howpsuzlyk düzgünlerini;
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- Aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi;
– Obýektleriň we işleriň taýýar modellerini peýdalanmagy;
– Öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.
Sanlary bir hasaplaýyş sistemasyndan beýlekisine geçirmek .
Ilki bilen, onluk bitin sanlary beýleki hasaplaýyş sistemasyna geçirmegiň düzgünini
kesgitläliň. Bu düzgüni biri-birine meňzeş bolan iki görnüşde beýan etmek bolar.
Onluk hasaplaýyş sistemasyndaky bitin sany ikilik hasaplaýyş sistemasyna geçirmek üçin berlen onluk sany ikilik sistemanyň esasy bolan 2-ä bölmeli we bölmekden galan galyndyny ýazmaly. Soňra ýeten paýy 2-ä bölmeli we galan galyndyny ýazmaly. Bu işi tä paýda 0 alynýança dowam etmeli. Netijäni almak üçin galyndylary ters tertipde, ýagny yzdan öňe ýa-da aşakdan ýokarlygyna ýazmaly.
1‑nji mysal. 2610 sany ikilik sistema geçirmeli:
26:2=13, galyndy 0.
13:2=6,
galyndy 1.
6:2=3,
galyndy 0.
3:2=1,
galyndy 1.
1:2=0,
galyndy 1.
Galyndylary aşakdan ýokarlygyna ýazalyň:
26 10= 110102.
Onluk hasaplaýyş sistemasyndaky bitin sany 3-lük hasaplaýyş sistemasyna geçirmek üçin berlen onluk sany 3-lük sistemanyň esasy bolan 3-e bölmeli we bölmekden galan galyndyny ýazmaly. Soňra ýeten paýy 3-e bölmeli we galan galyndyny ýazmaly. Bu işi tä paýda 0 (nol) alynýança dowam etmeli. Netijede, galyndylar ters tertipde ýazylýar.
Do'stlaringiz bilan baham: |