Mekdebi: Wagty


Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly


Download 291.51 Kb.
bet4/18
Sana11.09.2023
Hajmi291.51 Kb.
#1675611
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   18
Bog'liq
10 Informatika(6y)-I

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi;
– obýektleriň we işleriň taýýar modellerini peýdalanmagy;
- kompýuter tehnologiýalaryndan gündelik durmuşda peýdalanmagy.
Kodlama. Kompýuterde informasiýanyň dürli görnüşleriniň aňladylyşy .
Adamlar biri-biri bilen gürleşmek üçin türkmen, rus, iňlis we ş.m dilleri ulanýarlar. Bilşimiz ýaly, diliň esasyny onuň elipbiýi düzýär. Bu elipbiý dilden sözleýşiň seslerini
geçirmek üçin ulanylýan grafiki belgileriň sistemasyny öz içine alýar. Diliň elipbiýi islendik ýazuw medeniýetiniň kody hasaplanýar. Bu kod gürrüňdeşlikde ses görnüşinde, hat alşylanda bolsa harp görnüşinde geçirilýär.
Adamlar aýratyn kodlar görnüşinde aňladylan formal dilleri hem ulanýarlar. Matematiki, fiziki, himiki formulalar, saz notalary, ýol belgileri we ş.m. formal dillere mysal bolup bilýär.16
Kod – bu her birine kesgitli bahalar degişli edilen şertli belgileriň sistemasydyr.
Informasiýany saklamak, geçirmek we işläp taýýarlamak mümkin bolar ýaly ony oňaýly görnüşde aňlatmaly bolýar.
Informasiýany käbir kod bilen berlen düzgünlere laýyklykda
özgertme prosesine informasiýany kodlamak, kodlamaga ters bolan prosese bolsa, koddan çykarmak diýilýär.
Informasiýany kodlamagy we geçirmegi dürli usullar bilen:dilden, ýazmaça, el hereketleriniň we elektrik signallarynyň kömegi bilen ýerine ýetirip bolýar. Meselem, harytlary ştrihkodlaryň kömegi bilen kodlamak has giňden ulanylýar (1.3-nji surat).
Bank magnit kartoçkalarynyň magnit zolagynda onuň eýesi baradaky informasiýa kodlanandyr.
5. Täze temany berkitmek: Sorag-jogap alyşmak: 1. Kod näme?
2. Ýol belgileri kodlamaga mysal bolup bilermi?
3. Näme üçin kompýuterde informasiýalary ikilik kodlamak ulanylýar?
Gönükmeler
1. Informasiýalary kodlamaga mysallar getiriň.
2. Morzeniň tablisasynyň kömegi bilen rus elipbiýinde ýazylan aşakdaky informasiýalary kodlaň:
a) РОДИНА; b) НЕЙТРАЛЬНЫЙ ТУРКМЕНИСТАН.

Download 291.51 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   18




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling