Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- Internet torunda howpsuzlyk düzgünlerini;
- Iiş stoluny sazlamagy;
- Tekst redaktoryň niýetlenen işini.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- Aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi;
– Obýektleriň we işleriň taýýar modellerini peýdalanmagy;
– Öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.
Hasaplaýyş sistemalary barada düşünje. Onluk we ikilik hasaplaýyş sistemalary .
G adymy döwürlerden bäri adamyň gündelik işinde hasaplamak we ölçemek zerurlygy ýygy-ýygydan gabat gelýär. Obýektleri sanamagyň netijesi ilkibaşda has ýönekeý, ýagny taýaklarda kertikler ýa-da ýüplerde
düwünjikler görnüşinde aňladylypdyr. Ýazuwyň ösmegi bilen adam obýektleriň sany baradaky informasiýany belgiler bilen
aňlatmagy ulanyp başlapdyr.
Sanlary ýazuw belgileriniň kömegi bilen ýazmak usulyna hasaplaýyş sistemasy diýilýär.
Iň gadymy hasaplaýyş sistemalaryndan biri Müsür iýeroglifik sistemasy hasaplanýar. Bu sistemada sanlar (1; 10; 100; 1000) suratda görkezilişi ýaly, aýratyn belgiler görnüşinde aňladylypdyr.
Sanlary ýazmak üçin harplaryň ulanylan hasaplaýyş sistemalarynyň biri hem, gadymy grek hasaplaýyş sistemasydyr (5-nji tablisa).
Hasaplaýyş sistemalary pozisiýalaýyn we pozisiýalaýyn däl
görnüşde bolýar.
Islendik sanyň ýazgysynda her bir sifriň bahasy öz duran
ornuna bagly bolmasa, onda bu hasaplaýyş sistemasyna pozisiýalaýyn däl hasaplaýyş sistemasy diýilýär.
Rim hasaplaýyş sistemasy muňa mysal bolup biler.
5. Täze temany berkitmek:Sorag-jogap alyşmak: 1. Hasaplaýyş sistemasy näme?2. Gadymy hasaplaýyş sistemalaryndan haýsylaryny bilýärsiňiz?3. Pozisiýalaýyn we pozisiýalaýyn däl hasaplaýyş sistemalary nähili tapawutlanýar?
Gönükmeler
1.Rim hasaplaýyş sistemasyndaky sanlary onluk hasaplaýyş sistemasyna geçiriň:
Do'stlaringiz bilan baham: |