O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet1/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy



O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa 
KÄRHANANYŇ
YKDYSADYÝETI
Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby 
Türkmenistanyň Bilim ministrligi 
tarapyndan hödürlenildi
Aşgabat
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
2017


UOK 338.45:378
Ý 36
Ýazmyradowa O., Nabatowa A.
Kärhananyň ykdysadyýeti. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw ki­
taby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 
Okuw kitaby ykdysady dersleri okatmagyň tejribelerine, ykdysadyýet 
bilen meşgullanýan alymlaryň ylmy işlerine we Türkmenistanyň ykdysady 
ösüşiniň maglumatlaryna salgylanyp taýýarlanyldy. Okuw kitabynda dürli 
eýeçilikdäki kärhanalaryň aýratynlyklary we milli hojalygy alyp barmakda 
kärhanalaryň eýeleýän orny beýan edilýär.
Bu kitap ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary üçin ni­
ýetlenip, ondan aspirantlar we ykdysady meseleler, şeýle­de bazar ykdysady­
ýeti şertlerinde kärhanalaryň we alyjylaryň ykdysady taýdan özüni alyp barşy 
bilen gyzyklanýanlar peýdalanyp bilerler. 
TDKP 274, 2017
KBK 65.9 (2) 29 ýa 73
© O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa, 2017 
Ý 36


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW



TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY


TÜRKMENISTANYŇ
DÖWLET SENASY
Janym gurban saňa, erkana ýurdum,
Mert pederleň ruhy bardyr köňülde.
Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur,
Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde.
Gaýtalama:
Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim­janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!
Gardaşdyr tireler, amandyr iller,
Owal­ahyr birdir biziň ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,
Nesiller döş gerip gorar şanymyz.
Gaýtalama:
Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim­janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!


7
GIRIŞ
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek üçin 
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şä herçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap 
merkezleriniň ilatynyň durmuş­ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020­nji ýyla çenli 
döwür üçin rejelenen görnüşindäki milli Maksatnamasynda» we «Türkmenistany ykdysa­
dy, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020­nji ýyla çenli döwür üçin Baş ugry» milli 
Maksatnamasynda Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan özgertmegiň anyk ugurlary 
görkezilýär. Şeýle özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýokary bilimli ykdysadyýetçilere uly 
ynam bildirilýär. Ýokary bilimli ýkdysadyýetçiler halk hojalygyna we onuň pudaklaryna 
ýolbaşçylyk etmeli hünärmenlerdir. Olar ykdysady ösüşiň örän netijeli ýollaryny gözläp 
tapyp, ony ýerine ýetirmegiň usullaryny kesgitleýärler, önümçilik ätiýaçlyklarynyň örän 
rejeli ulanylyşynyň ugurlaryny kesgitleýärler, kabul edilýän borç namalaryň ýerine ýetiri­
lişini guraýarlar, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda höweslendiriji çäreleri işläp 
düzýärler.
Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda häzirki 
zaman zawodlar, fabrikler we kärhanalar yzygiderli gurulýar, olar halkara standartlary­
na laýyk gelýän önümleri öndürýärler. Biziň ýurdumyz ykdysady we medeni pudaklarda 
belent sepgitlere ýetýär. 
Ykdysadyýetçi döwletiň hojalyk syýasatyny, ykdysady kanunlaryň hereketini düşnük­
li bolan sanlara we görkezijilere geçirýär. Ol hünärmenlere ylmyň, tehnikanyň gazanan­
laryny durmuşa geçirmegiň ýol laryny salgy berýär, halk hojalygyna gerekli harytlary kes­
gitleýär we onuň öndürilişini guramaga ýardam edýär we sarp edijilere ýetirýär.
«Kärhananyň ykdysadyýeti» dersi birnäçe bölümlerden ybarat bolup, ykdysadyýe­
tiň bazar şertlerinde kärhanalaryň işleýşi, kärhanalaryň önümçilik faktorlarynyň çyg­
ry, kärhanany dolandyrmagyň ykdysady mehanizmi we beýleki zerur bolan temalara 
bölünýär. «Kärhananyň ykdysadyýeti» dersi «Telekeçiligiň ykdysadyýeti», «Senagat 
menejmenti», «Marketing», «Buhgalter hasaby we hojalyk işleriniň seljermesi», «Sena­
gatyň maliýesi», «Senagatyň ykdysadyýeti» we beýleki dersler bilen örän ýakyn arabag­
lanyşyklydyr.


8

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling