O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
I BAP. BAZAR YKDYSADYÝETINDE
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
I BAP. BAZAR YKDYSADYÝETINDE
KÄRHANA 1.1. Telekeçilik işi we eýeçilik Telekeçilik (biznes) – raýatlaryň we olaryň birleşikleriniň harytlaryň, işleriň we hyz matlaryň bellibir görnüşlerini öndürmäge we ýerlemäge gönükdirilen hemde bu işden peýda almaga gönükdirilen maksadalaýyk işidir. Bu işi amala aşyrmak önümçilik faktor lary diýlip atlandyrylýan serişdeleriň peýdalanylmagyny talap edýär. Olara (önümçilik faktorlaryna) zähmet, maýa, ýer, tebigy serişdeler, şeýle hem telekeçilik ukyby degişlidir. Zähmet – adamyň we olaryň birleşikleriniň (kollektiwleriň) düşünjeli, energiýany sarp etmegi, tagalla etmegi we işleri ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýan maksadalaýyk işidir. Maýa giň manyda – harytlary we hyzmatlary öndürmek üçin adamlar tarapyndan döredilen serişdelerdir. Has dar manyda bolsa önümçilik işine goşantdyr. Ol jaýlary, desga lary satyn almak ýada gurmak, maşynlary, enjamlary we beýleki şoňa meňzeş zatlary ýa da maddy däl aktiwleri (patentleri, ygtyýarnamalary, nouhau we beýlekileri) satyn almak ýoly bilen amala aşyrylýar. Tebigy serişdeler – tokaýlar, suw serişdeleri, howa basseýni, gazylyp alynýan peýdaly magdanlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi görnüşinde tebigatda bar bolan ykdysady önüm çilik serişdeleridir. Telekeçilik ukyby – adamyň özüne harytlary öndürmek, satmak üçin serişdeleriň iň gowy sazlaşygyny tapmaga we peýdalanmaga, oýlanyşykly, çözgütleri yzygiderli kabul et mäge, täzelikleri döretmäge ugurtapyjylyk häsiýetleriniň, başarnyklarynyň we ukyplarynyň toplumydyr. Telekeçilik işi iki görnüşde amala aşyrylýar, bu görnüşler eýe çiligiň peýdalanylýan emläge (maýa) bolan gatnaşyklary bilen häsi ýetlendirilýär: 1. Emlägiň (maýanyň) eýesi bilen önümçiligi gönüdengöni guraýjy (dolandyryjy, menejer) bir şahsda birleşýär. Şunda emlägiň (maýanyň) eýesi bolup durýan anyk şahsy tarap ýada adamlaryň topary öz maýasynyň peýdalanylmaly çygryny özleri kesgitleýärler, öz işlerini guraýarlar we bu işi önümleri (hyzmatlary) öndürmekden başlap olary ýerleşdir mäge çenli dolandyrýarlar. 2. Telekeçi gönüdengöni eýe (hususyýetçi) bolup durmazdan, işi eýesi bilen bag laşylan şertnamanyň esasynda amala aşyrýar. Bu bolsa telekeçiniň özüne hojalygy ýöret mek hukugynyň esasynda degişli bolan gozgalmaýan emlägi eýesiniň razylygy bolmaz dan satmaga, ony kärendä tabşyrmaga, girewine goýmaga, hojalyk jemgyýetiniň we şereketleriň esaslyk maýasyna gatanç hökmünde geçirmäge ýada başga bir görnüşde ygtyýar etmäge hakynyň ýokdugyny aňladýar. Kärhana degişli beýleki emläklere ol özbaş dak ygtyýar edýär, kanunda ýada beýleki kadalaşdyryjy namalarda bel lenilen ýagdaýlar muňa girmeýär. 9 «Eýeçilik» düşünjesi, adatça, iki manyda ulanylýar. Birinjiden, haýsydyr bir subýekte degişli emläk hökmünde. Ikinjiden, adam laryň arasyndaky maddy nygmatlary almagyň bellibir görnüşini gör kezýän gatnaşyklar hökmünde. Eýeçiligiň bolmagy, öňi bilen aşakdaky hukuklary göz öňünde tutýar: – emläkden peýdalanmak hukugy; – şu emlägiň getirýän netijelerinden peýdalanmak hukugy; – bu netijelere öz garaýşyňa görä ygtyýar etmek hukugy. Raýat kodeksine laýyklykda eýeçiligiň döwlet, munisipal, hususy we beýleki görnüşleri ykrar edilýär. Eýeçilik hukugy esasynda döwlete, şeýle hem onuň subýektlerine degişli bolan emläk döwlet eýeçiligi bolup durýar. Eýeçilik hukugy esasynda şäherlere we obalara, şeýle hem beýleki munisipal birlikle re degişli bolan emläk munisipal eýeçilik bolup durýar. Raýatlara we ýuridik şahslara degişli bolan emläk hususy eýeçilik bolup durýar. Garyşyk eýeçilik eýeçiligiň dürli görnüşleriniň utgaşmagynda, mysal üçin, paýna malar bukjasynyň bellibir böleginiň (esaslyk maýadaky bölegiň) döwletiň eýeçiliginde, beýleki bir böleginiň bolsa hususy eýeçilikde bolan halatynda ýüze çykýar. Kanunçylyk umumy eýeçilik kategoriýasyny göz öňünde tutýar, ol iki ýada ondan köp fiziki şahslaryň eýeçiliginde bolýan we onuň bellenilen maksadyny üýtgetmezden bölüp bolmaýan (umumy eýeçilik hukuklarynda birnäçe fermerçilik hojalyklaryna degişli bolan traktor) ýada kanun boýunça bölünmäge degişli bolmadyk emläk hökmünde kesgitlenýär. Ýurtda telekeçilik işi ýuridik şahsy döretmek bilen we döretmezden amala aşyrylýar. Öz eýeçiliginde, hojalygynda ýada gündelik dolandyrmagynda aýrybaşga emlägi bar bolan we özüniň şu emläk babatynda borçnamalary boýunça jogap berýän gurama ýuridik şahs diýip ykrar edilýär. Ol öz adyndan emläk we şahsy emläk däl hukuklary alyp hemde amala aşyryp, borç edinip, kazyýetde talapkär we jogapkär tarap bolup biler. Ýuridik şahs bellige alnanda tassyklanan tertipnamanyň bolmagy ýada esaslandyryş şertnamasynyň we tertipnamanyň bolmagy hökmany bolup durýar. Olarda kärhananyň maksatlary, gurama çylyk taýdan gurluşy, dolandyryş edaralarynyň hukuklary we borçlary, şeýle hem esas landyryjylar bilen eýeleriniň arasyndaky esasy özara gatnaşyklar kesgitlenilýär. Ýuridik şahsyň ady we ýerleşýän ýeri hökmany suratda görkezilýär. Öz işiniň esasy wezipesi hökmünde peýda almak maksadyny öňde goýýan gurama lar (täjirçilik guramalary), şeýle hem peýda almak wezipesini öňde goýmaýan gurama lar (täjirçilik däl guramalar) ýuridik şahslar bolup biler. Täjirçilik däl guramalar sarp ediş kooperatiwleri, jemgyýetçilik we dini guramalar, gaznalar we edaralar görnüşinde döredip bilerler. Gatnaşýanlaryň maddy we beýleki isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, raýatlaryň we ýuridik şahslaryň agzalyk esasynda meýletin birleşmesi sarp ediş koopera tiwi diýlip ykrar edilýär, ol onuň agzalary tarapyndan emläk paý gatançlaryny birleşdirmek ýoly bilen amala aşyrylýar. 10 Raýatlaryň ruhy ýada maddy däl isleglerini kanagatlandyrmak üçin olaryň bähbitleri niň umumylygy esasynda bellenilen tertipde döredilýän meýletin birleşme jemgyýetçilik we dini guramalar diýlip ykrar edilýär. Raýatlar we ýuridik şahslar tarapyndan meýletin emläk gatanç larynyň esasynda döre dilýän, agzalygy bolmadyk, durmuş, haýyrsahawat, medeni, bilim ýada jemgyýetçilige peýdaly beýleki maksatlary öňde goýýan täjirçilik däl gurama gazna diýlip ykrar edilýär. Emläk eýesi tarapyndan dolandyryş, durmuşmedeni ýada täjirçilik däl häsiýetli beýleki maksatlary amala aşyrmak üçin döredilen we onuň özi tarapyndan dolulygyna ýa da bölekleýin maliýeleşdirilýän gurama edara diýlip ykrar edilýär. Täjirçilik guramalary bolup duran ýuridik şahslar hojalyk şereketleri we jemgyýet leri, önümçilik kooperatiwleri, döwlet we munisipal unitar kärhanalar görnüşinde döredilip bilner. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling