O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet3/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Sorag we ýumuşlar
1. Telekeçilik işi nämeden ybarat?
2. Esasy önümçilik faktorlaryny görkeziň.
3. Ýurtdaky esasy eýeçilik görnüşlerini görkeziň.
4. «Ýuridik şahs» düşünjesine kesgitleme beriň.
5. Täjirçilik däl guramalaryň görnüşlerini we olaryň aýratynlyklaryny gör keziň.
 1.2.
Kärhana: düşünje, düýp manysy,
hereket etmegiň ykdysady esaslary
Ykdysadyýetiň esasyny önüm öndürmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmat etmek düz­
ýär. Önümçilik bolmasa sarp ediş bolmaz­da, diňe ozal toplanan baýlyk gutarar. Önümçi­
ligi guramagyň häzirki görnüşi ykdysadyýetiň esasy bölegi (halkasy) bolup çykyş edýän 
kärhana bolup durýar. Tutuş ykdysadyýetiň ýagdaýy onuň işiniň netijeliligine, maliýe ýag­
daýyna, tehnologik we durmuş taýdan «guratlygyna» baglydyr. Kärhana ýurduň tutuş yk­
dysadyýetiniň çylşyrymly piramidasynyň esasyny emele getirýär. 
Biz kärhana, öňi bilen hem senagat kärhanasy bilen tanyşýan wag tymyzda özi bilen 
zawodlaryň binalaryny, enjamlaryny, ulag ulgam laryny, kommunikasiýalary, ýagny önüm­
çilik­tehniki toplumy gör ýäris. Olaryň aňyrsynda kärhananyň işiniň barşynda biri­biri bilen 
çyl şyrymly gatnaşyklara girýän adamlar – işçiler, inženerler, önüm çili giň guramaçylary 
(menejerler), eýeler (paýdarlar) bar.
Kärhana has doly häsiýetnama bermek üçin önümleri ýerlemegi guramak, ony sarp 
edijileriň topary, harytlary iberme ulgamy we üpjün edijileriň düzümi barada hem düşün­
jäniň bolmagy zerurdyr. Mundan başga­da, kärhananyň guramaçylyk­hukuk görnüşi, onuň 
emläginiň düzümi we gymmaty, maliýe­karz guramalary hem­de döwlet bilen özara gat­
naşyklary we ş.m. anyklanmalydyr. Bularyň ählisi bilelikde kärhananyň ykdysady taýdan 
bitewüligini emele getirýär. 
«Kärhana» düşünjesine dürli nukdaýnazardan seredip bolar. Bir tarapdan, kärhana bu 
telekeçilik işini amala aşyrmak üçin peýdalanylýan emläk toplumydyr. Kärhana öz işini 
amala aşyrmak üçin niýetlenen ähli emläk görnüşlerini, şol sanda ýer böleklerini, jaýlary, 


11
desgalary, enjamlary, esbaplary, çig maly, önümleri, firma adyny, haryt nyşanlaryny, şeýle 
hem bergileri we beýleki aýratyn hukuklary bir topluma birleşdirýär. 
Beýleki tarapdan, kärhana bu tehniki we guramaçylyk prosesleri, onuň içinde bolup 
geçýän ykdysady gatnaşyklar bilen emele getirilýän bellibir durmuşy bitewülikdir. Aýdylan­
laryň ählisini nazara almak bilen, «kärhana» düşünjesini şunuň ýaly emele getirip bolar:
Kärhana – ykdysady we özbaşdak kanuny, ýagny ýuridik şahsyň hukuklary, haryt­
lary, işleri, hyzmatlary öndürmek we ýerleşdirmek hem­de peýda almak ýaly maksatlaryň 
umumylygy bilen kesgitlenýän guramaçylyk­tehniki, ykdysady we durmuş bitewülik bilen 
şertlendirilen hojalyk birligidir.
Guramaçylyk­tehniki, ykdysady we durmuş bitewülik şulary göz öňünde tutýar:
– peýdalanylýan serişdeleriň ähli görnüşleriniň we kärhananyň işiniň ykdysady neti­
jeleriň umumylygyny;
– önümçilik serişdeleriniň umumylygyny we özara baglanyşygyny, tehnologik en­
jamlaryň özara baglylygyny we biri­biriniň üstüni ýetirýändigini;
– önümçiligi we zähmeti guramagyň ýeke­täk ulgamyny;
– işleýänleriň maksatlarynyň we bähbitleriniň umumylygyny.
Kärhananyň ykdysadyýetiň esasy bölegi hökmündäki ähmiýeti şu ýagdaýlar bilen 
kesgitlenýär:
– kärhanalarda önüm öndürilýär, işler ýerine ýetirilýär we hyzmatlar edilýär, olar 
aýratynlykda her bir adamynyň we tutuşlygyna jemgyýetiň ýaşaýşynyň maddy esasyny 
emele getirýär;
– kärhana jemgyýetde önümleri öndürmek, ýerleşdirmek, paýlamak we sarp etmek 
bilen bagly emele gelýän gatnaşyklaryň esasy subýekti hökmünde çykyş edýär;
– kärhana esasy önümçilik serişdelerine (çig mala, materiallara, ýangyja, energiýa, 
tehnologik enjamlara, işçi güýjüne, maliýe we mag lumat serişdelerine), tehnologik, önüm 
we guramaçylyk­dolandyryş innowasiýalaryna bolan isleg çeşmesi bolup durýar;
– kärhana ähli derejelerdäki býujetleriň girdejilerini emele getirmegiň iň möhüm çeş­
meleriniň biri bolup durýar;
– ilatyň köp bölegi kärhanalarda işlemek bilen, özüniň zähmeti üçin hak­heşdek alýar;
– kärhanalarda raýatlar durmuş taýdan uýgunlaşma geçýärler, ähli derejedäki dolandyryş 
edaralary tabynlygyndakylar bilen özara gatnaşyklarynyň kadalary we endikleri emele gelýär.
Kärhana hereketsiz duran göwre däldir. Islendik kärhana öz «ömrüniň» dowamynda 
«döreýiş ­ ösüş – durnuklaşma – peselme – ýapylma» döwrüni geçýär. Kärhanalar döreýärler 
we ýapylýarlar, olaryň ýerinde täzeleri peýda bolýar, olar hem öz gezeginde täze döreýän­
lere öz orunlaryny berýärler.
Häzirki zaman kärhanalary hünärmentçilik önümçiligi, manifakturalar we fabrikler 
tap gyrlaryny geçmek bilen, uzak ewolýusiýanyň netijesinde häzirki görnüşe geldiler.
Hünärmentçilik önümçiligi önümçilik işinde diňe adamyň fiziki güýji bilen herekete 
getirilýän gurallaryň peýdalanylýandygy bilen tapawutlanýar. Zähmet gurallaryny dolan­
dyrmak hünärmentden uly sungaty, kähalatlarda bolsa degerli fiziki güýji talap edipdir. 
Düzgün bolşy ýaly, hünärment önümi taýýarlamak boýunça amallaryň hemmesi bolma­
sa­da, köpüsini ýerine ýetiripdir. El bilen herekete getirilýän gurallaryň ulanylmagy we 
zähmet bölünişiginiň pes derejesi onuň öndürijiliginiň ýokary derejesini üpjün edip bil­


12
meýärdi. Haryt ýerleşdirilýän bazarlaryň çäkli bolmagy we ösen bazar gatnaşyklarynyň 
bolmazlygy şol bir wagtda satyjynyň wezipeleriniň hünärment tarapyndan ýerine ýetiril­
megine getiripdir.
Tehnikanyň we zähmeti guramagyň ösmegi, bazaryň giňelmegi öndürijileriň öz öndüren 
önümlerini ýerleşdirmekdäki kynçylyklaryny şertlendirdi. Şonuň üçin hem öndüriji bilen 
sarp edijiniň arasynda öndürijiden taýýar önümi has giň we uzakdaky bazarda gaýtadan sat­
mak üçin satyn alýan ýa­da öndürijä gaýtadan işlemek üçin materiallary berýän we soňundan 
bazarda ýerlemek üçin taýýar önümleri alýan araçy hökmany suratda tanyşdyrylmalydyr. Iki 
ýagdaýda hem bu hünärmentçilik önümçiliginden manifaktura geçmäge ýardam berilmelidir.
Manifaktura hem, hünärmentçilik önümçiligi hem diňe adam tarapyndan herekete ge­
tirilýän gurallary peýdalanmagy häsiýetlendirýär, ýöne muňa garamazdan, olaryň birinjisi 
kärhananyň möçberiniň ululygy we zähmet bölünişiginiň has ýokary derejesi bilen tapawut­
lanýar. Hünärmentçilik önümçiliginden çykan manifaktura iki ugur bilen ösdi:
– biri­birine bagly bolmazdan işleýän, ýöne bellibir önümi ön dürmek boýunça amal­
lary ýerine ýetirýän birnäçe özbaşdak hü när mentleriň birleşmegi: mysal üçin, araba manu­
fakturasy ozal aýry­aýrylykda işlän demirçi ussalaryň, agaç ussalarynyň, misçileriň, gaň­
ňa çylaryň, ti kinçileriň birleşmesi hökmünde emele gelipdi;
– bir hünärdäki hünärmentleriň birleşmegi: mebel taýýarlaýan agaç ussalary mebel 
manifakturasyny döredipdirler.
Iki ýagdaýda hem telekeçi işçileriň arasyndaky birleşdiriji hal ka hökmünde çykyş 
edipdir, ol manifaktura ýolbaşçylyk edipdir we ahyr ky maksada ýetmek üçin ähli amallary 
dolandyrypdyr.
Kärhananyň ösüşinde üçünji – has kämil tapgyr fabrik bolup dur ýar. Bellibir derejede 
iri kärhana bolmak bilen, ol manifakturadan maşynlaryň bardygy bilen tapawutlanýar. Eger 
manifakturada önümçilik aýry­aýry amallary ýerine ýetirýän işgärleriň arasynda bölünen 
bolsa, onda fabrigiň maşyn önümçiligi aýry­aýry işçileriň wezipelerini birleşdirmäge 
niýetlenendir. 

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling