O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Çyzyklaýyn-funksional we diwizional gurluşlaryň


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet14/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Çyzyklaýyn-funksional we diwizional gurluşlaryň
gowy taraplarynyň deňeşdirmesi
Çyzyklaýyn-funksional gurluş
Diwizional gurluş
1. Durnuklylyk (durnukly gurşawda has 
netijelidir)
1. Çeýelik (hereketdäki gurşawda has 
netijelidir)
2. Dolandyryş çykdajylarynda tygşytlylyk 2. Çözgütleri kabul etmegiň tizligi
3. Ýöriteleşme we ezberlilik
3. Düzgün tertipli çemeleşme
4. Bir funksional gullugyň ygtyýarlygyna 
girýän ýönekeý meseleleri çalt çözmek
4. Çylşyrymly özara zerur meseleleri çalt 
çözmek
5. Durnukly tehnologiýadan we emele 
gelen bazardan ugur almak
5. Täze tehnologiýalardan we bazarlardan 
ugur almak
6. Baha bäsdeşliginden ugur almak
6. Baha däl bäsleşikden ugur almak
Matrisaly guramaçylyk gurluşy kärhananyň önüminiň dürli görnüş lerini işläp taýýar­
laýan we çykarýan, birnäçe maýa goýum ýa­da innowasion taslamalary durmuşa geçirýän 
mahalynda diwersifisirlenen önümçiligiň şertlerinde ýüze çykýar. Şunuň ýaly gurluş çy­
zyklaýyn­funksional we diwizional gurluşlaryň sintezinden ybaratdyr (7-nji surat).
Umumy görkezmeler ýerine ýetirijilere çyzyklaýyn ýolbaşçylar tara pyndan, aýratyn 
görkezijiler (instruksiýalar) bolsa aýry­aýry taslamalaryň ýolbaşçylary tarapyndan berilýär. 
Taslamalaryň ýolbaşçylaryna ýörite ygtyýarlyklar berilýär, olar çözgütleri kabul edýärler, 
funksional birliklerden gelip gowuşýan maglumatlary birleşdirýärler we teswirleýärler, tas­
lamalaryň barşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar. Ulgamlaýyn ýolbaşçylaryň görkezmeleri­
niň anyk bir taslama boýunça işlere degişli bolan ýagdaýynda bu görkezmeler aýry­aýry 
taslamalaryň ýolbaşçylary bilen ýazmaça ylalaşylýar.
Matrisaly gurluşyň esasy artykmaçlyklary çeýelik, depginlilik, teh nologik maýany 
we maýa goýum işini saklap galmagy hem­de gi ňelt megi kepillendirmek bolup durýar. 
Taslamanyň ýolbaşçysynyň onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hünär derejesini 
ýokarlandyr maga bolan isleg we aýratyn kollektiwleýin maksatlaryň birleşmegi bilen şert­
lendirilen şahsy gyzyklanmasy kollektiwiň agzybirligini hö wes lendirýär hem­de zähmet 
öndürijiliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Şonuň üçin hem bu gurluş, köplenç halatda, 
wagt boýunça çäkli taslamalar ýerine ýetirilende ulanylýar. 


32

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling