O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- II BAP. KÄRHANANYŇ GURLUŞ DÜZÜMI WE ÖNÜMÇILIK DÖWRI 2.1. Kärhananyň umumy we guramaçylyk gurluşy
Sorag we ýumuşlar
1. «Ykdysady işiň görnüşi» düşünjesini açyp görkeziň. 2. «Senagatyň pudaklaýyn gurluşy» näme? 3. Senagat önümçiliginiň düzüm gurluşynyň hasaplanyp çykarylýan esasy görnüşlerini aýdyp beriň we olaryň artykmaçlygyny we ýetmezçiligini gör keziň. 4. Pudaklaryň, kiçi pudaklaryň we önümçiligiň görnüşleriniň topara bölünmesiniň esasy görnüşlerini aýdyp beriň. 26 II BAP. KÄRHANANYŇ GURLUŞ DÜZÜMI WE ÖNÜMÇILIK DÖWRI 2.1. Kärhananyň umumy we guramaçylyk gurluşy Gurluş – ulgamy emele getirýän elementler bilen olaryň arasyndaky durnukly ara- gatnaşyklaryň jemidir. Kärhana çylşyrymly ulgam bolup, onuň içinde özara hereket edýän birnäçe gurluşlary uçastoklary, sehleri, beýleki birlikleri görkezip bolar. Kärhananyň ähli önümçilik sehleri we uçastoklary, kärhanany dolandyrmagy amala aşyrýan birlikler, şeýle hem oňa hyzmat etmek bilen meşgullanýan birlikler kärhananyň umumy gurluşyny emele getirýärler. Kärhananyň önüm taýýarlamagyň barşynda özara hereket edýän önümçilik bölümleri niň (sehleriň, uçastoklaryň) düzümi, önümçilik bölümleriniň ululygy we olaryň işgärleriniň sany, esasy serişdeleriň gymmaty, eýeleýän meýdany boýunça gatnaşygy, olaryň giňişlikde ýerleşişi kärhananyň umumy gurluşynyň bir bölegi bolup durýan önümçilik gurluşyndan ybaratdyr. Kärhanalaryň birlikleriniň arasynda dolandyrmagyň barşynda ýüze çykýan özara bag lanyşyklaryň we özara gatnaşyklaryň jemi guramaçylyk gurluşyny emele getirýär. Gu ramaçylyk gurluşynyň esasy wezipesi kärhananyň ähli birlikleriniň işine gözegçiligi we olaryň utgaşmagyny üpjün etmek bolup durýar. Kärhananyň guramaçylyk gurluşy kärha nanyň dürli funksional we çyzyklaýyn birlikleriniň yg tyýarlyk derejesini görkezýär. Guramaçylyk gurluşy kärhananyň wezipelerine (meýilnamalaş dyrmak, hasaba alyş, maliýe, işgärler, marketing, önümçilik we beý le kiler), şeýle hem onuň işiniň aýratynlyk laryna – önümiň nomen kla turasyna we assortimentine, bazaryň aýratynlygyna we ş.m. la ýyk lykda emele getirilip bilner. Dolandyryş täsirlerini durmuşa geçirmegiň başlangyç binýady we guramaçylyk gur luşyny taslamagyň esasy bolup, wagt we giňişlik boýunça oýlanyşykly paýlanan hemde bag lanyşdyrylan dolandyryş wezipeleri çykyş edýär. Önümçilik prosesini dolandyrmagyň esasy wezipeleri şular bolup durýar: 1.Guramaçylyk – bu bellenen netijäni mümkin bolan az harajatlar bilen gazanmak maksady bilen, yzygiderli özara baglanyşykly hereketleriň birleşigidir. Önümçiligi gura mak bilen dolandyryş ulgamy ýakyndan bag lanyşyklydyr. Önümçiligi guramagy kämilleş dirmek täze dolandyryş ulgamlaryny talap edýär, bu ulgamlary ornaşdyrmak bolsa önüm çiligiň guralyşyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar. Guramaçylyk wezipesi önümçilige hem, tutuşlygyna kärhanany dolandyrmaga hemde onuň aýryaýry önümçilik bölümlerine we ýerine ýetirijilere hem degişlidir. 2. Kadalaşdyrmak (ölçegleri bellemek) – bu önümçiligiň we dolandyrmagyň barşyn da peýdalanylýan dürli elementleriň mukdar hemde hil çägini belleýän ululyklary esas landyrmak işidir. Onuň wezipesi kadaly we sazlaşykly ösüşi üpjün etmek üçin önümçilik 27 tabşyryklaryny işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi tertipleşdirmek bolup durýar. Kadalaşdyrmak wezipesi dürli kadalaşdyryjy resminamalary döretmek we peýdalanmak bilen durmuşa geçirilýär. 3. Meýilnamalaşdyrmak bu bellenilen maksatlara ýetmek bo ýunça anyk hereketler maksatnamasyny düzmek we ony önümçilik bölümlerine hemde anyk ýerine ýetirijile re ýetirmekdir. Tutuşlygyna ala nyňda kärhananyň we onuň gurluş birlikleriniň işiniň teh nikiykdysady görkezijileri meýilnamalaşdyrmak üçin esas bolup durýar. 4. Utgaşdyrmak – bu kärhananyň önümçilik we funksional birlikleriniň sazlaşykly işini üpjün etmekdir. 5. Gözegçilik bu kärhananyň önümçilikhojalyk işiniň netijelerini umumylaşdyrmak, seljermek we baha bermek, meýilnama görkezijilerinden gyşarmalary ýüze çykarmak we degişli dolandyryş çözgütlerini öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, maglumatlary birlikleriň we funksional gulluklaryň ýolbaşçylarynyň dykgatyna ýetirmekdir. 6. Düzgünleşdirmek bu önümçilik işiniň barşynyň bellenen tertibinden we meýilna malaşdyrylan netijelerden ýüze çykarylan gyşarmalary aradan aýyrmak boýunça dessine çäreleri görmekdir. Islendik kärhananyň işi hökmany suratda kärhananyň dereje sin de menejmentiň esa sy «bloklaryny» düzýän şu umumy wezipeleriň durmuşa geçirilmegini öz içine alýar: marketing, strategik meýilnamalaşdyrmak, hasaba alyş, maliýe we ykdysady taýdan meýilnamalaş dyrmak, işgärleri dolandyrmak, önümçilik prosesini guramak we beý lekiler. Guramaçylyk gurluşynda her bir element bellibir orun eýeleýär. Oňa aragatnaşykda bolmak mahsusdyr, şol gatnaşygyň üstünden dolandyryşyň barşynda olaryň özara hereketi (göni we gaýdyş aragatnaşygy) ýüze çykýar. Elementleriň guramaçylyk gurluşynyň için däki arabaglanyşyklarynyň çyzyklaýyn, funksional we wezipeara häsiýeti bolup biler. Çyzyklaýyn aragatnaşyklar birlikler bilen dolandyryşyň dürli de re jelerindäki ýolbaş çylaryň arasynda ýüze çykýar we bir ýolbaşçynyň beýleki ýolbaşça edara ediş (administra tiw) taýdan tabyn bolan ýerinde peýda bolýar (direktor – sehiň başlygy – ussa). Funksional aragatnaşyklar birlikler bilen dolandyryşyň dürli derejelerinde bellibir iş bilen bagly ýolbaşçylaryň arasyndaky özara hereket üçin häsiýetlidir. Şunda olaryň arasyn da edara ediş tabynlygy bolmaýar (mysal üçin, sehiň önümçilik maksatnamasyny düzmek: sehiň başlygy – önümçilikdispetçerçilik bölümi). Wezipeara aragatnaşyklar şol bir dolandyryş derejesindäki birlikleriň arasynda (kärhananyň dürli sehleriniň ýada funksional birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda) ýüze çykýar. Sanalyp geçilen aragatnaşyklaryň häsiýeti dolandyryşyň guramaçylyk gurluşynyň görnüşini kesgitleýär. Iň ýönekeý guramaçylyk gurluşy çyzyklaýyn gurluşdyr (3-nji surat). Onuň esasynda ähli dolandyryş wezipeleriniň kärhananyň ýol baş çysynda jemlenmegi bolup, şunda ähli birlikleriň we sehleriň do lan dyryş işgärleri onuň göni tabynlygynda bolýar. Şunuň ýaly gu ramaçylyk gurluşynda işgärler gönüdengöni ýolbaşça tabyn bolýarlar (gözegçilik gerimi 28 510 adam). Bu görnüşe iýerarhiýa (tabynlyk bas gançagy) we bir ýolbaşçylyk ýörelgesi mah susdyr, çyzyklaýyn ýolbaşçylara bolsa bilimleriň, dolandyryş usullarynyň we ýörel geleriniň uni wersallygy häsiýetlidir. Kärhananyň ýolbaşçysy 1 1.1 1.2 1.3 2.1 2.2 2.3 3.1 3.2 3.3 2 2 Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling