O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet12/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Kärhananyň ýolbaşçysy
A
1
2
3
B
Ç
4-nji surat. Guramanyň funksional gurluşy
Guramanyň funksional gurluşy (A, B, Ç – funksional birlikler; 1, 2, 3 – önümçilik 
birlikleri)
Önümçiligiň diwersifikasiýa edilmegi we dolandyryşyň ýöriteleşmegi utgaşdyrylan 
gurluşlaryň peýda bolmagyna getirdi, olaryň arasynda çyzyklaýyn­funksional gurluş (5-nji 
surat) has giň ýaýran gurluş bolup, ol çyzyklaýyn we funksional ulgamlaryň esasy gowy ta­
raplaryny birleşdirýär we şol bir wagtyň özünde dolandyryş işiniň ýöriteleşmeginiň ösüşi­
ni üpjün edýär. Şunda önümçiligiň netijeleri üçin jogap berýän çyzyklaýyn ýolbaşçylaryň 
abraýy saklanýar.
Kärhananyň ýolbaşçysy
1
A
B
Ç
2
3
5-nji surat. Guramanyň 
çyzyklaýyn
-funksional gurluşy
Guramanyň çyzyklaýyn­funksional gurluşy (A, B, Ç – funksional birlikler; 1, 2, 3 – 
önümçilik birlikleri).
Dolandyryşyň ykdysady usullarynyň agdyklyk edýän ýagdaýynda, bäsleşik, tiz üýt­
geýän makroykdysady gurşaw şertlerinde, sarp edijileriň ileri tutmalarynyň we gymmat­
lyklarynyň üýtgäp durýan ýagdaýlarynda çyzyklaýyn­funksional gurluşyň artykmaçlyklary 
doly aýdyň görünmeýär, ýöne onuň ýetmezçilikleri has gowy duýulýar:
– maglumatlaryň hereketiniň haýallygy we degişlilikde, çözgütleriň haýal kabul edil­
megi;


30
– çyzyklaýyn we funksional ýolbaşçylaryň bähbitleriniň laýyk gel mezligi, bu bolsa kabul 
edilýän çözgütleriň tizligine we hiline täsir edýär; 
– orta derejedäki ýolbaşçylaryň örän inçe ýöriteleşmegi, bu olaryň gözýetimini çäk­
lendirýär we şeýlelikde, täzelikleriň girizilmеgi kynlaşýar;
– ýolbaşçylaryň töwekgelçiligi peseltmäge we çözgütler kabul edilende, öz üstüne uly 
jogapkärçilik almakdan gaça durmaga çalyşmaklary.
Senagat taýdan ösen ýurtlarda çyzyklaýyn­funksional gurluşdan daş laşma bellenilýär 
(onuň nusgawy görnüşi telekeçiligiň däp bolan ugurlarynda orta we kiçi kärhanalarda sak­
lanyp galýar). Iri kompani ýalaryň arasynda guramaçylyk gurluşynyň diwizional görnüşi 
agdyklyk edýär.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling