O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet15/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Kärhananyň ýolbaşçylary
Taslamalaryň ýolbaşçysy
1­nji taslama
1
2
3
2­nji taslama
Marketing
Hasap
Maliýe
Ykdysadyýet
Işgärler
Meýilnamalaşdyrmak
3­nji taslama
Funksional birlikler
7-nji surat. Kärhananyň guramaçylyk gurluşynyň
matrisa gurluşy
Matrisa ulgamlarynyň ýetmezçilikleriniň hataryna ony amala aşyrmagyň dolan­
dyryşdaky bir ölçeglilik ýörelgesini berjaý etmek bilen bilelikde bolup geçmeýändigini 
degişli edip bolar, şonuň netije sinde her bir tabynlykda işgäriň bir däl­de, birnäçe ýolbaş­
çysy bolýar, olaryň görkezmeleri bolsa, köplenç halatda, gapma­garşy bolup biler. 
Sorag we ýumuşlar
1. Kärhananyň umumy, guramaçylyk we önümçilik gurluşyna kesgitleme beriň.
2. Kärhananyň esasy guramaçylyk gurluşlarynyň nähili ýetmezçilikleri we artykmaçlyklary 
bar?
3. Edara ediş-buýruk beriş we bazar ykdysadyýeti şertlerinde işleýän kärhanalar üçin haýsy 
guramaçylyk gurluşlarynyň has kabul ederliklidigine seljerme geçiriň we esaslandyryň. 
 2.2.
Guramaçylyk gurluşlaryny emele getirmek
we olary transformirlemek
Ykdysady gurşawyň yzygiderli üýtgeýän talaplaryna laýyk gel ýän guramaçylyk gur­
luşynyň gözlegi kärhanalary öz guramaçylyk gurluşyny üýtgetmäge mejbur edýär. Islen­
dik, bellibir şertler üçin iň gowy gurluş kärhananyň hereket etmeginiň barşynda daşky we 
içki gurşawda bolup geçýän üýtgemelere laýyk gelmän başlaýar. 
Guramaçylyk gurluşynyň emele getirilmegine daşky we içki faktorlar täsir edýärler, 
ýöne esasy roly önümçiligiň görnüşi – senagat önüm çiligini guramagyň aýratynlyklarynyň 
toplumlaýyn häsiýetnamasy oýnaýar. Önümçiligiň görnüşi önümçilik prosesiniň esasy 
ele mentleriniň içki aragatnaşyklarynyň häsiýetini we iş ýerlerinde önümçilik şertleriniň 
durnuklylyk derejesini görkezýär hem­de birnäçe faktorlara, ýagny ýöriteleşme dereje sine, 
önümçiligiň gerimine, önüm leriň taýýarlanýan nomenklaturasynyň çylşyrymlylygyna we 
dur nuklylygyna bagly bolýar. Önümçiligiň üç görnüşi tapawutlandy rylýar: aýratyn, tapgyr­
laýyn we köpçülikleýin.


33
Aýratyn önümçilik üçin çäkli derejede sarp edilýän önümiň dürli görnüşli we 
yzygiderli üýtgeýän nomenklaturasyna girýän önüm leri bir­birden (aýratyn) çykar­
mak häsiýetlidir (turbinalar we kuw watly elektrik maşynlary, kärende stanlary iri 
we özboluşly metal kes ýän stanoklar we ş.m.). Tapgyrlaýyn önümçilige çäkli no­
menklatura girýän, çykarylmagy bellibir wagtyň dowamynda gaýtalanýan bir meňzeş 
önümleri bir wagtda tapgyrlaýyn öndürmek mahsusdyr. Tap gyr diýip anyk döwrüň 
dowamynda üznüksiz, ugurdaş ýa­da yzy giderli, bölekleýin önümçilige goýberilýän 
birnäçe gurluş taýdan bir meňzeş önümlere düşünilýär. Iri elektro hereketlendiri­
jiler, kompres sorlar, ýol­gurluşyk we oba hojalyk maşynlary hem­de tehnikanyň 
beýleki görnüşleri tapgyrlaýyn önümçiligiň dürli görnüşli desgalary bolup durýarlar. 
Önümleriň sanyna baglylykda tapgyrda ownuk tapgyrlaýyn, orta tapgyrlaýyn we iri 
tapgyrlaýyn önümçilik görkezilýär.
Köpçülikleýin önümçilige önümiň çäkli nomenklaturasyny köp möçberlerde taýýar­
lamagyň bellibir derejede uzak döwri mahsusdyr. Mysal üçin, awtomobiller, telewizorlar, 
durmuşda ulanylýan elektrik enjamlary we tehnikanyň beýleki görnüşleri köpçülikleýin 
önümçiligiň görnüşli obýektleri bolup durýar. 
Önümçiligiň guramaçylyk görnüşli gurluşyna täsir edýär. Köpçülikleýin önümçilik 
üçin işleýänleriň umumy sanynda hünärmenleriň paýynyň az bolmagy, diýmek, özbaş­
dak gurluş birlikleriniň az bolmagy häsiýetlidir, şonuň netijesinde dolandyryş wezipeleriň 
merkezleşme derejesi ýokarlanýar. Dolandyryş wezipeleriniň köp böle giniň gönüden­gö­
ni önümçilik birliklerine berilýän ýeri bolan aý ratyn önümçilikde guramaçylyk gurluşy 
merkezleşmeden aýrylmaga ymtylýar, bu bolsa diwizional gurluşlaryň peýdalanylmagyna 
ge tirýär. Tapgyrlaýyn önümçilikde tapgyryň möçberi guramaçylyk gurluşyny kesgitleýär, 
ownuk tap gyrlaýyn önümçiligiň guralyşynyň aýratyn önümçiligiň guramaçylyk gurluşyna 
meňzeşligi bardyr, iri tap gyrlaýyn önümçiligiň guralyşy bolsa köpçülikleýin önümçiligiň 
gura maçylyk gurluşyna golaý bolýar. 
Guramaçylyk gurluşy ulgamyň aýry­aýry elementleriniň bilelikde hereket etmeginiň
aýry­aýry elementleriň hereket etmeginiň jemi netijeliligine garanyňda has ýokary umumy 
netijeliligi üpjün eder ýaly guralmalydyr (ulgamlaýyn netije diýlip atlandyrylýar).
Guramaçylyk gurluşy aşakdaky şertleri kanagatlandyrar ýaly gör nüşde işlenip taýýar­
lanylýar:
– serişdeleriň peýdalanylyşyny amatly utgaşdyrmak we gözegçilik etmek hem­de 
kärhananyň işiniň ýokary ykdysady netijeliligi;
– kärhananyň her bir birligi boýunça maýa goýum we önümçilik harajatlaryny hem­ 
­de çykdajylary hasaba almak.
Guramaçylyk gurluşyny işläp taýýarlamak şu tapgyrlary öz içine alýar:
– kärhananyň maksatlaryny we wezipelerini bellemek;
– goýlan maksatlara ýetmek üçin kärhana tarapyndan durmuşa geçirilýän wezipeleri 
kesgitlemek (umumy ýolbaşçylyk, maliýe, ykdysady seljeriş, maliýe gözegçiligi, meýilna­
malaşdyrmak, hasaba alyş, işgärleri dolandyrmak, marketing, satyn almalar, önümçilik we 
ýerleşdirme);
3. Sargyt № 996


34
– wezipeleri toparlamak ýa­da özara baglanyşdyrmak;
– anyk wezipeleriň durmuşa geçirilmegi üçin jogap berýän gurluş birliklerini anyk­
lamak;
– işleriň esasy görnüşleriniň ählisini seljermek, meýilnamalaşdyr mak we beýan 
etmek; 
– täze birlikler üçin işgärleri toplamak we okatmak maksatnamalaryny düzmek.
Guramaçylygy taslamak (guramaçylyk gurluşyny işläp düzmek) şu kadalary berjaý 
etmek bilen amala aşyrylýar:
– kärhananyň wezipeleri anyk birliklere ýa­da adamlara berkidilmelidir. Eger kärha­
nada haýsydyr bir wezipesiniň amala aşyrylmagyna jogap berýän bölüm ýa­da işgär ýok 
bolsa, onda ony ýerine ýetirmek serişdeleriň, birinji nobatda bolsa ýüze çykýan meseleleri 
çözmek üçin gerek boljak wagtyň ýitirilmegi bilen bagly bolar;
– her bir wezipäni diňe bir birlik ýa­da bir ýerine ýetiriji amala aşyrmaly, bolmasa 
gaýtalama ýüze çykar, bu hem önümçilik däl çykdajylarynyň bolmagyna getirýär we do­
landyryşyň ýitirilmegine sebäp bolýar;
– kärhananyň geljekki ösüşini göz öňünde tutmaly we guramaçylygy taslamak işini 
geljekki maksatlara gözükdirmeli;
– guramaçylyk gurluşyny amatly etmegiň esasy parametrlerine üns bermek talap 
edilýär, olaryň arasynda şular bardyr: dolandyryş çygry – birligiň ýolbaşçysynyň tabynly­
gyndaky işgärleriň sany; dolandyryş derejeleriniň sany; işler, prosesler, enjamyň görnüşleri, 
ýerleşýän ýerleri, önümler ýa­da sarp edijileriň derejeleri boýunça jikme­jikleşdirmek; 
borç lary we ygtyýarlyklary tertipleşdirmek we paýlamak.
Guramaçylyk gurluşy döwürleýin ösýär. Bellibir tapgyrda kärhana özüniň gurama­
çylyk gurluşynyň çäginden «ösüp çykýar» we ony özgertmek üçin şertler peýda bolýar.
Kärhananyň gurluşynyň üýtgemegi bilen bagly ony özgertmegiň esasy usuly gur­
luş taýdan üýtgedip guramak bolup durýar, ol do lan dyryş gurluşyny we wezipeleri­
ni kämilleşdirmäge degişlidir. Kär hanany gurluş taýdan üýtgedip guramagyň maksa­
dy önümçiligiň neti jeliligini, önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, 
zäh met öndürijiligini artdyrmak, şeýle hem önümçilik harajatlaryny azalt mak bolup 
durýar. Gurluş taýdan üýtgedip gurmagyň barşynda öz gertmeler toplumlaýyn amala 
aşyrylýar we kärhana hereket etmegiň bazaryň üýtgän şertlerine laýyk gelýän täze şer­
tlerine geçýär. 
Gurluş taýdan üýtgedip guramagy geçirmegiň netijesinde ýüze çykýan täze gurama­
çylyk gurluşy şu talaplara laýyk gelmelidir:
– bähbitleriň çapraz gelmeginiň mümkin bolan nokatlarynyň sanyny azaltmak;
– birlikleriň arasynda maglumatlaryň çalt we netijeli alşylmagyny üpjün etmek;
– dolandyryş çözgütlerini kabul etmegiň barşynda ygtyýarlykla ryň we borçlaryň 
paýlanyşyny düzgünleşdirmek.


35
2-nji tablisa

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling