O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 12-nji surat. Meýilnamalaşdyrma sepgitleri boýunça meýilnamalaryň görnüşleri
Dolandyryş derejesi
Meýilnamalaşdyrma sepgidi Ýokary ýolbaşçylyk Uzak möhletli (strategik) meýilnamalaşdyrmak Orta derejedäki menejment Orta möhletli meýilnamalaşdyrmak Aşaky derejede dolandyryş Gysga möhletli meýilnamalaşdyrmak 12-nji surat. Meýilnamalaşdyrma sepgitleri boýunça meýilnamalaryň görnüşleri Strategiýa kärhananyň haýsy harytlary we hyzmatlary öndürjekdigini, onuň üpjün edijiler, sarp edijiler we bäsdeşler bilen özara gatnaşyklarynyň nähili boljakdygyny kes gitleýär, firmanyň içinde çak edilýän döwürde kärhanany dolandyryş ulgamyny tertipleş dirýän kadalaryň işlenip taýýarlanmagyny we peýdalanylmagyny göz öňünde tutýar. Stra tegik meýilnamalaşdyrmak işinde iki tapgyr, ýagny maksatlary bellemek we strategiýany emele getirmek tapgyry, strategik alternatiwalary saýlap almak tapgyry görkezilýär. Kärhananyň syýasaty degişli ykdysady, durmuş we dolandyryş filosofiýasyna esas lanýar. Bu hem onuň imijini kesgitleýär, ol köplenç hil we mukdar görkezijileri görnüşin de dälde, özüňi alyp barmagyň standartlary görnüşinde öz beýanyny tapýar. Kärhananyň syýasatyny anyklaşdyrmaga maksady bellemek prosesi mümkinçilik berýär, ol hakykatdan strategik meýilnamalaşdyrmagyň birinji tapgyry bolup durýar. Maksatlary bellemek prosesi kärhananyň işiniň şu jähtlerini göz öňünde tutýar: 1. Kärhananyň ykdysady we önümçilik ýagdaýy ýaşaýyş döwrüniň haýsy tapgyryna laýyk gelýär? 47 Kärhananyň ýaşaýyş döwri (ösüş döwri) esasy üç tapgyrdan durýar: ösüş, durnuklaş ma we peselme. Şuňa laýyklykda kärhana üç ýagdaýyň birinde bolup biler: – ösüş üçin amatly ýagdaý; – durnuklaşma bolan isleg; – ýaşamak (hereket etmek) zerurlygy. Her bir ýagdaýa öz strategik maksatlary mahsusdyr. 2. Ykdysady we önümçilik işiniň gurluşy näderejede deňagramly bolup durýar? Kärhananyň işiniň gurluşy şu ýagdaýlarda deňagramly bolup durýar: a) işiň esasy, ileri tutulýan görnüşi, iň bolmanda şular ýaly görnüşleriň çäkli sany kesgitlenende; b) işiň esasy görnüşi ileri tutulýan görnüşleriň ösüşine tabyn edilende; ç) önüm öndürmek, ony ýerlemek we serişdeleri üznüksiz öndürmek işleri tebigy taýdan biribirine deň ölçegli bolanda. 3. Kärhananyň bazardaky paýy bilen bu paýy artdyrmagyň çaklanylýan ösüş depgin leri kärhananyň bar bolan mümkinçiliklerine laýyk gelýärmi? Bazardaky paý – kärhananyň şu harydynyň satylýan möçberleriniň bellibir döwür de bazarlarda şol harydyň satuwlarynyň umumy möçberlerine bolan göterimlerde kes gitlenýän gatnaşygydyr. Bazar şertlerinde kärhananyň söwdalarynyň ösüş tizligi daşky konýunktura, kärhananyň içki gurluşyna we onuň maliýe mümkinçiliklerine, şeýle hem önümiň bäsdeşlige ukyplylygyna baglydyr. 4. Kärhananyň serişdeler bilen üpjünçiligi we onuň işindäki töwekgelçilikler doly de rejede göz öňünde tutulypmy? Serişdeler bilen üpjünçilik derejesi kärhananyň ösüş mümkinçiliklerini çäklendirýär, bu ýagdaý maksatlar bellenilende göz öňünde tutulmalydyr. Daşky gurşawyň özüni alyp barşyny öňünden bilip bolmaýandygy sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilige hem birnäçe ýagdaýlarda çäklendirýän faktor hökmünde seredilip bilner. Bar bolan serişdelere baha berlende täjirçilik we maliýe töwekgelçiligine seljerme geçirmek hökmany bolup durýar. 5. Kärhananyň işiniň durmuş we ekologiýa jähtleri häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýärmi? Işgärleriň hili köp babatda kärhananyň durmuş ulgamynyň ösüş derejesine baglydyr. Zähmet hakynyň deňeçer derejesinde işgärleri durmuş we medenidurmuş şertleri özüne çekýär. Önümçilik işleriniň ekologiýa kadalaryna laýyk gelmegi kadaly önümçilik işiniň hökmany şerti bolup durýar. Sanalyp geçilen hil parametrlerini hasaba almak bilen, kesgitlenen maksatlar anyklaş dyrylmalydyr – olaryň üsti mukdar görkezijileri bilen ýetirilmelidir. Uzak möhletli meýilnamalaşdyrmagyň görkezijileri kärhananyň seredilýän döwür üçin maksatlaryny kesgitleýär. Bu görkezijilere şular degişlidir: – satuwlaryň möçberi; – satuwlaryň möçberiniň ösüş depgini; – peýdanyň möçberi; – jemi maýa üçin peýdanyň ölçegi; – satuwlaryň düşewüntliligi; – bazardaky paý. Satuwlaryň möçberi kärhanynyň işiniň binýatlyk görkezijisi bolup durýar, sebäbi beýleki görkezijileriň köpüsi kärhanany ýa satuwlaryň möçberini emele getirýän faktor 48 lar nukdaýnazaryndan häsiýetlendir ýärler ýada olardan alnan görkezijiler bolup durýarlar. Maksatlary bel lemek görkezijileriniň sany we olaryň anyk toplumy birnäçe şertlere bagly dyr, olaryň arasynda meýilnamanyň degerli işläp geçme dereje sini (jikmejiklik derejesi), kärhananyň eýeçilik görnüşini, onuň görnüşini (diwersifisirlenen ýada ýöriteleşdirilen) we ölçegini görkezýärler. Strategik meýilnamalaşdyrmagyň maksatlary bellemek tapgy ryndan soňky tapgyr stra tegiýany yzygiderli emele getirmekden we strategik saýlawlary saýlap almakdan durýar. Strategiýany emele getirmek we strategik saýlawlary saýlap almak düzgüni şulary öz içine alýar: – bar bolan strategiýa baha bermegi; – emele getirmek düzgüniniň özüni; – töwekgelçilige baha bermegi meýilnamalaşdyrmagy; – strategik saýlawy saýlap almagy. Strategiýany emele getirmek düzgüni tutuş kärhananyň dereje sinde, şeýle hem onuň birlikleriniň derejesinde strategik meýilnamalaryň tapgyryny işläp taýýarlamagy göz öňün de tutýar. Kärhananyň strategiýasy ähli strategik meýilnamalary bir bitewülige birleşdirýär. Ýeketäk strategik meýilnamanyň esasy onuň binýatlyk strategiýasy bolup durýar. Kärhananyň ösüş döwrüniň tapgyryna laýyklykda şu aşakdaky strategik binýatlyk strategiýa laryň birini saýlap alyp bolar: – ösüş strategiýasy – ösdürmek strategiýasy, onuň esasynda önümçiligiň möçberleri ni, peýdany, maýany artdyrmak islegi ýatýar. Şeýle hem ol hüjüm ediş hökmünde kesgit lenip bilner; – durnuklaşdyrma strategiýasy – satuwlaryň we girdejileriň möç berleriniň durnuksyz şertlerinde kärhananyň işiniň strategiýasy. Ol satuwlaryň, girdejileriň möçberleriniň üýt gäp durýan iň irki dö würlerinde durnuklaşdyrmagyny gazanmaga we soňundan ösüş stra tegiýasyna geçmäge gönükdirilendir, şeýlede onuň hüjüm edişgoranyş hä si ýeti bardyr; – ýaşamak (hereketde bolmak) strategiýasy – kärhananyň işinde çuň ykdysady çök günlik şertlerinde peýdalanylýar we arassa goranyş häsiýeti bolýar. Binýatlyk strategiýalaryň her biri üçin goýlan maksatlara ýetmäge mümkinçilik berýän birnäçe strategik saýlawlar bardyr. Strategik meýilnamalaşdyrma şertlerinde kesgitlenýän mukdar görkezijileri gysga möhletli meýilnamalaşdyrmagyň barşynda mundan belýäk hem jikmejikleşdirmek we takyklamak üçin ugur alyş nokady bolup durýar. Meýilnamalary düzmegiň we olary jikmejikleşdirmegiň iki esasy shemasy bardyr: «ýokardan aşak» we «aşakdan ýokary». «Ýo kar dan aşak» usulynyň peýdalanylmagy saýlanyp alnan strategik saýlawy meýilnama derejesine çenli anyklaşdyrmaga mümkin çilik berýär. Kärhanynyň ýolbaşçylygy tarapyndan goýlan maksat (mysal üçin, peýdanyň möçberi we ösüş depgini) meýilnama tabşyrygy hökmünde kärhananyň ähli birliklerine ýetirilýär. Şunda meýilnama tabşyrygynyň görnüşi gurluşyň ýokary derejelerinden has pes derejelerine tarap hereketine görä jikmejikleşdirilýär. Meýilnamalaşdyrmak kärhanada üznüksiz proses bolup durýar, onuň barşynda birlikleriň meýilnamalaryna yzygiderli düzediş girizmeli we olaryň ýerine ýetirilişine görä utgaşdyrmagy amala aşyrmaly bolýar. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling