O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet26/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Sorag we ýumuşlar
1. Orta möhletli (geljege niýetlenen) meýilnamalaşdyrmak diýmegiň nämedigini düşündiriň.
2. Geljege niýetlenen meýilnamanyň böleklerini sanap beriň we olaryň mazmunyny teswirläň.
3. Ýyllyk meýilnama işlenip taýýarlanylanda nähili maksat göz öňünde tutulýar we onda nähili 
esasy bölekler bar?
4. Meýilnamany düzmegiň passiw tapgyrynyň mazmunyny açyp görkeziň.
5. 13-nji suraty seljermegiň esasynda kärhanada meýilnamalaşdyrmak ulgamyna we meýilna-
malaryň dürli görnüşleriniň özara baglanyşygyna häsiýetnama beriň. 


53
 3.3.
Kärhanada dessin (operatiw)
meýilnamalaşdyrmak we dispetçerlemek
Senagat kärhanasynda dessin­önümçilik meýilnamalaşdyrmak (DÖM) firmanyň 
içinde meýilnamalaşdyrmagyň jemleýji tapgyry bolup durýar. DÖM önümçilik maksat­
namasyny anyklaşdyrýar we jikme­jikleşdirýär, meýilnama tabşyryklarynyň birliklere öz 
wagtynda ýetirilmegini üpjün edýär, şeýle hem kärhananyň ähli birlikleriniň saz laşykly 
işlemegi üçin şertleri döretmek bilen, utgaşdyryjy wezipesini ýerine ýetirýär. DÖM­iň baş 
maksady önümçilik kuwwatlyklarynyň amatly peýdalanylmagynda önümleriň bellenilen 
möhletlerde bellenilen mukdarlarda deňeçer bökdençsiz öndürilmegini üpjün etmek bolup 
durýar. Öndürilýän önüm hil standartlaryna laýyk gelmelidir. DÖM­iň esasy wezipelerine 
şular degişlidir:
– önümçiligiň senenama­meýilnamalaýyn kadalaryny işläp düz mek (önümçilik 
döwrüniň uzaklygy, tapgyrlaryň möçberi we ş.m.);
– enjamlaryň we meýdançalaryň iş ýüküniň möçber hasaplamalary;
– esasy önümçilik birlikleriniň we taýýarlaýyş sehleriniň deslapky maksatnamalaryny 
düzmek;
– dessin dolandyryş hasaba alnyşy we maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik;
– önümçiligiň barşyny dessin düzgünleşdirmek, meýilnamadan gyşarmalary öz wag­
tynda ýüze çykarmak, olary düzetmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak we durmuşa ge­
çirmek. 
DÖM iki tapgyrda amala aşyrylýar. Birinji tapgyrda ýyllyk önümçilik maksatna­
masynyň esasynda önüm öndürmegiň dessin meýilnamalary işlenip taýýarlanylýar (ope­
ratiw­senenamalaýyn me ýil namalaşdyrmak). Ikinji tapgyrda – hemişelik, üznüksiz, dessin 
dolan dyryş hasaba alynýar we gözegçilik geçirilýär hem­de meýilnamalaryň ýerine ýe­
tirilişi düzgünleşdirilýär. Şu şertlerde önümçilik işiniň barşynda ýüze çykýan bellenilen 
düzgünden gyşarmalar öz wag tynda anyklanylýar we düzedilýär. Jemläp alanyňda, bu işler 
dispetçerçilik wezipesini emele getirýär.
Önümçiligiň DÖM we dispetçerçilik önümçiligi meýilnamalaşdyrmagyň bellibir ul­
gamlaryna esaslanýar.
Önümçiligiň DÖM ulgamy diýip meýilnamalaşdyrmak we dolandyryş hasaba alnyşy 
boýunça işleriň elementleriniň, görnüşleriniň we usullarynyň berlen jemine düşünilýär, ol 
şulary göz öňünde tutýar: 
– birlikleriň işini laýyk getirmegiň we özara baglanyşdyrmagyň tertibini;
– meýilnama­hasaba alyş birligini kesgitlemegi;
– meýilnama döwrüniň ululygyny saýlap almagy;
– önümçilik birlikleri üçin senenamalaýyn­meýilnamalaýyn tab şyryklary düzmegi we ş.m.
Kärhanalarda DÖM ulgamy, düzgün bolşy ýaly, önümçiligiň görnüşi bilen kesgit­
lenýär. Ýurdumyzyň bar bolan iş tejribesinde şu DÖM ulgamlary has giň ýaýrady:
– sargytlar boýunça meýilnamalaşdyrmak;
– öňe gitmek bilen döwürleýin meýilnamalaşdyrmak;
– «ammar üçin» meýilnamalaşdyrmak (min­max);
– taslanan önümler boýunça meýilnamalaşdyrmak;


54
– çykarylýan önümiň depgini boýunça meýilnamalaşdyrmak;
– toplumlaýyn meýilnamalaşdyrmak.
Sargytlar ulgamy aýratyn önümçilik üçin häsiýetlidir. Meýilnamalaýyn­hasaba 
alyş birligi hökmünde bellibir önümleriň (şaýlaryň, ýygnalýan birlikleriň we ş.m.) jemi 
hökmünde sargyt kabul edilýär. Bu sargyt meýilnama döwründe taýýarlanylmalydyr. Ul­
gam her bir sargydy öndürmegiň tehniki taýýarlygynyň utgaşykly wagt tertibini (grafik) 
işläp düzmäge we ýerine ýetirmäge hem­de onuň beýleki sargytlar boýunça wagt tertibini 
hasaba almak bilen tapgyrlaýyn ýerine ýetirilmegine esaslanýar. 
Öňe gitmek bilen döwürleýin meýilnamalaşdyrmak önümçiligiň tapgyrlaýyn görnüşi­
ni göz öňünde tutýar. Öňe gitmek diýip ähli işi bellenen möhletde tamamlamak maksady 
bilen, onümçilik prosesiniň ondan öňki her bir böleginiň soňky böleginden öňe gitmeli wag­
tynyň senenamalaýyn bölegine düşünilýär. Şunuň ýaly ulgamyň meýilnamalaýyn­hasaba 
alyş birligi şaý ýa­da ýygnalýan birlik bolup durýar. Düýp mazmuny tehnologik döwürleriň 
arasynda senenamalaýyn öňe gitmegi berjaý etmek bilen, aýry­aýry meýilnama döwürleri 
boýunça dürli önümleri ýygnamak we çykarmak işleriniň bölünişinden ybaratdyr.
«Ammar üçin» meýilnamalaşdyrmak (min­max) ulgamy önümçiligiň dürli gör­
nüşlerinde ulanylyp bilner. Esasy şert – ýygnalýan birlik zähmeti az talap edýän bolmaly­
dyr, ony işläp bejermek bolsa tehnologik amallaryň ujypsyz möçberinden durmalydyr. Ul­
gamyň düýp mazmuny aralyk ammarlarda ýygnalýan birlikleriň ätiýaçlyklaryny ýygnama 
seh leriniň bökdençsiz işini üpjün edýän derejede saklamakdan ybaratdyr.
Bu ulgam tamamlanmadyk önümçiligi iň pes derejede saklamaga we ýygnalýan bir­
likleriň artyk ätiýaçlyklarynyň emele gelmeginden gaça durmaga gönükdirilendir.
Taslanan önümler boýunça meýilnamalaşdyrmak ulgamy önümçiligiň tapgyrlaýyn 
görnüşinde ulanylýar. Şunuň ýaly ulgamyň meýilnamalaýyn­hasaba alyş birligi şaý ýa­da 
ýygnama birlik bolup durýar. Taslanan önümiň möçberi şaýlarda, günlerde, hepdelerde we 
ş.m. bel lenilýär. Ulgamyň düýp mazmuny ähli önümçilik birlikleri üçin her bir şaý ýa­da 
ýygnalýan birlik boýunça hemişelik ölçegleýin taslanan önümi bellemekden we hakyky 
bar bolan taslanan önümleri ölçeg leýin derejede saklamakdan ybaratdyr. Ulgamyň maksa­
dy önümçilik sikliniň ähli döwürlerini zerur bolan şaýlar we ýarym taýýar önümler bilen 
bökdençsiz üpjün etmek bolup durýar.
Çykarylýan önümiň depgini boýunça meýilnamalaşdyrmak ulgamy önümçiligiň köp­
çülikleýin görnüşinde ulanylýar. Ulgamyň düýp mazmuny kärhananyň önümçilik birlik­
lerini (sehleri, uçastoklary we ş.m.) çykarylýan önümiň kadalaýyn depgini boýunça deňe­
çerlemekden ybaratdyr. 
Dessin meýilnamalaşdyrmagyň seredilip geçilen ähli ulgam larynyň esasynda meýil­
namalaýyn­hasaba alyş birlik­şaý, taslanan önüm, ýygnalýan birlik, önüm bolýar. Şaýlaryň 
toplumyna ýa­da me ýil namalaýyn­hasaba alyş birligi hökmünde ýygnama birliklerine 
esas lanýan ulgamda dessin meýilnamalaşdyrmagyň toplumlaýyn ul gamlary diýilýänler 
ulanylýar. Düzgün bolşy ýaly, bu ulgamlar önüm çiligiň tapgyrlaýyn görnüşinde ulanylýar. 
Top lumlaýyn­bölek we top lumlaýyn­toparlaýyn ulgamlar has giň ýaýrandyr.
Toplumlaýyn­bölek ulgamy önümçilik döwri uzak bolan ownuk tapgyrlaýyn önüm­
leriň önümçiligi üçin häsiýetlidir. Meýilnamalaýyn­hasaba alyş birligi bölek – birnä­
çe şaýlardan ýygnalýan birlik bolup durýar. Ulgamy peýdalanmagyň maksady şaýlaryň 


55
taýýarlanmaly möhletlerini beýleki şaýlary taýýarlamagyň tamamlanýan wag ty bölegiň 
ýygnalyp başlanýan wagty bilen gabat geler ýaly görnüşde laýyk getirmekden ybaratdyr. 
Toplumlaýyn­toparlaýyn ulgam şaýlaryň we toplaýyş bölekleriniň uly möçberini 
emele getirýän önümler tapgyrlaýyn öndürilende ulanylýar. Onuň düýp mazmuny kons­
truktiw meňzeşligi we tehnologik bitewüligi bolan şaýlary hem­de öňe gitmegiň we ýygna­
maga bermegiň birmeňzeş ululygy (wagt boýunça) bolan şaýlary toparlamakdan ybaratdyr.
Kärhanalarda dessin meýilnamalaşdyrmak iki derejede – umumy zawod we seh dere­
jesinde amala aşyrylýar.
Umumy zawod derejesinde sehara dessin meýilnamalaşdyrmak amala aşyrylýar, onuň 
maksady kärhananyň aýry­aýry birlikleri üçin çärýekleýin, aýlyk we aýiçi dessin tabşyryk­
lary bellemekden hem­de birlikler tarapyndan dessin tabşyryklaryň ýerine ýetirilişini hasa­
ba almakdan ybaratdyr. 
Seh derejesinde sehiçi meýilnamalaşdyrmak amala aşyrylýar, onuň maksady aýry­ 
­aýry uçastoklar, brigadalar, iş ýerleri üçin meýilnama tabşyryklaryny işläp taýýarlamakdan 
ybarat bolýar. Tabşyryklar çalşyklara ýa­da gije­gündize bölmek bilen bir aý üçin düzülýär. 
Seh derejesinde meýilnama tabşyryklaryny düzgünleşdirmek we olaryň ýerine ýetirilişine 
gözegçilik etmek üpjün edilýär. 
Kärhanalarda dessin meýilnamalaşdyrmagyň ähli görnüşleriniň hasaplamalarynyň
esasy senenama­meýilnama kada bolup durýar, olaryň toplanyşy önümçiligiň görnüşi bilen 
şertlendirilýär.
Aýratyn önümçilikde esasy kadalar şular bolup durýar:
– sargydy ýerine ýetirmegiň meýilnamalaýyn wagty;
– önümçiligiň döwürleýin grafigi;
– enjamlary işletmegiň hasaplamalary.
Tapgyrlaýyn önümçilikde esasy kadalaýyn görkezijileriň hataryna şular girýär:
– bir wagtda işlenip bejerilýän ýygnama birlikleriniň ýa­da önüm leriň tapgyrlaýyn 
möç beri;
– önümçilik döwrüniň uzaklygy;
– önümleriň ýa­da ýygnama birlikleriniň tapgyrlaryny goýbermegiň döwürleýinligi;
– öňe gitmegiň ululygy;
– başlanan önümleriň kadalary.
Köpçülikleýin önümçilikde iň möhüm kadalar bolup şular çykyş edýär:
– ýygnalýan birlikleri ýa­da önümleri çykarmagyň ýa­da goýbermegiň depgini;
– taslanan önümleriň kadalary;
– üznüksiz liniýanyň iş depgini we ş.m.
Önümçiligiň ähli görnüşlerinde iň möhüm senenama­meýilnama kadalarynyň biri hem 
tapgyrda çykarylmaly möçberi we tapgyrlary hem­de olary işläp bejermek üçin goýberme­
giň döwürleýinligi bolup durýar. Bir wagtda işlenip bejerilýän ýygnalýan birlikleriň ýa­da 
önümleriň tapgyrlaýyn möçberini amatly etmek kärhananyň işiniň netijeliligine täsir edýär, 
sebäbi tapgyryň möçberi önümçiligiň çykdajylarynyň depginine we gerimine täsir edýär. 
Eger önümçilige goýbermek uly bolmadyk möçberlerde köp gezekleýin amala aşyrylýan 
bolsa, onda önümi ammarda goýmak we saklamak bilen baglanyşykly çykdajylar azalýar, 
ýöne şonuň bilen bir wagtda önümçiligi taýýarlamak üçin harajatlar ýokarlanýar (enjamy 


56
gaýtadan sazlamak, ony işe goýbermek we ş.m. üçin harajatlar, olar her bir goýberilýän 
tapgyr üçin deň ululykda (möçberde) bolýar).
Önümçilik döwri hem dessin­senenamalaýyn meýilnamalaşdyrmakda möhüm kada­
laryň biri bolup durýar. Önümçilik döwrüniň uzaklygy işlenip bejerilýän birligiň bir amal­
dan beýleki amala tarap hereketiniň görnüşine we amallaryň sanyna bagly bolýar. Amallaryň 
sany bir amally we köp amally bolan önümçilik döwürleri tapawutlandyrylýar. Köp amally 
döwür üçin işlenip bejerilýän birlikleriň bir amaldan beýleki amala tarap hereketiniň aşak­
daky ýaly görnüşleri bardyr: 
– yzygider;
– ugurdaş;
– yzygider­ugurdaş.
Dessin­önümçilik meýilnamalaşdyrma kärhananyň ýyllyk meýilnamasyny bir tarap­
dan, önümçiligiň ähli döwürleri bilen, beýleki tarapdan bolsa, önümçiligi taýýarlamak we 
taýýar önümi ýerlemek bilen meşgullanýan önümçilik birlikleriniň işi bilen laýyk getir­
megi üpjün edýär. Umumy zawod derejesinde dessin­önümçilik meýilnamalaşdyrmagyň 
netijeliligi önüm öndürmegiň we ýerlemegiň ähli döwürlerini wagt boýunça baglanyşdyr­
mak ukybyna baglydyr. Bu wezipe kärhananyň marketing we meýilnama­dispetçerçilik 
gulluklary tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilýär.
Kärhananyň ähli birlikleriniň işini laýyk getirmek boýunça gör kezilen wezipelerden 
başga­da, meýilnama­dispetçerçilik gullugy me ýilnama tabşyryklarynyň bellenen möhlet­
lerde deňeçer we top lum laýyn ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, önümçili­
giň ähli böleklerine yzygiderli gözegçiligi we operatiw dolandyryşy amala aşyrýar.
Dispetçerçilik ýolbaşçylygy önümçiligiň barşynda mümkin bolan düzgün bozmalary 
öňünden ýüze çykarmaga we olary aradan aýyr mak boýunça zerur bolan çäreleri görmäge 
borçludyr. Dispetçerçi lik gullugyň işiniň anyk mazmuny köp babatda önümçiligiň görnüşi 
bilen kesgitlenýär.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling