O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet34/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuş
1. Esasy serişdeler obýektiniň dikeldiş gymmatyna kesgitleme beriň.
2. Esasy serişdeleriň galyndy gymmaty nähili kesgitlenýär?
3. Esasy serişdeleriň fiziki taýdan könelmegi näme we oňa nähili baha berilýär?
4. Esasy serişdeleriň moral taýdan könelmeginiň nähili görnüşleri bar?
5. Siz esasy serişdelere gaýtadan baha bermegiň haýsy usul laryny bilýärsiňiz we olaryň maz-
muny nämeden ybarat?


79
 5.3.
Esasy serişdelerden ulanyş tutumyny almak
Esasy serişdeler, olaryň önümçilik işine gatnaşyşyna görä, kem­kemden sarp ediş 
gymmatyny ýitirýärler. Esasy serişdeleriň aýry­aýry gör nüşleri dürli möhletlerde könelýär, 
bu olary ulanmagyň inten siwligine we häsiýetine, saklanyş şertlerine we ş.m. baglydyr. 
Zäh met serişdeleriniň kem­kemden könelmegi olary yzygiderli çalyşmagyň we täze­
lemegiň zerurlygyna getirýär, bu bolsa bellibir serişdeleriň toplanmagyny talap edýär. Şu­
nuň ýaly toplama usullarynyň biri hem esasy serişdelerden ulanyş tutumyny almak bolup 
durýar (15-nji surat).
Esasy serişdeleriň könelen derejesiniň öwezini pul görnüşinde dolmak, ýagny esasy 
serişdeleriň gymmatyny çykarylýan önümiň özüne düşýän gymmatyna kem­kemden geçir­
mek usuly ulanyş tutumyny almak diýlip atlandyrylýar. Esasy serişdeleriň könelen bölegi­
niň öwezini dolmak üçin niýetlenilen geçirimler ulanyş geçirimleri bolup durýar.
Esasy serişdeler
Esasy serişdeleri gaýtadan 
täzelemek (renowasiýa)
Esasy serişdeleriň
könelmegi
Esasy gaznalardan
ulanyş tutumy
Önümiň özüne
düşýän gymmaty
Ulanyş tutumyň
gaznasy
Ýerlenen
önüm
15-nji surat. Esasy serişdeleriň üznüksiz
önümçiligi ulgamynda ulanyş tutumynyň orny
Ýyllyk ulanyş geçirimleriniň esasy serişdeleriň balans gymmatyna bolan, göterimler­
de görkezilýän gatnaşygy ulanyş tutumynyň ölçegi (kadasy) diýlip atlandyrylýar.
Ulanyş tutumlaryny hasaplap ýazmagyň birnäçe usullary bardyr.
Çyzyklaýyn usul, bu usulda senagat kärhanalary ulanyş tutum laryny ulanylýan ýyl­
lary boýunça deňeçer hasaplap ýazýarlar.
D = n x C / 100,
bu ýerde D – esasy serişdeleriň şu obýekti boýunça bir ýyldaky ulanyş tutumlarydyr, müň 
manat; n – ulanyş tutumlarynyň ýyllyk ölçegi, %; C – esasy serişdeler obýektiniň balans 
gymmaty, müň manat.
Şu ýagdaýda ulanyş tutumynyň ölçegi şunuň ýaly kesgitlenýär: 
1 / t
n
x 100,


80
bu ýerde t
n
– esasy serişdeler obýektiniň peýdaly ulanylýan kadaly möhleti, ýyl.
Esasy serişdeler obýektiniň peýdaly ulanylýan möhleti onuň girdeji getirýän ýa­da 
guramanyň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin hyz mat edýän döwri bolup durýar. 
Eger tehniki şertlerde esasy serişdeler obýektiniň peýdaly ulanylýan kadaly möhleti 
barada görkezme ýok bolsa, onda kadaly ulanylýan möhleti şulardan ugur alyp kesgit­
lenýär:
– çak edilýän öndürijiligine ýa­da kuwwatlylygyna laýyklykda obýektiň peýdalanyl­
magyna garaşylýan wagtdan;
– ulanyş düzgünine baglylykda çak edilýän fiziki könelmeden, tebigy şertlerden we 
agressiw gurşawyň täsirinden, şeýle hem meýilnamalaýyn – öňüni alyş – abatlaýyş işlerini 
geçirmek ulgamyndan;
– esasy serişdeler obýektlerini peýdalanmagyň kadalaşdyryjy­hukuk we beýleki çäk­
lendirmelerinden (kärende möhletinden we ş.m.).
Ulanyş tutumyny hasaplap ýazmagyň çyzyklaýyn usuly enjamyň ulanylýan döwrü­
niň bitin dowamynda onuň deňeçer işledilmegini, diýmek, onuň deňeçer könelmegini göz 
öňünde tutýar. Hakykatdan bu esasy serişdeleriň fiziki taýdan könelmegi babatynda adalat­
ly bolup biler, ýöne esasy gaznalaryň moral taýdan könelmegi, düzgün bolşy ýaly, çalt bo­
lup geçýär. Şonuň üçin hem kärhana ulanyş tutumlaryny hem tiz almalydyr, moral taýdan 
könelmäniň öwezini öz wagtynda dolmak mümkinçiligini üpjün etmek üçin olar obýektiň 
ulanylan ilkinji ýyllarynda alynsa gowy bolar.
Özüne düşýän gymmaty çykarylan önümiň (ýerine ýetirilen işleriň) möçberine deň 
ölçeglilikde hasapdan öçürmek usuly. Şu usulda ulanyş tutumlary hasabat döwründe 
önümleriň (işleriň) möçberini hasaba almagyň we esasy serişdeler obýektiniň ilkibaşky 
gymmatynyň hem­de onuň peýdaly ulanylýan möhletiniň bitin dowamynda önümiň (işleriň) 
garaşylýan möçberiniň gatnaşygynyň esasynda geçirilýär. Eger onuň peýdaly ulanylýan 
möhletiniň dowamynda obýektden alynýan peýdany ýeterlik derejede takyk kesgitlemek 
mümkin bolan halatynda ulanylýar.
Şeýle ýagdaýda ulanyş tutumlarynyň ýyllyk pul möçberi şuňa deň bolar:
D = Q
i
x (C / Q
n
),
bu ýerde Q
i
– 1 ýylda öndürilen önümiň gymmat manysyndaky möç beri; Q
n
– peýdaly 
ulanylýan döwrüniň bitin dowamynda önümi öndürmegiň gymmat manysynda garaşylýan 
möçberi; C – esasy serişdeler obýektiniň ilkibaşky gymmaty.
Çyzyklaýyn däl usul (azalýan galyndy usuly). Bu usulda ulanyş tutumlary esasy 
serişdeler obýektiniň hasabat ýylynyň başyndaky galyndy gymmatyndan we bu obýektiň 
peýdaly ulanylýan möhletini hasaba almak bilen hasaplanyp çykarylan ulanyş tutumynyň 
ölçeginden ugur alnyp hasaplanýar. Şu usul boýunça 1 ýylynda ulanyş tutumynyň möçberi 
şuňa deň bolar: 
D
1
= (C
1
– D
i – 1
) xn,


81
bu ýerde C
i
– esasy serişdeler obýektiniň hasabat ýylynyň başyndaky galyndy gymmaty; 
D
i
– 1
hasabat ýylynda ulanyş tutumlarynyň möç beri; n – ulanyş tutumynyň ölçegi.
Halkara tejribesinde azalýan galyndy usuly peýdalanylanda, köp lenç halatda, çyzyk­
laýyn usul boýunça ölçeg bilen deňeşdirilende ulanyş tutumynyň iki esse ölçegi alynýar. 
Çyzyklaýyn däl usul ulanylanda ulanyş tutumy alynýan emläk obýektiniň her biri boýunça 
ulanyş tutumynyň ölçegi şu formula boýunça kesgitlenýär:
N = 2 / T
n
x 100%.
Çyzyklaýyn däl usul sekizinji­onunjy toparlara girýän jaýlar, desgalar, geçiriji en­
jamlar babatynda peýdalanylyp bilinmez. Bu toparlara degişli obýektlerden ulanyş tutumy 
diňe çyzyklaýyn usul bilen amala aşyrylýar.
Peýdaly ulanylýan möhletiniň ýyllarynyň sanynyň jemi boýunça gymmaty hasapdan 
öçürmek usuly bilen ulanyş tutumyny hasap lap ýazmak. Ulanyş tutumynyň ýyllyk möçberi 
obýektiň ilkibaşky gymmatynyň we obýektiň ulanylmaly möhletiniň ahyryna çenli galan 
ýyllaryň sanynyň onuň ulanylmaly möhletiniň ýyllarynyň sanynyň jemine bolan gatnaşy­
gynyň esasynda kesgitlenýär:
D
i
= C x (t
i
/ t
Σ
),
bu ýerde C – obýektiň ilkibaşky gymmaty; ti – obýektiň ulanylmaly möhletiniň ahyryna çenli 
galan ýyllaryň sany; t
Σ
– obýektiň ulanylmaly möhletiniň ýyllarynyň sanynyň jemi (mysal 
üçin, obýektiň hyzmat etmeli möçberi – 10 ýyl. Şunda t z= 1+2+3+4+5+6+7+8+9+10=55).
Ulanyş tutumyny almagyň (çyzyklaýyn däl) usuly. Bu, esasan, onuň üçin çalt moral 
taýdan könelme häsiýetli bolan häzirkizaman öňdebaryjy enjamlar babatynda ulanylýar. 
Bu usul ulanylan halatynda enjamyň gymmatynyň köp bölegi ulanylýan ilkinji ýyllaryn­
da önümçiligiň çykdajylaryna goşulýar. Mysal üçin, birinji ýylda 50%, ikinji ýylda 30%, 
üçünji ýylda 10%, dördünji ýylda 7% we bäşinji ýylda 3%. Bu kärhana gymmat bahaly 
häzirkizaman enjamynyň özüni ödeýşini çalt üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Mundan 
başga­da, hümmetsizlenmegiň ýokary derejesi bolan şertlerde çykarylan harajatlaryň öz 
wagtynda özüni ödemegi we olary önümçilik apparatyny mundan beýläk hem täzelemäge 
gönükdirmek üçin şertler döredilýär.
Eger şunda ulanyş tutumy çyzyklaýyn däl usul bilen hasaplanyp ýazylýan bolsa, bi­
rinji, ikinji we üçünji ulanyş tutumy toparlaryna degişli bolan esasy serişdeleriň çaltlan­
dyrylan ulanyş tutumyny alma usulynyň ulanylmaly däldigini belläp geçmek gerek.
Mundan başga­da, birnäçe çalşykda ulanylýan ýa­da agressiw gurşawda peýda­
lanylýan emläk çaltlandyrylan ulanyş tutumyny almaga degişlidir. Şu ýagdaýlarda ölçeg 
artdyrylyp bilner, ýöne bu iki esseden ýokary bolmaly däldir. 
Çaltlandyrylan ulanyş tutumyny almagy lizing şertnamasynyň meselesi bolup duran 
esasy serişdeler babatynda hem ulanyp bolar. Şu ýagdaýda salgyt töleýjiniň binýatlyk öl­
çegden üç esseden ýokary bolmadyk koeffisiýenti ulanmaga haky bardyr. 
Başga tejribe hem bardyr, şunda gymmat bahaly, sazlanmaly we özleşdirilmeli döwri 
uzak bolan çylşyrymly tehnika ornaşdyrylanda ilkinji ýyllarda özüne düşýän gymmatyny 
6. Sargyt № 996


82
peseltmegiň, diýmek bahasyny peseltmegiň hasabyna önümleriň bäsdeşlige ukyply bol­
magy üçin ulanyş tutumynyň peseldilen ölçegi ulanylýar. Soňra ulanyş tutumynyň ýyllyk 
ölçegi birden ýokarlanýar we soňy bilen ulanyş tutumyny almak ýokarlanýan hem­de kö­
pelýän şkala boýunça amala aşyrylýar. 
Şeýlelikde, esasy serişdelerden çaltlandyrylan ulanyş tutumyny almagyň iki ugry 
bardyr: bir tarapdan, kärhananyň önümçilik apparatyny täzelemek üçin mümkinçilikleri 
artýar, beýleki tarapdan, önümçilik çykdajylary ýokarlanýar, bu bolsa önümiň bazar baha­
larynyň durnukly wagtynda peýdanyň pese gaçmagyna getirýär we önümiň peýdasyz ýa­da 
hatda ýitgili bolmagyna alyp barýar.
Şonuň üçin hem kärhana ulanyş tutumyny almagyň ol ýa­da beýleki usullaryny ulan­
mak babatynda degişli hasaplamalary geçirmelidir hem­de olary ulanmagyň zerurlygyna 
we mümkinçiligine baha bermelidir.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling