O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 5.5. Kärhananyň önümçilik kuwwaty
Soraglar we ýumuşlar
1. Esasy gaznalaryň peýdalanylyşynyň esasy görkezijilerini aýdyp beriň. 2. Esasy gaznalary täzeleme koeffisiýentini nämäni häsiýetlendirýär? 3. Enjamlaryň peýdalanyş derejesine baha berlende haýsy görkezijiler peýdalanylýar? 4. Kärhananyň meýdanlarynyň peýdalanylyşy haýsy görkezijiler bilen häsiýetlendirilýär? 5.5. Kärhananyň önümçilik kuwwaty Kärhananyň önümçilik kuwwaty bellenilen döwürde şu enjamda önüm öndürmegiň mümkin bolan möçberi hökmünde kesgitlenýär. Has takyk kesgitleme önümçilik kuwwat lygyna bellibir iş düzgüninde şu enjamda bellenilen nomenklatura we görnüşler boýunça 84 önümleri (işleri, hyzmatlary) çykarmagyň ýyllyk (gijegündizdäki, çalşykdaky) aňrybaş mümkin bolan möçberi hökmünde seretmäge mümkinçilik berýär. Önümçilik kuwwatlyklarynyň balansy – görkezijiler ulgamynyň üstünden önümçi lik kuwwatlyklarynyň olaryň üznüksiz önümçiligi niň şertleri we peýdalanyş derejesi bilen baglanyşdyrylan ýagda ýyny häsiýetlendirýän ýörite balans bolup durýar. Bu öňi bilen, esa sy önümçilik gaznalarynyň aktiw bölegine degişlidir. Önümçilik kuw watlyklarynyň ba lansynda meýilnama döwrüniň başyndaky önüm çilik kuwwatlyklary baradaky maglumat lar bolýar, şeýle hem şu döwürde olaryň artyşy (işe girizilişi) we azalyşy (çykyp gitmegi) barad aky maglumatlar getirilýär. Şunda balansda işe girizilýän anyk çeşmeler (täze kuwwat lyklaryň işe girizilmegi, hereket edýänleriň döwrebaplaşdyrylmagy, guramaçylyk çäreleri, kärende) hem, önümçilik kuwwatlyklarynyň çykyp gitmeginiň sebäpleri (önümçilik gaz nalarynyň könelmegi, gaznalaryň kärendä berilmegi we beýlekiler) hem beýanyny tapýar. Kärhananyň önümçilikhojalyk işi meýilnamalaşdyrylanda we seljerilende, şeýle hem önümçilik kuwwatlyklarynyň balansy düzülende giriş, çykyş we ortaça ýyllyk önümçilik kuwwatlygyny tapawutlandyrýarlar. Kärhananyň ýada onuň gurluş birliginiň çykyş önümçilik kuw watlygy degişli döwrüň ahyryndaky kuwwatlykdyr. Döwrüň başyndaky giriş kuwwatlygy şol döwrüň dowamynda dürli çeşmeleriň hasabyna girizilen kuwwatlygyň we şu döwürde çykyp giden kuwwatly gyň jemi hökmünde hasaplanýar. Ortaça ýyllyk kuwwatlyk – kärhananyň ýada onuň gurluş birlikleriniň bar bolan kuwwatlyklaryň artyşyny we çykyp gitmegini hasaba almak bilen, bir ýyldaky ortaça kuwwatlykdyr. Önümçilik kuwwatlyklarynyň balansy şu formula boýunça aňladylyp bilner: M çyk = M gir + M gtç + M te + M nom – M çg bu ýerde M çyk – meýilnamalaşdyrylýan döwrüň ahyryndaky önümçilik kuwwatlygy (çykyş kuwwatlygy); M gir – ýylyň başyndaky (giriş) kuwwatlygy; M gtç – geçirilýän gura maçylyktehniki çäreleriň hasabyna meýilnama döwründe önümçilik kuwwatlyklarynyň artyşy; M te – kärhanany giňeltmegiň, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyr magyň we durkuny täzelemegiň hasabyna kuwwatlyklaryň artyşy; M nom – önümiň nomenklatu rasynyň we görnüşleriniň üýtgemegi bilen bagly kuwwatlygyň artyşy (+) ýada azalyşy (–); – M çg esasy önümçilik gaznalarynyň çykyp gitmegi sebäpli önümçilik kuwwatlyk larynyň azalmagy. Kärhananyň önümçilik kuwwatlygy we kuwwatlyklaryň balansy kärhanada önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň) meýilnamalaşdyrylýan we önümçiligiň hasaba alynýan birliklerinde hasaplanýar. Kärhananyň önümçilik kuwwatlygy esasy sehleriň ýada uçastoklaryň, esasy önümçilik agregatlarynyň we enjamlarynyň kuwwatlygy boýunça bellibir döwre (ýyla) hasaplamak bilen kesgitlenýär. Şunda «gowşak ýerleri» aradan aýyrmak boýunça çäreleri geçirmek mümkinçiligi hasaba alynýar. Esasy önümçiligiň bölümlerine önüm öndürmek boýunça esasy tehnologik amal lary ýerine ýetirýän bölümleri degişlidir. Eger kärhanada tehnologik prosesleriň aýryaýry tapgyrlaryna laýyk gelýän birnäçe esasy önümçilik bölümleri bar bolsa, işleriň zähmet talap edijiligi ýada ölçegiň natural 85 birlikleri boýunça baha berilýän iň ýokary möç beri haýsy bölüme düşýän bolsa, şol bö lümler boýunça önümçilik kuwwatlygy kesgitlenýär. Senagat kärhanasynyň önümçilik kuwwatlygy çykarylýan önümiň ähli nomenklatu rasy boýunça hasaplanýar. Kähalatda köp nomenklaturaly önümçilikde nomenklaturalary ölçeg birligi hökmünde kabul edilýän birmeňzeş önümiň bir ýada birnäçe görnüşlerine getirmek maksadalaýyk bolar. Kuwwatlygy önümçilik maksatnamasy ýaly, ähli harytlyk önüm hemde onuň aýryaýry görnüşleri boýunça natural görnüşlerde hasaplamak bilen bir wagtda gymmat manysynda hem kesgitläp bolar. Kärhanalaryň bazar ykdysadyýeti şertlerinde hereket etmegi hasaplamada nominal aňryçäk önümçilik kuwwatlygynyň we ýetip bolýan kadaly önümçilik kuwwatlygynyň görkezijileriniň peýdalanylmagyny göz öňünde tutýar. Nominal aňryçäk önümçilik kuwwatlygy – tehniki taýdan ýetip bolýan kuwwatlyk bo lup, düzgün bolşy ýaly, ol önümçilik enjamy bilen üpjün ediji tarapyndan kepillendirilýän bellenen kuwwatlyga laýyk gelýär. Ýetip bolýan kadaly önümçilik kuwwatlygy diňe bir goýlan enjamyň mümkinçiliklerini we onuň hereket etmeginiň bellenilen tehniki şertlerini (işdäki kadaly arakesmeler, boş durmalar, dynç günleri, tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlamak, guraly çalyşmak, çalşyklylyk we ş.m.) däl, eýsem dolandyryş ulgamyny hem hasaba almak bilen işiň kadaly şertlerinde amala aşyrylýar. Bu kuwwatlyk önümçiligiň meýilnamalaşdyrylýan möçberine laýyk gelmelidir. Bu ululyklaryň arasyndaky tapawut hakykatdan ätiýaçlykda duran önümçilik kuwwatlygynyň (ätiýaçlyk önümçilik kuwwat lyklarynyň) ululygyna laýyk gelýär. Ätiýaçlyk kuwwatlygy kärhananyň ýetip bolýan kadaly önümçilik kuwwatlygynyň ululygyna täsir edýän faktorlary hasaba almak bilen kesgitlenýär. Oňyn faktorlara şular degişlidir: – täze tehnikany özleşdirmek; – tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak; – çykarylýan önümiň nomenklaturasynyň we görnüşleriniň onuň zähmeti hemde material lary talap edijiligini çäklendirmäge tarap üýtgemegi; – çig mal serişdeleriniň düzüminiň üýtgemegi; – çig malyň we materiallaryň iberilmeli möhletleriniň gysgalmagy; – enjamyň boş durýan wagtynyň azalmagy; – zaýa önüm çykarmakdan çekilýän ýitgileriň azalmagy; – tehnologik arakesmeleriň azalmagy; – önümçiligi taýýarlamak üçin wagtyň azalmagy; – işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy we zähmet öndürijiliginiň artmagy we ş.m. Önümçilik kuwwatlygynyň ululygyna ýaramaz täsir edýän faktorlara şular degişlidir: – täze önümi özleşdirmek; – aýryaýry birlikleriň kuwwatlyklarynyň biribiri bilen bagly däldigi; – awariýa we fors mažor ýagdaýlarynyň ýüze çykmagy we ş.m. Kärhanada bar bolan ätiýaçlyk kuwwatlyklaryny kesgitlemek üçin önümçilik kuwwat lyklaryny peýdalanyş koeffisiýenti ulanylýar (C m ). 86 Bu koeffisiýent hasaplamalarda önümçiligiň meýilnamalaýyn ýada hakyky möçberi niň peýdalanylýandygyna baglylykda meýilnamalaýyn ýada hakyky koeffisiýent bolup biler we kärhananyň şu döwürde öndüren önüminiň möçberini şol döwürdäki önümçilik kuwwatyna bölmek bilen kesgitlenýär: C m = (Q / M or ) x 100%, bu ýerde Q – şu döwürdäki önümçilik möçberi; M or – döwürdäki ortaça önümçilik. Maglumatlardan görnüşi ýaly, senagat önümleriniň aýryaýry gör nüşleri boýunça önümçilik kuwwatlyklarynyň peýdalanylyşy ýokary däldir, şeýlede bolsa, onuň durnuk laşma we bellibir derejede artma meýli açyk görünýär. Bu meýil aýryaýry senagat pudaklary boýunça önümçilik kuw watlyklaryny peýda lanyşynyň ortaça derejesiniň depginine hem mahsusdyr. Maglumatlar kuwwatlyklary peý dalanmagyň bellibir derejesi, düzgün bolşy ýaly, diňe eksportimport pudaklaryna (ýan gyçenergetika, metallurgiýa we agaçkagyz toplumlaryna) mahsusdyr. Peýdalanylmaýan kuwwatlyklaryň möçberiniň senagat önüminiň köp görnüşleri boýunça ýeterlik derejede ýokarydygyna garamaz dan kuwwatlyklaryň hakyky ätiýaç lyklary kärhanalaryň däp bolan önümine we aýratyn hem, täze önüme bolan islegleri artan ýagdaýynda epesli pesdir. Kuwwalyklaryň könelme derejesi we olaryň bäsdeşlige ukyply önümi çykarmak talaplaryna laýyk gelmezligi, senagat önümçiligi ulgamynda ykdysa dy işiň dürli görnüşlerine degişli bolan senagat kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň pikirine görä, bu kuwwatlyklary önümçiligi giňeltmek üçin peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär. Bellibir döwür üçin önümçilik kuwwatlyklary meýilnamalaşdyrylanda önümçilik kuwwatlyklaryny peýdalanmagyň ölçegi (Ö k ) hasaplanylmalydyr: Ö k = (M or – M ät / M or ) x 100%, bu ýerde M or – kärhananyň orta ýyllyk önümçilik kuwwatlygy; M ät kärhananyň önümçilik kuwwatlygynyň ätiýaçlygy. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling