O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet44/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar
1. Dolanyşyk serişdelerini kadalaşdyrmak nämeden ybarat?
2. Dolanyşyk serişdeleriniň kadasy haýsy düzüm böleklerinden emele gelýär?
3. Maddy gymmatlyklaryň we degişli resminamalaryň hereketi nähili bolup geçýär?
 6.3.
Kärhananyň dolanyşyk serişdelerinden 
peýdalanylyşynyň netijeliligi 
Kärhananyň dolanyşyk serişdelerini peýdalanylyşynyň netijelilik derejesi şu es­
asy görkezijileri häsiýetlendirýär: dolanyşygyň tizligini ýa­da dolanyşyk koeffisiýentini; 
bir dolanyşygyň wagtyny ýa­da uzaklygyny; dolanyşyk serişdeleriniň bir dolanyşygyny 
berkitme koeffisiýentini.
Dolanyşyk serişdelerini peýdalanylyşynyň netijeliliginiň esasy görkezijisi belli­
bir wagtyň dowamynda dolanyşyk serişdeleriniň dolanyşyklarynyň sany (dolanyşyk 
koeffisiýenti) bolup durýar:
k
dol
= Q
e
/ R
or.gal

bu ýerde Q

– şu döwürde önümiň ýerlenen möçberi, müň manat; R
or.gal
– seredilýän döwür­
de dolanyşyk serişdeleriniň ortaça galyndysy, mln. manat.
Dolanyşyk serişdeleriniň peýdalanylyşynyň netijeliligine geçirilen seljermäniň 
barşynda dolanyşyk wagty, ýagny bir dolanyşygyň uzaklygynyň görkezijisi giňden 
ulanylýar, bu görkeziji günlerde ölçenilýär:
T
dol
= R
or.gal
x N
sg
/ Q
e
.


100
bu ýerde N
sg
– seredilýän döwürde senenama günleriniň sany.
Ýerlenen önümiň 1 manadyna düşýän dolanyşyk serişdeleriniň jemi bilen kesgit­
lenýän dolanyşyk serişdeleriniň berkitme koeffisiýenti şunuň ýaly hasaplanýar:
k
dol 
= / R
or.gal
/ Q
e
.
Senenama döwrüniň dowamynda dolanyşyk serişdeleriniň ululygy üýtgeýär, şonuň 
üçin hem degişli hasaplamalarda ortaça hronologik formula boýunça hasaplanylýan do­
lanyşyk serişdeleriniň ortaça galyndy görkezijisi peýdalanylýar.
Kärhananyň dolanyşyk serişdeleriniň dürli çeşmelerden emele getirilýändigi (peýda, 
karzlar, paýdarlar maýasy, býujet serişdeleri we ş.m.) sebäpli, kärhana üçin öz dolanyşyk 
serişdeleri bilen üpjünçilik görkezijisi möhümdir, ol öz dolanyşyk serişdeleriniň pul möç­
beriniň dolanyşyk serişdeleriniň umumy möçberine gatnaşygy hökmünde hasaplanýar. 
Maliýe ministrliginiň kadalaşdyryjy resminamalarynda bu görkezijiniň ululygynyň 10%­
den az bolmaly däldigi bellenilýär.
Dolanyşyk serişdeleriniň peýdalanylyşynyň netijeliligine geçirilen seljerme şol 
serişdeleriň dolanyşygyň çaltlanmagynyň (haýallamagynyň) netijesinde dolanyşykdan 
çykarylan (dolanyşyga çekilen) möçberini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu görkezi­
jiniň hasap lamasy dolanyşyk serişdeleriniň hakyky ortaça galyndysyny hakyky alnan 
düşewüntde we dolanyşyk serişdeleriniň dolanyşygynyň ozal emele gelen tizliginde olara 
bolan islegiň şertli ululygy bilen deňeşdirmek ýoly bilen, şu formula boýunça geçirilýär:
R
boş g
= R
f.or
– T
dol
x Q
e
/ F
k
,
bu ýerde R
f.or
– dolanyşyk serişdeleriniň hakyky ortaça galyndysy; T
dol
– binýatlyk döwürde 
serişdeleriň bir dolanyşygynyň dowamlylygy; Q
e
– önümleriň hakyky ýerlenen möçberi; 
F
k
– hasaplamagyň geçirilýän döwrüniň dowamlylygy.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling