O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 7.2. Kärhananyň işgärlerini meýilnamalaşdyrmak
Soraglar
1. Işgärleriň haýsy kategoriýalary senagat-önümçilik işgärlerini emele getirýär? 2. «Kär» diýip nämä düşünilýär? 3. Işgärleri dolandyrmak haýsy elementleri öz içine alýar? 4. Kärhananyň haýsy gurluş birlikleri işgärleri dolandyrmak bilen meşgul lanýar? 7.2. Kärhananyň işgärlerini meýilnamalaşdyrmak Işgärleriň sanyny bellenilen döwre meýilnamalaşdyrmak ilkibaşda şulary kesgitleme giň zerurlygyny göz öňünde tutýar (kärler we wezipeler boýunça): – işgärler düzümi; – işleýänleriň sany; – işgärleriň artyklygy we ýetmezçiligi; – işden boşadylýan işgärleri işe ýerleşdirmegiň usullary, şeýle hem işgärleriň üstüni ýetirmegiň çeşmeleri we usullary. Senagatönümçilik işgärleriniň düzümi adatça işçiler we gullukçylar boýunça aýratynlykda kesgitlenýär. Esasy işçileriň düzümi ahyrky önümi taýýarlamagyň tehnologik prosesiniň häsiýeti bilen kesgitlenýär, kömekçi işgärleriň düzümi bolsa önümçiligi guramagyň, sehler hem de gulluklar boýunça kömekçi we hyzmat edýän işgärleriň gurluşynyň shemalary boýun ça bellenilýär. Kärhananyň işgärlere bolan islegi işleýänleriň toparlary we kategoriýalary boýunça meýilnamalaşdyrylmalydyr. Gullukçylaryň düzümini kesgitlemek kärhanada bar bolan guramaçylyk gurluşyny hasaba almaga we dolandyryş apparatynyň hereket edýän wezipe sanawyna esaslanýar. Kärhananyň işgärleriniň mukdar häsiýetnamasy işgärleriň sanaw, ortaça sanaw we bar bolan sanynyň görkezijileri bilen ölçenilýär. Sanaw düzümi ähli işgärleriň sanynyň hereketini – işe kabul etmegi, işden çykarma gy we beýlekileri görkezýär. Onda hemişelik we wagtlaýyn işgärleriň ählisi, şol sanda iş saparynda we rugsatda bolýan, doly däl iş gününe ýada stawkanyň bir bölegine işe kabul edilen işgärler, şeýle hem olar bilen zähmet gatnaşyklary resmileşdirilen adamlar hasaba alynýar. Işgärleriň anyk döwürdäki sanyny kesgitlemek üçin ortaça sanaw sany görkezijisi hasaplanýar, ol ortaça zähmet öndürijiligi, ortaça zähmet haky, işgärleriň geldigeçerligi we ş.m. hasaplanylanda ulanylýar. Ony hasaplamak üçin iş wagtynyň tabelleri boýunça hasaba alyş maglumatlary peýdalanylýar. Bar bolan düzümi diýlip bellibir wagtyň dowamynda hakykatdan iş ýerinde bolýan işgärleriň sanyna düşünilýär. Işgärleriň sanyny kesgitlemek. Senagatönümçilik işgärleriniň sanyny meýilnamalaş dyrmak tejribesinde işgär sanyny hasaplamagyň birnäçe usullary peýdalanylyp bilner: – binýatlyk işgär sanyna düzediş girizmek; – önümçilik maksatnamasynyň zähmet talap edijiligi boýunça; – wezipe sanawy boýunça; 104 – iş ýerleri, iş öndürijiligi ýada hyzmat etmek ölçegleri. Usuluýeti saýlap almak önümçiligi we dolandyryşy guramagyň aýratynlyklary, mag lumatlaryň dolulygy we garaşylýan netijä bildirilýän talaplar bilen kesgitlenýär. 1. Binýatlyk sana düzediş girizmek usulyna birikdirilen usul hökmünde seredilýär, onuň ulanylmagy şu ýagdaýlarda esaslydyr, eger: – meýilnamalaşdyrylýan döwürde kärhananyň önümçilik mak satnamasynda önüm leriň nomenklaturasy we görnüşleri babatynda düýpli üýtgemeler bolup geçmedik bolsa; – kärhananyň innowasiýalary ornaşdyrmak, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak we işgärleriň sanyny azaltmak boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanan meýilnamasy bar bolsa. Bu usul peýdalanylanda meýilnama döwründe kärhananyň işgärleriniň sany kesgit lenýär: L meý = (L bin x k öö ) + ∆L md , bu ýerde L bin – binýatlyk (hasabat) döwürde işgärleriň sany; k öö – meýilnama döwründe önümçiligiň möçberiniň artyş koeffisiýenti; ∆L md – meýilnama döwründe täzelikleri giriz megiň netijesinde işgär sanynyň üýtgemegi. Usulyň esasy ýetmezçiligi gullukçylaryň sanynyň önümçilik möçberine göni deň öl çegli bagly däldigi bolup durýar. 2. Önümçilik maksatnamasynyň zähmet talap edijiligi boýunça işgär sanyny hasapla magyň usuly. Işgär sanyna baha bermek üç tapgyry öz içine alýar: – önümiň önümçilik maksatnamasyna goşulan her bir görnüşini taýýarlamagyň zäh met talap edijiligi hasaplanýar; – tutuşlygyna we işleriň görnüşleri boýunça önümçilik maksatnamasynyň zähmet ta lap edijiligi bellenilýär; – tutuşlygyna we işleýänleriň kategoriýalary boýunça işgärleriň sany kesgitlenilýär. Şu usuldan peýdalanylanda önümçilik maksatnamasynyň doly zähmet talap edijiligi (L z.dol ) tehnologik (L z.teh ), hyzmat etmek (L z.hyz ) we dolandyryş (L z.dol ) zähmet talap edijiligi niň jemi hökmünde kesgitlenilýär: L z.dol = L z.teh + L z.hyz + L z.dol . Birinji iki görkezijiniň jemi esasy we kömekçi işgärleriň zähmet harajatlaryny görkezýär we degişlilikde, önümçilik zähmet talap edijiligini (L z.ön ) emele getirýär, üçünjisi bolsa gullukçylaryň zähmet hakyny görkezýär: L z.ön = L z.teh + L z.hyz . Tehnologik zähmet talap edijiligi tehnologik täzeden işlemeler, işiň görnüşleri we meýil nama döwri üçin kabul edilen zähmet harajatla rynyň kadasyny peýdalanmak bilen önümi taýýarlamagyň tehnologik prosesinde göz öňünde tutulan amallar boýunça kesgitlenip bilner. Hyzmat etmegiň zähmet talap edijiligi iki usul bilen hasaplanyp bilner: – göni usul – normatiwleri gönüdengöni önüm üçin hasaplanan esasy önümçilige hyzmat etmegiň aýryaýry wezipeleri boýunça; – alternatiw usul – hyzmat etmegiň zähmet talap edijiligi bilen tehnologik zähmet talap edijiligiň arasyndaky gatnaşyklary, soňundan olara önüm boýunça möçberiň, koo perirlenme derejesiniň, şeýle hem meýilnama guramaçylyktehniki şertleriň üýtgeme fak 105 torlaryna görä düzediş girizmek bilen, binýatlyk döwrüň hasaba alyş maglumatlarynyň esasynda kesgitlemek. Dolandyryş zähmet talap edijiligi hyzmat etmek zähmet talap edijiligine meňzeşdir, ýöne birinjiden, dolandyryşyň guramaçylyk gurluşynda meýilnamalaşdyrylan üýtgemeler hasaplaşyga kabul edilýär, ikinjiden, işleriň birligi hökmünde tehnologik dälde, önümçilik zähmet talap edijiligi kabul edilýär. Işgärleriň umumy sany meýilnamalaýyn önümçilik zähmet talap edijiligini iş ölçeg lerini ýerine ýetirmegiň meýilnamalaýyn koeffisiýentini hasaba almak bilen, bir ýylda bir işgäriň iş wagtynyň netijeli gaznasyna bölmek ýoly bilen kesgitlenýär: L i = L mak / (T peý x k işk ), bu ýerde L i – işgärleriň ortaça sanaw sany; L mak – önümçilik maksatnamasynyň meýilna malaýyn zähmet talap edijiligi (esasy işgärleriň zähmet harajatlary boýunça), normasagat larda; T peý – bir işgäriň wagtynyň peýdaly gaznasy, sagat; k işk – iş öndürijiliginiň ölçegini ýerine ýetirmegiň meýilnamalaşdyrylýan koeffisiýenti. Işgärleriň ortaça sanaw sany (L gul ) önümçilik maksatnamasyny dolandyrmagyň meýil namalaýyn zähmet talap edijiligini bir ýylda bir gullukçynyň iş wagtynyň netijeli koeffi siýentine bölmek ýoly bilen kesgitlenýär: L gul = L dol / T doly , bu ýerde L gul – gullukçylaryň ortaça sanaw sany; L dol – önümçilik maksatnamasynyň meýilnamalaýyn zähmet talap edijiligi (esasy işgärleriň zähmet harajatlary boýunça), norma – sagatlarda. Meýilnama döwründe senagatönümçilik işgärleriniň umumy sany (L söi ) işçileriň we gullukçylaryň sanynyň jemi hökmünde kesgitlenýär: L söi = L iş + L gul . Bir işgäriň iş wagtynyň peýdaly gaznasy hasaplananda iş wag tynyň býujetiniň sene nama, nominal, bar bolan we peýdaly gaznalary tapawutlandyrylýar. Senenama wagt gaznasy bir ýyldaky senenama günleriniň sanyna laýyk gelýär. No minal gazna dynç günlerini we baýramçylyk günlerini aýyrmak bilen senenama wagtyny görkezýär. Bar bolan wagt gaznasy nominal gaznadan kanunçylykda göz öňünde tutulan işe doly günläp gelinmedik günleri aýyrmak ýoly bilen kesgitlenýär. Bu ululyk meýilnama laýyn döwrüň dowamynda bir işgäre düşýän iş günleriniň sanyny görkezýär. Peýdaly wagt gaznasy bir işgäre düşýän iş günleriniň sanyny, iş gününiň kanunda rugsat edilen gysgaltmalaryny hasaba alyp, düzediş girizilen iş gününiň ortaça dowamlyly gyna köpeltmek ýoly bilen kesgitlenýär. 3. Wezipe sanawy boýunça işgär sanyny hasaplamagyň usuly köplenç zähmete hak tölemegiň wagt boýunça ulgamyny peýdalanýan kärhanalarda ulanylýar. Bu usul önüm çilik mehanizasiýalaşdyrylan we awtomatlaşdyrylan mahalynda – enjamlaryň iş düzgün lerini saklamagyň we tehnologik prosesi berjaý etmegiň zähmet öndürijiliginiň we önümiň hiliniň enjamlarda goýlan degişli derejelerini üpjün edýän wagtynda barha giň ýaýrawa eýe bolýar. Guramaçylyk taslamasynyň usullarynyň ösmegi we kärhanany dolandyrmagyň 106 oýlanyşykly gurluşlaryny gurnalmagy, dolandyryş apparatynyň iň amatly ýagdaýa golaý wezipe sanawyny bellemäge we gullukçylara degişli dolandyryş wezipelerini berkitmäge mümkinçilik berýär. Bu usulyň peýdalanylmagy kärhanada dolandyryş apparatynyň, wagt boýunça işleýän esasy işgärleriň we kömekçi işgärleriň aýratynlykdaky esaslandyrylan wezipe sanawynyň bolmagyny göz öňünde tutýar. Dolandyryş apparatynyň wezipe sanawy kärhananyň dolandyryş birlikleri boýunça gullukçylaryň sanawyny öz içine alýar. Bu sanawda dolandyryş apparatynyň birliklerinden başgada, işgär düzümindäki wezipeler, işgärleriň sanawy we sanalyp geçilen wezipeler boýunça aýlyk wezipe haklary görkezilýär. Işgärleriň sany işgär düzümindäki wezipeler boýunça işleýänleriň sanyny jemlemek ýoly bilen kesgitlenýär. Wagt boýunça işleýän esasy işgärleriň wezipe sanawy kärhanada kabul edilen, tehno logik enjamlary dolandyrmagyň iş ýerleriniň ýerleşýän shemalary boýunça düzülýär. Esasy işgärleriň sany şular ýaly iş ýerleriniň sanyny enjamyň kabul edilen iş düzgünini goşmak ýoly bilen kesgitlenýär. Wagt boýunça işleýän kömekçi işgärleriň wezipe sanawy esasy önümçilik prose sine hyzmat etmek wezipelerini (iş ýerlerini çig mal, materiallar, şaýlar, gurallar we abzal lar bilen üpjün etmek, enjamlara tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlamak, önümçilik jaýlaryny abatlamak, howpsuzlygy üpjün etmek we beýlekiler) bel lenen grafikleriň we hyz mat edýän zolaklaryň esasynda berkidýär. Hyzmat etmegiň her bir wezipesi boýunça wagt boýunça işleýän kömekçi işgärleriň wezipe borçlary bellenýär we işiň häsiýetini hem de möçberini hasaba almak bilen, kömekçi işgärleriň zerur bolan sany kesgitlenýär. 4. Işgär sanyny iş ýerleri, iş öndürijiliginiň kadasy (ölçegi) we hyzmat etmegiň ka dalary boýunça hasaplap çykarmak usuly kärhananyň ähli kategoriýalara degişli işgärleri niň sanyny kesgitlemek üçin peýdalanylyp bilner. Gullukçylar babatynda ol örän seýrek ulanylýar, bu dolandyryş işgärleriniň zähmetini kadalaşdyrmagyň usullarynyň taýýar lanyşynyň gowşakdygy sebäplidir. Adatça bu usul esasy we kömekçi işgärlere bolan islegi hasaplamak üçin wezipe sanawy boýunça işgär sanyny kesgitlemegiň usuly bilen bilelikde peýdalanylýar. Iş ýerleri boýunça hasaplamak usuly olaryň işi bellibir iş ýerlerinde ýerine ýetirilýän we hyzmat etmegiň anyk obýekti (krançy, ammarçy we ş.m.) bilen baglydygy sebäpli işleriň möçberi hem, hyz mat etmegiň kadalary hem bellenip bilinmeýän kömekçi işgärleriň toparynyň sany kesgitlenende ulanylýar. Şu ýagdaýlarda hasaplama şu formula boýunça geçirilýär: L ki = N e x h x k ss , bu ýerde N e – iş ýerleriniň sany; h – gijegündizde çalşyklaryň sany; k ss – sanaw sanynyň koeffisiýenti (iş wagtynyň nominal gaznasyny iş wagtynyň meýilnama balansy boýunça iş günleriniň fiziki sanyna bölmekden alnan netije). Gullukçylaryň sany bar bolan pudaklaýyn maglumatlaryň esa synda, olaryň bolmadyk wagtynda bolsa gönüden göni kärhanada işlenip taýýarlanan kadalar boýunça bellenýär. 107 Işgär sanynyň normatiwleri olaryň bellenen maksadyna baglylykda, diňe tutuş kärhana boýunça we ony dolandyrmagyň her bir wezipesi boýunça dälde, eýsem işiň aýryaýry görnüşleri we wezipeler boýunça işlenip taýýarlanmalydyr. Ýolbaşçylaryň sany kärhananyň ululygyna, onuň pudaklaýyn aýratynlyklaryna, dolandyryş kadalaryna we ş.m. bag lydyr. Iş öndürijiliginiň kadalary boýunça hasaplananda esasy işgärleriň sanyny önümçilik tabşyrygyndan we iş öndürijiliginiň kadalaryndan ugur almak bilen, şu formula boýunça kesgitleýärler: L ei = Q ýer / (N ön x T net ), bu ýerde Q ýer – kabul edilen ölçeg birliklerinde ýerine ýetirilen işleriň möçberi; N ön – iş wagtynyň birliginde iş öndürijiliginiň meýilnamalaýyn kadasy; T net – iş wagtynyň netijeli gaznasy. Hyzmat etmegiň kadalary boýunça hasaplamak usuly işini kadalaşdyrmak kyn bolan esasy işgärleriň sanyny kesgitlemek üçin peýdalanylýar. Bu agregatlary, peçleri, apparatlary, maşynlary we beýleki enjamlary dolandyrýan we tehnologik prosesleriň barşyna gözegçilik edýän işçilere degişlidir. Işçileriň ortaça sanaw sany şu formula boýunça hasap lanýar: L i = n x L iag x h x (T mdgg / T hgg ), bu ýerde n – iş agregatlarynyň sany; L iag – çalşygyň dowamynda bir agregata hyzmat etmek üçin zerur bolan işçileriň sany; T mdgg – meýilnama döwründe agregatyň işlemeli güjegün dizleriniň sany; T hgg – işlenilýän gijegündizleriň sany. Kömekçi işgärleriň sany işleriň zähmet talap edijiligi, hyzmat ediş kadalary we iş ýerleri boýunça kesgitlenip bilner. Möçberini wagt kadalary boýunça kesgitläp bolýan işlerde wagt boýunça işleýän kö mekçi işçileriň sany wagt boýunça işleýän esasy işgärleriň sany ýaly, işleriň zähmet talap edijiligi boýunça hasap lanylýar. Tapawut diňe esasy işçileriň sany hasaplananda çykarylýan önümiň zähmet talap edijiliginden, kömekçi işçileriň sany kesgitlenende bolsa kömekçi işleriň zähmet talap edijiliginden ugur alynýandygyndan ybaratdyr. Olar babatynda hyzmat etmegiň kadalary bar bolan işleri ýerine ýetirýän kömekçi işçileriň sany (L ki ) işleriň çalşyklylygyny we hyzmat etmegiň kadalaryny hasaba almak bilen, hyzmat edilýän obýektleriň umumy sanynyň esasynda, şu formula boýunça hasap lanýar: L ki = n x h x k ss / N hyz , bu ýerde n – hyzmat edilýän obýektleriň umumy sany; N hyz – hyzmat ediş kadasy, ýagny bir kömekçi işçi ýada olaryň topary tarapyndan hyzmat edilýän enjamlaryň, önümçilik meýdanlarynyň sany. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling