O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- VII BAP. IŞGÄRLER, KÄRHANADA ZÄHMETI GURAMAK WE HAK TÖLEMEK 7.1. Kärhanada işgärler we onuň gurluşy
Soraglar we ýumuşlar
1. Dolanyşyk serişdeleriniň peýdalanylyşynyň netijeliligine nähili baha berilýär? 2. Dolanyşyk koeffisiýenti nähili hasaplanýar we ol nämäni häsiýetlendirýär? 3. Dolanyşyk serişdeleriniň ortaça galyndysynyň nämedigini düşündiriň. VII BAP. IŞGÄRLER, KÄRHANADA ZÄHMETI GURAMAK WE HAK TÖLEMEK 7.1. Kärhanada işgärler we onuň gurluşy Kärhananyň serişdeler potensialynyň umumy ulgamynda aýratyn orun zähmet seriş delerine degişlidir. Häzirki wagtda zähmet bazary işjeň hereket edýär, onuň infrastruktu rasy döredildi, işsizlik gizlin gör nüşden açyk görnüşe geçdi. Kärhananyň işgärleri önümçi ligiň maddy we maliýe serişdelerini birleşdirmegi üpjün edýär. 101 Kärhananyň işgärleri kärhanada işleýän dürli kärli – hünär derejeli toparlaryň işgär lerinden ybaratdyr. Olar ýuridik şahs hökmünde kärhana bilen hakyna tutma şertnamasy bilen baglanyşykly fiziki şahslaryň jemini emele getirýärler. Kärhananyň işgärlerini dolandyrmak kärhanany ösdürmegiň strategiýasyna tabyn edilýär, şol strategiýa baglydyr we onuň netijeli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Senagat kärhanalarynyň işgärleriniň gurluşy olaryň ýerine ýetirýän wezipelerine bag lylykda işgärleriň dürli kategoriýalarynyň we toparlarynyň düzümi hemde san gatnaşygy bilen kesgitlenýär. Kärhananyň önüm öndürmek (işleri, hyzmatlary ýerine ýetirmek) prosesi bilen gönü den göni bagly işgärleri, ýagny önümçilik işinde işleýän işgärleri senagatönümçilik iş gärlerini (SÖI) emele getirýär. Senagat kärhanalarynda oňa esasy, kömekçi, hyzmat edýän sehleriň, ylmybarlag, taslamakonstruktorçylyk we tehnologik guramalaryň, laboratoriýa laryň we kärhananyň balansyndaky birlikleriň işgärleri, edara kärhananyň administrasiýasy we funksional bölümleriň hemde gulluklaryň ählisi we ş.m. goşulýar. Haýsy ulgamda zähmet çekilýändigine garamazdan, kärhananyň senagatönümçilik işgärleri iki esasy kategoriýa – işçiler we gullukçylar kategoriýalaryna bölünýär. Işçiler önüm öndürmek prosesine gönüdengöni gatnaşýarlar, maşynlary, enjamlary dolandyrýarlar, awtomatik enjamlaryň işine gözegçilik edýärler, maşynlary abatlamagy, düzgünleşdirmegi we saz lamagy, gelip gowuşýan toplaýyş enjamlaryna we çig mala, taýýar önümlere gözegçiligi amala aşyrýarlar, ýüklemekdüşürmek we daşamak, ammara ýerleşdirmek işlerini we ş.m. ýerine ýetirýärler. Işgärleriň toparynda esasy we kömekçi işgärler görkezilýär. Olaryň üstüne ýük lenýän işler dürlidürli bolýar, şonuň üçin hem kärhanada bellibir geljekki döwür üçin olaryň sany kesgitlenilende meýilnamalaşdyrmagyň barşynda peýdalanylýan usullar hem dürlidürlüdir. Esasy işgärlere önümi öndürmek bilen gönüden göni meşgullanýan işçiler (stanok çylar, awtomatiki we beýleki enjamlaryň we ş.m. operatorlary), kömekçi işgärlere esasy işgärler tarapyndan ýerine ýetirilýän önümçilik proseslerine hyzmat edýän işgärler (en jamlary sazlaýjylar, abatlaýjy, ulag we ammar işgärleri, gözegçiler we ş.m.) degişlidir. Gullukçylar toparynda ýolbaşçylar, hünärmenler we gönüden göni gulluk edýän iş gärler toparlara bölünip görkezilýär. Ýolbaşçylar toparyny kärhanada ýolbaşçy wezipeleri eýeleýän işgärler (direktor, başlyk, dolandyryjy), şeýle hem olaryň gurluş birliklerindäki we bölümlerindäki orunbasarlary, baş hünärmenler (baş inžener, baş hasapçy, baş mehanik, baş ykdysatçy we ş.m.) emele getirýär. Işgärleriň bu toparynyň tapawutly aýratynlygy ýolbaş çylarda köp ugurly wezipeleri çözmek ygtyýarlygynyň bardygyndan, olaryň wezipäni goý magy, şol wezipeleri çözmegi we gözegçiligi guramagy amala aşyrýandyklaryndan ybaratdyr. Hünärmenler toparyny inženertehniki, ykdysady, buhgalterçilik, hukuk we beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek bilen meşgullanýan işgärler emele getirýär. Hünärmenlere bil dirilýän esasy talaplar – kärhananyň administrasiýasy tarapyndan goýlan funksional wezi peleri öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gowy hilli, bellenen möhletlerde ýerine ýetirmek bolup durýar. 102 Gullukçylar resminamalary taýýarlamagy we resmileşdirmegi amala aşyrýarlar, olaryň geçişine gözegçilik edýärler, gurama hojalyk taýdan hyzmat etmek we işleri ýöret mek bilen meşgullanýarlar (agentler, kassirler, iş ýöredijiler, kätipler we beýlekiler). Olaryň esa sy borjy wezipe borçlaryny, ýolbaşçylaryň hemde hünärmenleriň tabşyryk laryny takyk we doly möçberde ýerine ýetirmek bolup durýar. Esasy we kömekçi işçileriň, hünärmenleriň we işgärleriň beýleki kategoriýalarynyň ýerine ýetirýän wezipeleriniň köpdürlüligi her bir kär boýunça, her bir käriň çäklerinde bolsa hünäri we hünärlilik derejesi boýunça olara bolan islegi meýilnamalaşdyrmagy talap edýär. Kär diýip zähmet işiniň bellibir nazary bilimleri we amaly endikleri talap edýän aýratyn görnüşine, hünäri diýip käriň çäklerindäki işiň özboluşly aýratynlygy bolan we goşmaça bilimleri hemde endikleri talap edýän görnüşine düşünilýär. Meselem, slesar käriniň birnäçe hünär ugurlary bolup biler: slesar bellikleýji, slesarýygnaýjy we ş.m. Her bir käriň çäklerinde dürli hünär derejesi bolan, ýagny bu käre dürli derejede erk edip bilýän işgärler bardyr. Kärhananyň işgärleri kärhananyň esasy gaznalary we dolanyşyk serişdeleri ýaly önümçilik serişdesi bolup durýar, degişlilikde, kärhanany dolandyrmak işgärleri dolandyr magy göz öňünde tutýar. Işgärleri dolandyrmak funksional derejede hem, guramaçylyk derejesinde hem amala aşyrylyp bilner. Birinji ýagdaýda işgärleri dolandyrmak şu möhüm elementleri öz içine alýar: – kärhanada işgärler ugruny ösdürmegiň umumy strategiýasyny kesgitlemek; – işgärleriň gurluşyny we sanyny meýilnamalaşdyrmak; – işgärleri çekmek; – işgärleri seçip almak; – işgärlere baha bermek; – hünäri ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak; – wezipä geçmegi (gulluk boýunça ýokary çekilmegi) dolandyrmak; – işi gurmak we gurnamak, şol sanda işleriň mazmunyny we olary ýerine ýetirmegiň yzygiderliligini, zähmet şertlerini, zähmet haky sy ýa satyny kesgitlemek. Ikinji ýagdaýda işgärleri dolandyrmagy kärhanada işgärler bilen işlemek üçin jo gapkärçilik çekýän ähli adamlar we gulluklar amala aşyrýarlar. Işgärler bilen iş alyp bar mak çyzyklaýyn ýolbaşçylaryň, şeýle hem birnäçe funksional bölümleriň, gulluklaryň, aýryaýry hünärmenleriň we menejerleriň üstüne ýüklenýär: işgärler bölümi (müdirligi), zähmeti guramak we zähmet haky bölümi, işgärleri okatmak bölümi, işgärleri dolandyryş bölümi, işgärler boýunça direktor. Işgärleri dolandyrmagyň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde meýilnamalaşdyrmak, kärhananyň baş maksatlaryndan we önüm öndürmegiň hemde ony ýerlemegiň şertlerin den ugur alyp, şu wezipeleriň çözülmegini göz öňünde tutýar: zähmet serişdeleri babatyn da wezipeleri çözmek; işleýänleriň hakyky sanyny anyklamak; işgärleriň geldigeçerligine baha bermek we işden çykýanlaryň ýerine öz wagtynda işgär alynmagyny üpjün etmek; işçi güýjüniň ýetmezçiligi ýüze çykmazyndan öň onuň lokallaşdyrylmagyny däl, eýsem ýüze çykmagynyň ähtimal bolan wagtyny kesgitlemek we ş.m. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling