O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet48/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Işgärleriň çekilýän ugurlaryny görkeziň.
2. Kandidatlary seçip almagyň esasy tapgyrlaryny görkeziň we mazmunyny açyp görkeziň.
3. Işgärleriň çykyp gitmeginiň haýsy ugurlaryny bilýärsiňiz?
4. Işgärleriň geldi-geçerligi, koeffisiýenti nähili hasaplanýar?
 7.4.
Zähmet öndürijiligi: görkezijiler, ölçegler,
ösüş ätiýaçlyklary
Zähmet öndürijiligi – kärhananyň işiniň möhüm görkezijileriniň biri bolup, ol adam­
laryň önümçilik işiniň netijeliligini, peýdalylygyny häsiýetlendirýär. Iş wagtynyň birligin­
de öndürilen önümiň mukdary bilen kesgitlenilýän zähmet öndürijiligi zähmet serişdeleri­


110
niň peýdalanylyşynyň netijeliligine şaýatlyk edýär. Zähmet öndürijiligine tersine bolan 
görkeziji – zähmet talap edijiligi bilen, ýagny önümiň birligini öndürmek üçin sarp edilen 
iş wagty bilen hem baha berip bolar. 
Zähmet öndürijiliginiň giňden ulanylýan we ählumumy görkezijisi işlenip çykarylan 
önüm bolup durýar, ol peýdalanylýan ölçeglere baglylykda, üç usul – natural, gymmat we 
zähmet usullary bilen hasap lanyp bilner.
Iş öndürijiligi iş wagtynyň birliginde öndürilen önümiň ýa­da onuň ortaça sanaw 
sanyndaky bir işgäre bir günde, aýda, çärýekde, ýylda düşýän mukdarydyr.
Iň ýönekeý we ygtybarly usul natural usuly bolup durýar, şu usul boýunça öndürilen 
önümiň möçberi natural görnüşde ölçenilýär.
Natural ölçegler (sanlar, tonnalar, metrler), düzgün bolşy ýaly, birmeňzeş önümler 
taýýarlanylanda peýdalanylýar, olar ýönekeý we aýdyňdyr. Emma olaryň ulanylýan ugurlary 
çäklidir, sebäbi olar kärhana tarapyndan önümleriň giň nomenklaturasy taýýarlanan ýag­
daýynda dürli sarp ediş gymmatlyklaryň köplügini ölçemäge mümkinçilik bermeýär.
Gymmat usuly iş öndürijiligini gymmat manysynda öndürilen önümiň möçberiniň 
sarp edilen iş wagtyna bolan gatnaşygy hökmünde kesgitlenýändiginden ybaratdyr. Ön­
dürilen önümiň möçberi hökmünde şu görkezijiler alnyp bilner: jemi, harytlyk, kadalaýyn, 
arassa we arassa önüm, şeýle hem jemi girdeji.
Ölçemegiň zähmet usuly çykarylan önümiň möçberine kadalaşdyrylan wagt birlik­
lerinde – kadalaýyn sagatlarda baha bermäge esas lanýar. Bu usuly peýdalanmagyň zerur 
şertleri kadalaryň deň depginliligi, zähmete wagt boýunça hak tölenýän işlerde işleýän 
işçileri kadalaşdyrylmak bilen gurşap almak bolup durýar. Bu usulyň öz ýetmezçilikleri 
bardyr, Mysal üçin, kadalaýyn sagatlar peýdalanylanda zähmetiň çylşyrymlylygy we hili 
hasaba alynmaýar.
Şol bir wagtyň özünde iş ýüzünde dürli görnüşli hasaplamalarda, şol sanda zähmet 
öndürijiliginiň ýokarlanyşy hasaplananda zähmet talap edijiliginiň görkezijisi, ýagny na­
tural görnüşde önümiň birligi üçin sarp edilýän iş wagtynyň görkezijisi giňden ulanylýar. 
Zähmetiň sarp edilişiniň gurşalyp alnyş derejesine baglylykda, zähmet talap edijiligi doly, 
tehnologik we önümçilik talap edijiligi bolup biler. Önümiň doly zähmet talap edijiligi 
boýunça ähli senagat­önümçilik işgärleriniň sarp eden zähmeti, önümçilik zähmet talap 
edijiligi bo ýunça esasy we kömekçi işçileriň sarp eden zähmeti, tehnologik zäh met talap 
edijiligi boýunça – diňe esasy önümçilik işçileriniň sarp eden zähmeti hasaba alynýar.
Degişlilikde, önümiň zähmet talap edijiligi kärhanalaryň işgärleriniň has jikme­jik­
leşdirilen kategoriýalarynyň ählisi boýunça we olaryň hünär toparlary boýunça kesgitlenip 
bilner.
Kadalaýyn, meýilnamalaýyn we hakyky zähmet talap edijiligi tapawutlandyrylýar. 
Kadalaýyn zähmet talap edijiligi tehniki wagt kadalarynyň, hyzmat etmek kadalarynyň, 
işgär sanynyň we ş.m. esa synda kesgitlenýär, meýilnamalaýyn zähmet talap edijiligi kada­
laýyn zähmet talap edijiligi boýunça, ýöne meýilnamalaýyn döwürde göz öňünde tutulan, 
önümçiligiň netijeliligini we zähmet öndürijiligini ýo karlandyrmaga gönükdirilen çäreleri 
hasaba almak bilen kes git lenýär. Hakyky zähmet talap edijiligi wagtyň bellibir döwründe 
önümiň birligi üçin hakyky sarp edilýän zähmete şaýatlyk edýär we zähmet öndürijiliginiň 
görkezijisiniň aýdyň şöhlelenmesi bolup dur ýar. 


111
Zähmet öndürijiligini yzygiderli ýokarlandyrmak we netijede, önümiň birligine 
düşýän harajatlary azaltmak wezipesi ätiýaçlyklaryň ähli görnüşlerini gözlemegi we olary 
geljekde peýdalanmagy talap edýär. Şu ýagdaýda mümkinçilikler diýip ösüş faktorlaryny 
has doly peýdalanmak we kärhanada dürli görnüşdäki ýitgileri aradan aýyrmak ýoly bilen 
öndürijiligi ýokarlandyrmak mümkinçiliklerine düşünilýär. 
Zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak köp dürlüdir, olar dolandyryşyň ähli derejelerin­
de we önümçiligiň ähli bölüm lerinde mümkindir. Ähli ätiýaçlyklar şunuň ýaly toparlanma 
bölünip bilner:
1. Zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak çeşmesi boýunça:
– önümçilik serişdeleriniň peýdalanylyşyny gowulandyrmak;
– işçi güýjüniň peýdalanylyşyny gowulandyrmak.
2. Ýüze çykyş we peýdalanyş derejesi boýunça:
– zawod;
– seh;
– brigada;
– iş ýerinde.
3. Funksional gelip çykyşy boýunça:
– esasy önümçilik;
– kömekçi önümçilik;
– dolandyryş.
4. Peýdalanmagyň mümkin bolan möhletleri boýunça:
– gündelik;
– geljegi bolan.
Zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça mümkinçilikleri ýüze çykarmak 
we durmuşa geçirmek meselesi tehniki we guramaçylyk faktorlary bilen bir hatar­
da zähmetiň durmuş jähtleri bilen – işgärleriň önümçilik işiniň durmuş­ykdysady we
psiho­fiziologik şert lerini has doly hasaba almak bilen, ýakyndan baglanyşyklydyr. 
Olara şular degişlidir: zähmet we dynç alyş şertlerini gowulandyrmak, işgärleriň gel­
di­geçerligini azaltmak, iş wagtynyň önümçilik däl sarp edilmegini peseltmek, zähmet 
düzgün­nyzamynyň derejesini ýokarlandyr mak, işgärleriň başlangyjyny we döredijilik 
mümkinçiligini ösdürmek.
Zähmet öndürijiligini we tutuşlygyna alanyňda önümçiligiň netijeliligini ýokarlan­
dyrmak zähmete höwes döretmek ýörelgeleriniň has doly hasaba alynmagyny talap edýär. 
Mälim bolşy ýaly, kärhananyň işgärleriniň zähmet çekmek höwesiniň esasy görnüşi zäh­
met haky bolup durýar.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling